Ata Watan
Änew 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolar
13-14-nji oktýabrda 2023-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolan Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň hemişelik Medeniýet ministrleriniň 40-njy ýygnagy geçiriler.
TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Sait Ýusufyň bellemegine görä, ýygnaga guramany esaslandyryjy 6 ýurduň—Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagysta...
Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy «zähmet bazarynda zenanlaryň ornunyň» öwrenilendigi üçin berildi
2023-nji ýylda Alfred Nobeliň hatyrasyna Şwesiýanyň Döwlet bankynyň baýragy amerikaly gözlegçi Klaudiýa Goldine berildi. Bu barada Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň Nobel komiteti yglan etdi diýip, TASS habar berýär.
Baýrak “aýallaryň zähmet bazaryndaky ornuna düşünmekligiň kämilleşdirilendigi üçin” berildi.
Komitetiň belleýşi ýaly, ba...
Werstappen Kataryň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
“Red Bulluň” niderlandiýaly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” çempionatynyň 18-nji tapgyry bolan Kataryň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş “Lusail” halkara awtodromynda geçirildi.
Werstappen bir gün öň sprint ýaryşynyň jemi boýunça umumy sanawda möhletinden ir ýeňiş gazandy we dünýäniň üç gezek çempiony boldy. Tapgyrdaky ýeňiş onuň üçin...
“Barselonanyň” futbolçysy La Liganyň taryhynda gol geçiren iň ýaş oýunçy boldy
“Barselonanyň” hüjümçisi Lamin Ýamal Ispaniýanyň futbol çempionatynyň taryhynda goluň iň ýaş awtory boldy. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.
Dokuzynjy tapgyryň “Granada” garşy oýnunda Ýamal oýnuň birinji ýarymyna goşulan birinji minutda gol geçirdi. Oýun wagty hüjümçi 16 ýyl 2 aý 25 gün ýaşyndady. Oýun 2:2 hasabynda tamamlandy.
Öň...
Türkmen türgenleri Uşu boýunça ABŞ-da geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşarlar
8-nji oktýabrda Aşgabatda Uşu söweş sungaty boýunça Türkmenistanyň kubogy tamamlandy. Oňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden bu söweş sungatynyň iň oňat ussatlaryndan 150 töweregi türgen ýygnandy. Türkmenistan Uşu kubogynyň ýeňijileri Uşu boýunça şu ýylyň noýabrynda ABŞ-da geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşarlar diýip, Türkmenistan Habarlar Portaly...
Nädip özüňe laýyk aýakgap saýlamaly: FLO dükanynyň hünärmeni maslahat berýär
Dar aýakgap bedende gan aýlanyşygynyň bozulmagyna, dyrnaklaryň nädogry ösmegine we barmaklaryň gyşarmagyna getirip biler. Köplenç aýakgap saýlananda onuň diňe daşky görnüşinden ugur alnyp saýlanylýar. Köpler üçin onuň moda laýyk görünmegi ýeterlik. Emma aýakgap saýlamaga çynlakaý çemeleşmek zerur: nähili aýakgap geýýändigiňiz, siziň saglygyňyza täs...
A Seria-da «Jenoa» - «Milan» duşuşygynyň iki derwezebany hem gyzyl duýduryş aldy
Italiýanyň Futbol çempionatynyň sekizinji tapgyrynyň myhmançylykdaky oýnunda “Milan” 1:0 hasabynda “Jenoany” ýeňdi.
Amerikaly ýarymgoragçy Kristian Pulişiç 87-nji minutda ýeke-täk goly tora girizdi. Duşuşygyň ahyrynda iki toparyň hem derwezebanlary meýdançadan çykaryldy. Duşuşygyň dokuzynjy minudynda “Milanyň" fransuz derwezebany Maýk Menýan...
Google 7 ýylda 38 milliona golaý Pixel smartfonyny satdy
Google kompaniýasy smartfon bazarynda edil öňdebaryjylaryň hatarynda däl hem bolsa, Pixel-iň meşhurlygy kem-kemden artýar. Habar berişlerine görä, gözleg ägirdi häzire çenli bu smartfon maşgalasynyň 38 milliona golaýyny satypdyr.
Has takygy, 2016-njy ýyldan şu güne çenli 37,9 million satylypdyr. Bu juda ujypsyz görkeziji, ýöne soňky bir ýyld...
Bellingem Kriştianu Ronaldunyň «Realdaky» gol rekordyny täzeledi
Madridiň “Realynyň” ýarymgoragçysy Jud Bellingem La Liganyň 9-njy tapgyrynyň “Osasuna” bilen oýnunda goşa gol geçirdi (4:0). Munuň netijesinde iňlis futbolçysy “Real” üçin 10 başlangyç oýunda 10 pökgi geçirmegi başardy.
20 ýaşly iňlis oýunçysy bu möwsümde ähli ýaryşlarda “Real” üçin on oýunda on pökgi geçirdi we üç gezek netijeli pas berdi....
Usman Nurmagomedow Brent Primusy ýeňip, çempionlyk guşagyny gorady
8-nji oktýabra geçilýän gije San-Diýegoda (Kaliforniýa, ABŞ) Bellator 300 garyşyk söweş sungaty ýaryşy geçirilip, esasy ýaryşda ýeňil agramdaky russiýaly çempion Usman Nurmagomedow we amerikaly türgen Brent Primus duşuşdy.
Söweş bäş raundyň hemmesinde dowam etdi we eminleriň biragyzdan gelen karary bilen Nurmagomedowyň ýeňmeginde tamamlandy...
McLaren Dubaýda dünýäde iň uly awtosalonyny açdy
Britaniýanyň McLaren Automotive kompaniýasy dünýädäki satuw ulgamynda täze, iň uly söwda dellalçylyk merkezini açdy. Ol BAE-niň iň uly şäheri Dubaýda ýerleşýär. Awtoulag sergisiniň açylmagy bilen birlikde iň täze 750S superkarynyň ýerli tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Täze dellalçylyk merkezi 40 ýurtda 100-den gowrak nokady öz içine alýan satuw...
Hytaýyň Hançžou şäherinde 2023-nji ýylyň Aziýa oýunlary tamamlandy
Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilen 2023-nji ýylyň XIX Aziýa oýunlary tamamlandy.
Ýaryşyň absolýut lideri ony geçiren Hytaý boldy: ýurt 383 medal gazandy: 201 altyn, 111 kümüş we 71 bürünç. Medal sanawynda ikinji orunda Ýaponiýanyň milli ýygyndysy ýerleşdi – onuň hasabynda 188 medal bar: 52 altyn, 67 kümüş we 69 bürünç. Ýaryşyň iň gowy topar...
Keniýaly Kelwin Kiptum marafonda dünýä rekordyny täzeledi
Efiopiýaly Kelwin Kiptum Çikago marafonynda ýeňiji bolup, täze dünýä rekordyny goýdy.
23 ýaşly türgeniň görkezen netijesi 2 sagat 35 sekunt boldy. Ol 2022-nji ýylda Berlin marafonynda watandaşy Eliud Kipçogeniň goýan rekordyndan (2:01,09) hem gowy netije gazandy.
Kiptum şu ýylyň başynda London marafonynda hem 2:01,25 wagt bilen (taryh...
«Inter Maýami» MLS-iň pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiligini ýitirdi
«Inter Maýami» Liganyň adaty çempionatynyň oýnunda «Sinsinnatiden» ýeňilip, MLS-iň pleý-off tapgyryna gatnaşmak mümkinçiligini ýitirdi.
«Inter Maýaminiň» stadionynda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 0:1 hasabynda ýeňlişi bilen tamamlandy. Oýnuň ýeke-täk goluny 78-nji minutda Alwaro Barreal tora girizdi. «Sinsinnati» 68 utuk bilen MLS-iň san...
Kia täze K3 hetçbegini tanyşdyrdy
«Kia» koreý kompaniýasy «Rio» modeliniň ornuny tutjak täze «K3» hetçbegini tanyşdyrdy. Bu barada autoreview.ru habar berýär.
«Kia K3» hetçbeginiň uzynlygy 4295 mm, teker binýady 2670 mm. Awtoulagda LED faralar we çyralar, 17 dýuýmlyk teker diskleri, gara plastikden gapy bezegleri we goşa gaz çykarýan turbalar bilen enjamlaşdyryldy.
S...
Döwletjan Ýagşymyradow Maseý Rozanskini ýeňeni üçin näçe gazandy?
Oktýabr aýynyň 7-sinden 8-ine geçilýän gijede San-Hosede (Koliforniýa, ABŞ) Bellator 300 ýaryşynyň çäklerinde türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradowyň polşaly türgen Maseý ROzanskiden üstün çykandygy üçin näçe gazanandygy belli boldy.
Koliforniýanyň Atletiki komissiýasynyň maglumatlaryna görä, türkmen pälwany ABŞ-nyň 100 müň dollar mö...
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarda alnyp barylýan işleri maslahatlaşdy
9-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler ara alnyp maslah...
Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Owerçugy kabul etdi
9-njy oktýabrda Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, A.Owerçuk Russiýa Federasiýasynyň Primor...
Serdar Berdimuhamedow Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
9-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri Buýar Osmanini kabul etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany myhmany mübärekläp, bu sapara ýurdumyz bilen ÝHHG-niň, şeýle hem Demir...
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň binalaryny ýerli gurluşyk kärhanalary gurarlar
2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherinde binalaryň we desgalaryň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygy başlanar. Gurluşyk işlerini ýerli gurluşyk kärhanalary amala aşyrar. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Resminamada bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitet...
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyrdy we guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy
9-njy oktýabrda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyryp, meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara fiziolo...
Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasy gurlar
Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Desganyň gurluşyk taslamasy bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabat boýunça iş saparynyň barşynda tanyşdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, energetika desgala...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň çapuw ýodalarynda Garagum sährasynyň çägesi ulanylar
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda meýilleşdirilen döwrebaplaşdyryş işleriniň derejesi we gerimi bilen tanyşlygynyň çäklerinde çapuw ýodalaryna düşelýän örtügiň özboluşly aýratynlyklary barada aýdyp, olar üçin Garagum sährasynyň çägesini ulanmagyň möhümdigini nygtady.
...
Yslam ösüş banky Maryda, Balkanda we Lebapda onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirmegi teklip etdi
Dünýäniň abraýly maliýe düzümleriniň biri bolan Yslam ösüş banky ýurdumyzyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirmek boýunça öz tekliplerini hödürledi. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat boýunça iş saparynyň amala aşyryp, meýilleşdirilýän dürl...
Ahmet Çalyk özüne ynanylan desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi
9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli işewür Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Türk işewüri özüne ynanylan desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işleri işlenip taýýarlanylan ýörite meýilnama laýyklykda güýçli depginde alnyp barylýar.
Duşuşygyň dowamynda türkiýel...