Aşgabat–Stambul ugry boýunça uçýan ýolagçylar Business Class hyzmatyna geçmek üçin ýörite teklipden peýdalanyp bilerler. Bu aksiýa 2026-njy ýylyň 3-nji iýulyndan 31-nji iýuly aralygynda hereket edýär. Teklibiň şertlerine laýyklykda, uçuşa 0–24 sagat galanda awiakompaniýanyň resmi web sahypasy, mobil goşundysy ýa-da howa menzilinde, Business Class-da boş orun bolan ýagdaýynda, hyzmat derejesini ýokarlandyrmak (upgrade) mümkin. Ekonom-klas petegi bolan ýolagçylar üçin Aşgabat–Stambul ugry boýunça Business Class-a geçmegiň bahasy 30 göterim arzanladyş bilen bir tarapa 314,30 ABŞ dollary bolar. Hyzmatyň adaty bahasy 449 ABŞ dollarydyr. Upgrade resmileşdirilende, başlangyç ekonom-klas peteginde görkezilen nyrh şertleri hem-de goş daşamak kadalary üýtgewsiz saklanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir