Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler. Tölegler «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda geçirilýär. Pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygy baradaky bildiriş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda ýerleşdirildi.