Hytaýyň Unitree kompaniýasy suw pürküji oturdylan ýangyn söndüriji robot iti döretdi
Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy suw pürküji we öz-özüni sowadyş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan B2 robot itiniň ýangyn söndüriji görnüşini hödürledi. Täze model Sindao şäherinde eýýäm synagdan geçirilýär.
Robot bilen esasy wersiýanyň arasyndaky esasy tapawut - robotyň arkasyna oturdylan suw pürküjiniň bolmagydyr. Ol sekuntda 40 litr kuwwat...
Alymlar adamlaryň ýaralarynyň haýal bitmeginiň sebäbini düşündirdiler
Ýaponiýanyň Rýukýu uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen barlagyň netijesine görä, adamyň derisiniň gaýtadan dikeliş tizligi beýleki süýdemdirijilere we gemrijilere garanyňda has haýal bolýar. Munuň sebäbi, adamlarda tüý follikulalarynyň ýitmegi we der mäzleriniň ösmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu barada geçirilen gözlegiň netijeleri «Proceed...
Ýaponiýanyň ispace-niň Resilience moduly 4 aýlyk uçuşdan soň Aýyň orbitasyna ýetdi
Ýaponiýanyň ispace kompaniýasynyň ýanwar aýynda Hakuto-R Mission 2 missiýasynyň çäginde uçurylan Resilience Aý moduly Aýyň orbitasyna üstünlikli girdi. Apparaty 5-nji iýunda Ýeriň hemrasynyň üstüne gondurmak meýilleşdirilýär diýip, işläp düzüjiler habar berdiler.
Apparat Firefly Aerospace-iň Blue Ghost amerikan moduly bilen bilelikde Falcon...
ABŞ-da Teslanyň Robotaxi haryt nyşanyny bellige almakdan ýüz öwürdiler. At juda umumy hasaplanyldy
Tesla kompaniýasynyň Robotaxi haryt nyşanyny hasaba almakdan ýüz öwürdiler. ABŞ-nyň patent gullugy bu ady juda umumy gördi we bellige almagyň talaplaryna laýyk gelmeýär diýip hasaplady.
Sürüjisiz taksi ugruny işjeň ösdürýän Tesla indi bu önüminiň tutjak ornuna täzeden garamaly bolar. Elektrik ulaglary bazaryndaky öňdebaryjy ornuna garamazdan...
Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi
Hytaýyň Baidu kompaniýasy haýwan seslerini adam diline terjime edip biljek tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi. Bu barada South China Morning Post habar berdi.
Arza 2023-nji ýylyň dekabrynda berlipdi, ýöne Hytaýyň Milli intellektual eýeçilik müdirligi ony diňe 2025-nji ýylyň 6-njy maýynda neşir etdi. Resminama laýyklykda tehnologiýa ha...
LG innowasion awtoulag displeýini hödürledi: süýnýän sensorly ekran fiziki düwmeleri emele getirýär
LG Electronics Kaliforniýada (ABŞ) geçirilen SID Display Week sergisinde awtoulaglar üçin täze displeý tehnologiýasyny tanatdy – süýnýän we fiziki düwmeleri emele getirýän OLED ekran. Bu çözgüt sensorly ekran bilen fiziki dolandyryşy utgaşdyrýar diýip, «TechRadar» neşiri habar berýär.
Displeý, takmynan, ýene 50%-e çenli uzap bilýär, 100 ppi...
Google 2035-nji ýyla çenli 3 sany täze atom elektrik stansiýasyna maýa goýmagy meýilleşdirýär
Google korporasiýasy atom energetikasy ugrundaky taslamalar bilen meşgullanýan Elementl Power amerikan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk yglan etdi. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde, Google umumy kuwwaty 1800 megawatt bolan üç sany täze atom elektrik stansiýasyna maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu stansiýalaryň 2035-nji ýyla çenli ulanyşa berilmegi göz öňünde t...
«Dünýäni üýtgetjek» Starlink Mini üçin 40 dollarlyk kiçijik router çykaryldy
SpaceX kompaniýasy ABŞ-da 40 dollarlyk kiçi ölçegli Starlink Router Mini-niň satuwyna başlady.
Bu enjam internede birikmäniň hilini ýokarlandyrmak üçin döredildi, şeýle-de öý şertlerinde Wi-Fi zolagynyň giňeldilmegine mümkinçilik berýär. Enjam Starlink Mini ulgamyna, şeýle hem Gen 3 we Gen 2 routerlere laýyk gelýär.
Ýatlatsak, geçen ý...
Ýakyn Gündogaryň ilkinji «Disneýlendi» Abu-Dabide gurlar
The Walt Disney Company Abu-Dabide tematik seýilgäh-dynç alyş merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Täze dynç alyş merkezi Disney-iň Ýakyn Gündogardaky ilkinji taslamasy bolar. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Täze dynç alyş merkezi meşhur güýmenje we dynç alyş nokady hökmünde tanalýan Ýas adasynda ýerleşer. Ýas adasy...
Uly adron kollaýderi ilkinji gezek gurşuny altyna öwürdi
Fizikler dünýäniň iň güýçli elementar bölejik tizlendirijisi bolan Uly adron kollaýderinde ilkinji gezek gurşuny altyna öwürmegi başardylar. Bu barada «Newsweek» habar berýär.
Asyrlarboýy «hrizopeýa», ýagny gurşuny altyna öwürmek mümkin däl diýip hasap edildi. Bu iki metal agram taýdan meňzeş bolsalar-da, atom derejesinde tapawutlydylar, şol...
Alymlar 3D çap usulynda aortanyň ornuny tutýan bio dokumany çap etdiler
Ýel uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary zeper ýeten bio dokumalary 3D çap usulynda döredilen bio dokuma bilen çalyşmagyň tehnologiýasyny işläp düzdüler. Synagda çap edilen aorta syçanlara üstünlikli imlpantasiýa edildi, bu bolsa adamlarda ýürek-damar kesellerini bejermekde täze mümkinçilikleri açýar.
Häzirki wagtda lukmançylykda iki çemeleşme ula...
BMW-niň girdejisi birinji çärýekde 26,4% aşaklady
BMW Group ýylyň ilkinji çärýegini 2,17 mlrd ýewro girdeji bilen tamamlady, bu bolsa 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 26,4% pesdir. Kompaniýanyň umumy girdejisi hem 7,8% peselip, 33,76 mlrd ýewro boldy.
Maliýe görkezijileri analitikleriň çaklamalaryndan pes boldy, emma beýleki bäsdeşlerinden tapawutlylykda, kompaniýa 2025-nji...
Italiýaly alymlar näsagyň demi boýunça böwrek keselini anyklamak üçin datçik döretdiler
Italiýaly fizikler we lukmanlar hassanyň goýberýän deminiň düzümi boýunça ötüşen böwrek keselini anyklap biljek arzan datçigi işläp düzdüler. Bu barada ACS Sensors žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.
Sensor çeýe elektronika we porfirinler toparyna degişli dört organiki maddanyň molekulalary goşulan PEDOT/PSS polimerine esaslanýar. Bu go...
Volkswagen Tiguan L Pro 2025 arzanladyş we ömürlik kepillik bilen satuwa çykdy
SAIC Volkswagen bilelikdäki kärhanasy 2025-nji model ýylynyň täzelenen Volkswagen Tiguan L Pro krossoweriniň satuwynyň başlandygyny habar berdi. Model güýçli hereketlendiriji, opsiýalaryň giň toplumy we ömürlik kepillik bilen elýeterlidir.
Hytaýda bu model 236,8 - 266,8 müň ýuan (takmynan 32,7 - 36,9 müň dollar) aralygyndaky bahadan hödürlen...
Audi A6 e-hybrid hödürlendi: has uly batareýa, 362 at güýji we benzinsiz 111 km ýol geçýär
Audi täze «A6 sedan» we «A6 Avant» ulaglarynyň tokdan zarýad alýan gibrid görnüşlerini tanyşdyrdy. Öňki modellere garanyňda, täze wersiýalaryň batareýasy 45% ulalyp, 20,7 kWt⋅s sygyma ýetirilipdir. Bu bolsa WLTP standartyna görä, diňe elektrik energiýasy bilen sedanda 111 km, uniwersalda bolsa 106 km ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «ITHom...
Wengriýada sönen wulkanyň üstünden syrly taýpanyň gadymy artefaktlary tapyldy
Arheologlar Günbatar Wengriýanyň Şomlo depesinden ýaşy 3400 ýyla çenli bolan alty sany seýrek metal hazynany tapdylar. Olaryň bäşisi giçki bürünç asyry döwrüne (b.e. öňki 1450–800-nji ýyllar), biri irki demir asyryna (b.e. öňki 800–450-nji ýyllar) degişlidir diýip, Arkeonews neşiri ýazýar.
Gazuw-agtaryş işleri 427 metr beýiklikdäki sönen wul...
Robert Uittakeriň Renýe de Ridder bilen söweşi UFC on ABC 9-yň esasy wakasy bolar
Orta agramda UFC-niň öňki çempiony awstraliýaly Robert Uittaker UFC on ABC 9 ýaryşynda niderlandly Renýe de Riddere garşy söweşer. Söweş 26-njy iýulda Abu-Dabide geçiriler we agşamyň esasy wakasy bolar diýip, liganyň metbugat gullugy habar berdi.
Uittaker 34 ýaşynda. Ol 26-njy oktýabrda Abu-Dabidäki UFC 308-de bolan soňky söweşinde birinji r...
Nissan Ýaponiýada 1 mlrd-lyk taslamasyny ýatyrýar. Kompaniýa ýitgiler sebäpli çykdajylaryny azaldýar
Nissan Motor kompaniýasy Ýaponiýanyň Kitakyusýu şäherinde elektrik ulaglary üçin LFP batareýalaryny öndürýän zawod gurmagy goýbolsun etdi. Taslamanyň bahasy 153,3 milliard ýena (takmynan 1,05 milliard dollar) bolmalydy diýip, Reuters belleýär.
Zawodyň 500 töweregi iş ýerini döretmegine garaşylýardy.
Gurluşygy goýbolsun etmek karary hä...
Nvidia Hytaý üçin aýratyn täze emeli aň prosessoryny döretdi
Nvidia Hytaý üçin H20 emeli aň çibiniň ýönekeýleşdirilen görnüşini taýýarlaýar. Bu barada Reuters agentligi ýagdaý bilen tanyş bolan üç çeşmä salgylanyp habar berýär. Çözgüt ABŞ tarapyndan çibiň asyl modeliniň eksportyna çäklendirme girizilenden soň kabul edildi.
Amerikan kompaniýasy Hytaýdaky esasy müşderilerine eýýäm iýul aýynda üýtgedilen...
Apple 2024-nji ýylda diňe ABŞ-da App Store-yň üsti bilen $10 mlrd gazandy
2024-nji ýylda Apple-iň diňe ABŞ-da App Store-dan gazanan girdejisi 10,1 mlrd dollara barabar boldy. Bu barada Appfigures analitiki kompaniýasyna salgylanyp, TechCrunch habar berýär. Bu kompaniýanyň programmalar dükanynyň töleg ulgamy arkaly amala aşyrylan her bir amaldan alan mukdarydyr.
ABŞ-da AppStore-yň umumy girdejisi 33,68 mlrd dollar...