Tesla kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask Tesla Model Y elektrik awtoulagynyň öz-özüni ilkinji gezek müşderä gowşurandygyny habar berdi. Bu barada ol özüniň X sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda ýazdy. Tesla awtonom sürüjilik tehnologiýalaryny işjeň ösdürýär. Onuň awtoulaglarynda eýýäm awtopilot ulgamlary oturdyldy, bu awtoulagyň ýollarda ugruny özbaşdak kesgitläp bilmegine mümkinçilik berýär. Tesla awtoulaglarynda awtonom hereketlendiriji ulgamyň dürli ýol şertlerinde ygtybarlylygy, howpsuzlygy we hakyky mümkinçilikleri barada ýüze çykýan sowallar bilen bagly köplenç tankyt edilýändigini bellemelidiris.