2025-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Aktau şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) guramagynda «Türki dünýäde zenanlar we moda günleri» festiwaly geçirilýär. Festiwal baý mazmunly moda görkezilişi bilen başlady. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar. 28-29-njy iýun aralygynda geçirilen bu festiwal türki dünýäniň dürli künjeklerinden gelen, däp-dessurlara esaslanýan el işleri hem-de etnik moda boýunça iş alyp barýan öňdebaryjy ussatlary bir ýere jemledi. Çäräniň çäklerinde guralan sergiler, ussatlyk sapaklary, amaly okuwlar we moda görkezilişleri uly gyzyklanma döretdi. Aktau Amfiteatrynda geçirilen ýörite görkezilişde türki dünýäniň dürli ýurtlaryndan gatnaşan dizaýnerler milli nagyşlary döwrebap ýörelgeler bilen utgaşdyryp, ýüpekden keçä, miniatýuradan dokma sungatyna çenli uzaýan medeni temalary sahnada kolleksiýalar arkaly hödürlediler. Festiwal Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan, Wengriýa, Mongoliýa we Demirgazyk Makedoniýany hem öz içine alýan 13 ýurtdan we sebitden wekilleri özünde jemledi. Bu giň gerimli gatnaşyk Ýüpek ýolunyň medeni mirasyny moda dili bilen beýan edip, türki dünýäniň sungat taýdan güýjüni dünýä ýaýýar diýlip, TÜRKSOÝ-yň metbugat gullugy habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir