Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Dombranyň milli gününiň hormatyna «Нағыз қазақ – қазақ емес, нағыз қазақ - домбыра!» atly giň göwrümli respublikan çäresi badalga aldy. Paýtagtyň häkimliginiň resmi saýtynda bu medeni tutuma 10 müň töweregi mekdep okuwçysynyň hem-de saz mugallymlarynyň gatnaşandygy habar berilýär diýip, «Azertaj» ýazýar. Astanada 10 müň töweregi okuwçy dombrada saz çaldy Astanada 10 müň töweregi okuwçy dombrada saz çaldy Mugallymlaryň ýolbaşçylygynda okuwçylar paýtagtyň meşhur ýerlerinde hem-de medeni ojaklarynda bir wagtda meşhur milli saz eserini ýerine ýetirdiler.Çäräniň guramaçysy bolup, Astananyň Dolandyryş usuly merkezi çykyş etdi, onuň maksady milli sungaty wagyz etmekden, ýaş zehinleri açyp görkezmekden we halkyň baý medeni mirasyny ýaýmakdan ybaratdyr.