Gazagystanyň 1-nji iýuldan güýje giren täze Konstitusiýasynyň düzgünleri Respublikanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew üçin bu wezipä ýene dalaşgärlik etmekde päsgel bermeýär. Bu barada Respublikanyň Konstitusion kazyýetiniň konstitusion kadalaryň resmi düşündirişi boýunça kararyna salgylanýan «ria.ru» habar berdi. «1995-nji ýylyň Konstitusiýasyna laýyklykda wezipe eýeleýän şahslar 2026-njy ýylyň Konstitusiýasy güýje girenden soňra ol wezipelere gaýtadan saýlanyp ýa-da bellenip bilerler» diýlip, kazyýetiň kararynda aýdylýar. 2022-nji ýylyň güýzünde kabul edilen konstitusion üýtgetmelerden soňra Gazagystanyň Prezidenti wezipäni ýedi ýyl möhlet bilen diňe bir gezek eýeläp bilýär. Tokaýewiň wezipe ygtyýarlylyklary 2029-njy ýylyň güýzüne çenlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir