Hytaýly alymlar binalar üçin «akylly deri» tehnologiýasyny işläp düzdüler, ol öýjükli aragatnaşygyň pes signally zolaklaryny aradan aýyrmaga we şol bir wagtyň özünde adamlaryň hereketini 10 santimetre çenli takyklykda yzarlamaga mümkinçilik berýär. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär. Täze oýlap tapyşy Nankindäki Günorta-Gündogar uniwersitetiniň hünärmenleri döretdiler. Ol «Distributed Integrated Sensing and Communication Metasurface» (DISACM) diýen ady aldy. Bu tehnologiýa radiotolkunlaryň yza serpikýän ugruny islegiňe görä üýtgedip bilýän «akylly gatlakdan» ybaratdyr. Munuň netijesinde binalaryň diwarlary, sütünleri we beýleki bölekleri signaly özünden geçirip, ony bütin otaga ýaýradýan we güýçlendirýän «janly tolkun» ýaly işläp başlaýar. Aragatnaşygyň hilini gowulandyrmakdan başga-da, ulgam radiolokasiýa datçiginiň wezipelerini hem ýerine ýetirýär. Ol kamerany ýa-da ýörite sensorlary ulanmazdan adamlaryň ýerleşýän ýerini anyklaýar we olaryň hereketini hasaba alýar. Işläp düzüjileriň pikirine görä, bu senagat desgalarynda we beýleki ähtimal howply zolaklarda howpsuzlygy ýokarlandyryp biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir