2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykan ähli milli ýygyndylar belli boldy. Çärýek finalyň jübütleri we duşuşyklaryň Aşgabat wagty boýunça geçiriljek senesi aşakdaky ýaly: 10-njy iýul, 01:00 – Fransiýa – Marokko; 10-njy iýul, 23:55– Belgiýa – Ispaniýa; 12-njy iýul, 02:00 – Angliýa – Norwegiýa; 12-njy iýul, 06:00 – Argentina – Şweýsariýa. Dünýä çempionaty taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda üç ýurtda – ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär. Ýaryş 19-njy iýulda tamamlanar. Türkmenistanda ýaşaýan futbol janköýerleri dünýä çempionatynyň ähli duşuşyklaryna Belet striming platformasy arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.