29-njy iýunda Türkmenistanyň Katardaky ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Aziýa işleri boýunça müdirliginiň başlygy Al Jouhara Ýusuf Fahro bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ilçisi ýurtda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmeginiň ähmiýeti, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygymyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän halkara çäreleriň möhüm ähmiýeti barada durup geçdi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýollary, şeýle hem 2025-nji ýylyň awgust aýynda Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşjak Kataryň wekiliýetiniň düzümi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir