MetLife-daky gözýaşlar: Neýmar Braziliýanyň ýygyndysy bilen hoşlaşdy

Braziliýa futbolynyň iň beýik we ajaýyp oýunçylarynyň biriniň döwri tamamlandy. Ýurduň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyndan gaýdandan soň, toparyň ýyldyz hüjümçisi Neýmar özüniň milli ýygyndydaky karýerasyny resmi taýdan tamamlaýandygyny mälim etdi.
Bu beýik döwür edil 16 ýyl mundan ozal hemme zadyň başlanan ýerinde jemlendi....

Dowamy »

105 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Gara, gyzyl we altynsow: FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň finaly üçin topy görkezdi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) sosial sahypalarynda 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň final oýnunda ulanyljak «Trionda Final» resmi topunyň ilkinji suratlaryny paýlaşdy.
«Bütin dünýäniň seredýän wagty, her bir galtaşygyň ähmiýeti bar. Siziň dykgatyňyza — Trionda Final» diýlip, neşir edilen ýazgyda bellenilýär.
Gurluşy we kamera...

Dowamy »

86 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Toyota bilen Joby Aviation hyzmatdaşlykda howa taksilerini öndürýän kärhana döreder

Ýapon korporasiýasy Toyota Motor Corp. we amerikan kompaniýasy Joby Aviation ýolagçy gatnawy üçin niýetlenen, dikligine uçup-gonýan elektrik uçuş enjamlarynyň (eVTOL) tapgyrlaýyn önümçiligini taýýarlamak maksady bilen bilelikdäki kärhanany döretdi.
Bu kärhana Joby Toyota Aero Manufacturing Preparation Co. diýlip atlandyryldy we ol Kaliforniý...

Dowamy »

110 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

NASA Aýa adam äkitmäge taýyn däldigini boýun aldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Aýa adamly uçuşy guramak we ol ýerde durnukly baza gurmak üçin häzirki wagtda ýeterlik maglumatlara eýe däl. Bu barada NASA-nyň Aý bazasyny döretmek boýunça maksatnamasynyň ýolbaşçysy Karlos Garsia-Galan mälim etdi.
Onuň aýtmagyna görä, Aý, şol sanda onuň Günorta polýus sebiti baradaky bar bolan maglumatlar adaml...

Dowamy »

109 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Tailandda ýaşy 2000 ýyla barabar iki sany altyn ýüzük tapyldy

Tailanddaky Don Ýaý Thong ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar iki sany altyn ýüzük tapdy. Olar adam galyndylarynyň golaýyndan ýüze çykaryldy. Bu tapyndylaryň ýaşy 2000 ýyla barabar diýip, «The Independent» neşiri habar berýär.
Gözlegçiler ýüzükleriň birinde gadymy hindi ýazuwy bolan brahmi şriftinde ýazylan...

Dowamy »

94 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Ispaniýada bir milliondan gowrak migrant kanunylaşmak üçin arza berdi

Ispaniýada kanuny hukugy bolmazdan ýaşaýan bir milliondan gowrak migrant hökümet tarapyndan aprel aýynyň ortalarynda badalga berlen migrasiýa amnistiýasy maksatnamasynyň çäginde kanunylaşmak üçin arza berdi. Bu görkeziji, takmynan 500 müň adamy kanunylaşdyrmagy meýilleşdiren häkimiýetleriň ilkinji garaşyşyndan iki esse köpdür.
Arzalary kabul...

Dowamy »

91 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri duşuşmaga döredilen mümkinçilik...

Dowamy »

91 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Futbol boýunça DÇ-2026-nyň çärýek finalyna çykan ähli ýygyndylar belli boldy: duşuşyklaryň tertibi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykan ähli milli ýygyndylar belli boldy.
Çärýek finalyň jübütleri we duşuşyklaryň Aşgabat wagty boýunça geçiriljek senesi aşakdaky ýaly:

10-njy iýul, 01:00 – Fransiýa – Marokko;

10-njy iýul, 23:55– Belgiýa – Ispaniýa;

12-njy iýul, 0...

Dowamy »

112 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolar – ilçi

Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasynda göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar. Bu barada Ermenistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan Turkmenportal internet neşirine beren interwýusynda aýtdy.
«Ermenistan bil...

Dowamy »

78 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

«Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň ikinji sany çykdy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň ikinji sany çykdy. Žurnalyň täze sanynda türkmen taryhyna, türkmen we daşary ýurt dillerine hem-de edebiýatyna, filologiýanyň, tebigy we takyk ylymlaryň möhüm meselelerine, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda okatmagyň...

Dowamy »

99 0
Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Gazagystanyň täze Konstitusiýasy Tokaýewe gaýtadan saýlanmaga mümkinçilik berýär

Gazagystanyň 1-nji iýuldan güýje giren täze Konstitusiýasynyň düzgünleri Respublikanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew üçin bu wezipä ýene dalaşgärlik etmekde päsgel bermeýär. Bu barada Respublikanyň Konstitusion kazyýetiniň konstitusion kadalaryň resmi düşündirişi boýunça kararyna salgylanýan «ria.ru» habar berdi.
«1995-nji ýylyň Konstitusi...

Dowamy »

91 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda okeanyň durnukly ösüşi boýunça forumyň işine gatnaşdy

Hazar deňzi institutynyň direktory M.Atajanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 30-njy iýun — 3-nji iýul aralygynda Seulda geçirilen Okeanyň durnukly ösüşi boýunça başlangyjyň Ählumumy dialogynyň bäşinji mejlesine gatnaşdy.
Forumda Türkmenistan Hazar deňzini gorap saklamak boýunça esasy ekologiýa başlangyçlaryny tanyşdyrdy. Gatna...

Dowamy »

80 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Silwester Stallone 80 ýaşyny belledi

6-njy iýulda režissýor, ssenariçi we prodýuser Silwester Stalloneniň 80 ýaşy doldy. Goja artist kinodaky zähmet ýolunda 50-dan gowrak filmde surata düşdi, olaryň arasynda «Rokki» we «Rembo» ýaly nusgawy filmler tapgyry-da bar. Aktýor yhlasly zähmeti, tutanýerliligi bilen XX asyryň ahyrlarynyň iň meşhur golliwud ýyldyzlarynyň birine öwrüldi diýip, «...

Dowamy »

78 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistanly mugallymlar «Klimat gutujygy» başlangyjynyň halkara bäsleşiginde ýeňiji boldular

Türkmenistanly mugallymlar Russiýa Federasiýasynyň Maksatlaýyn gaznasynyň maliýe goldawynda «Klimat gutujygy» sebit başlangyjynyň çäklerinde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Stambuldaky sebit haby (IRH) tarapyndan guralan, klimatyň üýtgemegi mowzugy boýunça usulyýet materiallaryny taýýarlamak ugrunda mugallymlaryň arasyndaky III Halkara bäsleşi...

Dowamy »

93 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistandaky tejribelik döwründe koreýaly talyplar ýurduň dilini we medeniýetini öwrendiler

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Kanwon milli uniwersitetiniň talyplarynyň tomusky tejribeligi geçdi.
Iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ozal gol çekilen ylalaşygyň çäklerinde guralan bu sapar taraplaryň akademiki gatnaşyklary berkitmäge we ýaşlara täze dil hem-de medeni gurşawa arlaşmak üçin mümkinçilikl...

Dowamy »

86 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

BAE-niň we Türkiýäniň telekeçileri biržada 1,7 million dollardan gowrak möçberde şertnama baglaşdylar

7-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalar geçirilip, olaryň dowamynda daşary ýurtly we içerki bazarda şertnamalar baglaşyldy.
Daşary ýurt bazarynda Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler ýerli öndürijilerden arassalanan (rafinirlenen) pagta ýagyny satyn aldylar. Türkiýeli telekeçiler bolsa pagta matasyny w...

Dowamy »

83 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Szinpin tebigy betbagtçylyklara garşy göreşi güýçlendirmegi tabşyrdy

HHR-iň Başlygy Si Szinpin ýurduň sebitleriniň birgideninde tebigy betbagtçylyklara garş göreş çärelerini güýçlendirmek barada görkezme berdi. Bu barada Hytaýyň Merkezi teleýaýlymyna salgylanýan TASS ýazýar.
Hytaýyň lideri sil joşgunlarynyň öňüni almagyň hem-de ýaramaz netijelerini işjeň aradan aýyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Ol halas ediş...

Dowamy »

81 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

«Global Academy» Stambul Arel uniwersitetine okuwa kabul edişligi yglan edýär

«Global Academy» kompaniýasy Türkiýäniň Stambul Arel uniwersiteti («İstanbul Arel Üniversitesi») bilen hyzmatdaşlygy ýola goýandygyny we Türkiýede ýokary bilim almak isleýän dalaşgärlerden resminamalary kabul edip başlandygyny mälim etdi. Okuw maksatnamasy 18 — 40 ýaş aralygyndaky dalaşgärler üçin niýetlenendi we ol hem kolleji (Önlisans), hem-de b...

Dowamy »

85 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Aşgabatda Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanjakdygy yglan edildi

Aşgabatdaky Beýik Britaniýanyň ilçihanasy 2027–2028-nji okuw ýyly üçin Chevening talyp haky maksatnamasyna resminamalaryň kabul edilip başlanjakdygyny habar berdi.
Ilçihana Chevening maksatnamasynyň diňe bir Beýik Britaniýada bilim almaga döredilýän mümkinçilik bolman, eýsem umumy gymmatlyklary, dünýä derejesindäki bilimleri hem-de Birleşen...

Dowamy »

98 0
Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Bişkekde «Manas» eposynyň hindi dilindäki terjimesi bilen tanyşdyryldy

Gyrgyz halkynyň «Manas» eposyny indi hindi dilinde-de okap bolýar. Neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy Bişkekde «Manas we Mahabharata» atly siwilizasion ylmy barlaglaryň halkara merkeziniň açylyşynda boldy diýip, «MIR 24» habar berdi.
Dünýäde iň uly eposyň hindiçä terjimesiniň üstünde gyrgyz ýazyjysy Mar Baýjyýewiň hem-de tanymal hindi alymlary –...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago