6-njy iýulda režissýor, ssenariçi we prodýuser Silwester Stalloneniň 80 ýaşy doldy. Goja artist kinodaky zähmet ýolunda 50-dan gowrak filmde surata düşdi, olaryň arasynda «Rokki» we «Rembo» ýaly nusgawy filmler tapgyry-da bar. Aktýor yhlasly zähmeti, tutanýerliligi bilen XX asyryň ahyrlarynyň iň meşhur golliwud ýyldyzlarynyň birine öwrüldi diýip, «proficinema.com» ýazýar. Aktýoryň belli filmleriniň arasynda — «Kepjebaş» (1986), «Tango we Keş» (1989), «Gaýa münüji» (1993), «Ýumrujy» (1993), «Kazy Dredd» (1995), «Poliseýler» (1997), «Gün yşygy» (1996), «Boýun egmezekler» bar. Stallone diňe keşp döretmän, ssenarileri ýazdy, režissýorlyk we prodýuserlik bilen meşgullandy. Ol Altyn globus, Saturn, Sezar baýraklarynyň eýesidir, Rokki Balbaonyň keşbi üçin bolsa, Oskar baýragyna üç gezek dalaşgär görkezildi. Kinodan daşgary Silwester Stallone surat çekmek, telekeçilik we haýyr-sahawat işleri bilen meşgullanýar. Onuň nakgaşlyk eserleri Ýewropanyň we ABŞ-nyň muzeýlerindedir sergi galareýalarynda yzygiderli sergilenýär. Bu gün aktýor «Paramount+» studiýasynyň «Talsyň patyşasy» kriminal serialynda surata düşýär. 2023-nji ýylda «Netflix» onuň durmuşyna we döredijilik ýoluna bagyşlanan «Slaý Stallone» atly dokumental filmi döretdi.