Toyota Grand Highlander-iň we Lexus TX -iň satuwyny togtatdy we 145 müň awtoulagy yzyna çagyrdy
Toyota 20-nji iýundan başlap ABŞ-da özüniň üç hatarly täze Toyota Grand Highlander we Lexus TX kysymly awtoulaglarynyň satuwyny wagtlaýyn togtadýandygyny mälim etdi diýip, Motor1 habar berýär.
Munuň sebäbi howpsuzlyk ýassygy ulgamyndaky kemçilik bilen baglanyşyklydyr. Eger gapdal gapynyň penjiresi aşak goýberilen bolsa, sürüji tarapdaky gapd...
OpenAI täze ChatGPT-niň aň taýdan ylymlaryň doktoryndan pes bolmajakdygyny aýdýar
OpenAI 2025-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2026-njy ýylyň başynda çykjak meşhur GPT-5 dil modeliniň täze wersiýasy bilen haýran galdyrjakdygyny wada berdi. Kompaniýanyň tehniki direktory Mira Muratiniň sözlerine görä, GPT-5 belli bir işleri ýerine ýetirmekde ylymlaryň kandidaty bilen deňeçer akyl görkezer.
Murati GPT-modelleriniň ösüşini adam ösü...
Italiýada iki müň ýyl mundan ozal Wezuwiýanyň atylmagy bilen weýran bolan suwa düşülýan kenar açyldy
Italiýanyň Gerkulanum şäherinde b.e. öňki 79-njy ýylda Wezuwiýanyň atylmasy wagtynda weýran bolan suwa düşülýän kenar myhmanlar üçin açyldy. Dikeldiş işlerinden soň syýahatçylara bu sebitiň iki müň ýyl ozal nähili bolandygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän kenar deslapky durkuna gaýdyp geldi diýip, The Washington Post ýazýar.
Gerkula...
Werstappen “Formula-1-de” Ispaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
“Red Bulldan” niderlandly Maks Werstappen “Formula-1” klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň onunjy tapgyry bolan Ispaniýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy.
Ikinji bolup pellehana “Maklarenden” Lando Norris geldi, üçlügi “Mersedesden” Lýuis Hemilton jemledi. Bu Hemiltonyň möwsümde iň gowy netijesidir.
Werstappen 219 utuk bil...
WSJ: Apple we Meta emeli aň pudagynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşýar
Meta korporasiýasy bilen Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalary pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada gepleşikleri geçirdiler. Bu barada çeşmelere salgylanyp, The Wall Street Journal habar berýär.
Meta öz sanly önümlerini iPhone arkaly ýaýratmakda Apple-iň artykmaçlyklaryndan peýdalanmagy meýilleşdirýär. Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dow...
6-njy iýulda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlar kabul ediler
6-njy iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar...
Özbegistana syýahatçylyk akymy boýunça Türkmenistan ilkinji bäşlige girýär: 5 aýda 53,8 müň syýahatçy
2024-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda 2,8 million daşary ýurtly raýatlar syýahatçylyk maksady bilen Özbegistana geldi. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9,6% köp. Bu barada, Özbegistanyň statistika gullugy habar berýär.
Syýahatçylaryň sany boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary ilkinji orunlary eýeleýärler: Täjigistan (871,5 müň), Gyrgyzystan (857 müň)...
“Oguz hanyň zehinli nesilleri” II integrirlenen olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirilýär
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly mekdep okuwçylarynyň arasynda tapgyrlaýyn geçirilýän II integrirlenen olimpiadanyň 3-nji jemleýji tapgyry geçirilýär.
Düzgünnama esasynda jemleýji tapgyr Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 5 günlük...
4 ýylyňa 514 müň dollar: ABŞ-nyň iň gymmat uniwersitetleriniň ilkinji onlugy hödürlendi
Kolumbiýa uniwersiteti Amerikanyň iň gymmat ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu ýerde 4 ýyllyk okuwyň bahasy 514 müň dollara barabar.
CNBC-niň maglumatlaryna görä, amerikan uniwersitetlerinde okuwyň bahasy soňky 60 ýylda üç esse ýokarlanyp, ýylda ortaça 17,7 müň dollara ýetdi. Ýöne iň abraýly okuw edaralarynda bahala...
Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner karýerasynda 14-nji titulyny gazandy
Dünýäniň birinji raketkasy italiýaly Ýannik Sinner Germaniýanyň Halle şäherinde geçirilen ATP 500 ýaryşynyň finalynda polşaly Hubert Hurkaçdan üstün çykdy. Ýaryşyň baýrak gaznasy 2,2 mln ýewrodan geçýär.
Duşuşyk 7:6 (10:8), 7:6 (7:2) hasabynda birinji belgide ýerleşdirilen italiýalynyň peýdasyna tamamlandy. Hurkaç ýaryşda bäşinji belgi bilen...
Türkmenistanda ylmy maksatnamalary, meýilnamalary we hasabatlary hasaba almagyň Tertibi tassyklanyldy
Türkmenistanda Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Hökümet mejlisinde gol çekdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer N.Amannepesow ylmy maksatnamalary, meýilnamalary we hasab...
Gün 20 minut dowam eden güýçli M derejeli alawy çykardy
Günüň üstünde M5.8 derejeli alaw hasaba alyndy. Bu barada Amaly geofizika institutyna (FGBU "IPG") salgylanýan TASS habar berýär.
20 minut dowam eden alaw 21-nji iýunda Aşgabat wagty bilen ir sagat 04:16-da 3719 tegmiller toparynda bolup geçdi.
Ondan öň Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy...
Boeing Starliner-iň yzyna gaýdyp gelmegi näbelli möhlet bilen ýene yza süýşürildi
Boeing korporasiýasynyň iki astronawt bilen CST-100 Starliner gämisiniň orbitadan Ýere gaýdyp gelmegi näbelli möhlet bilen yza süýşürildi. Bu barada ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli edarasynyň (NASA) beýanynda aýdylýar.
Bellenilişi ýaly, NASA-nyň we Boeing-iň ýolbaşçylygy missiýany korrektirlemek kararyna geld...
NVIDIA iki günde $200 mlrd ýitirip, iň gymmat kompaniýalaryň sanawynda aşak düşdi
NVIDIA çip öndürijisiniň bazar bahasy iki günde 200 mlrd dollardan gowrak peseldi. Bu barada Bloomberg habar berýär. Netijede, kompaniýa dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň sanawynda üçünji orna düşüp, öňdebaryjylygy Microsoft bilen Apple-e berdi.
NVIDIA-nyň paýnamalary 21-nji iýunda geçirilen söwdanyň dowamynda 2,42% ($127,62 çenli) arzanla...
Huawei Apple-e jogap hökmünde Harmony Intelligence emeli aň modelini hödürledi
Huawei kompaniýasy özüniň emeli aň ulgamyny – Harmony Intelligence-i hödürledi. Ol täze HarmonyOS NEXT operasion sistemasyna giriziler. Bu barada IT Home neşiri habar berýär.
Tanyşdyrylyş Dunguanda (Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýaty) geçirilen işläp düzüjileriň konferensiýasynda – Huawei Developer Conference 2024-de boldy.
Harmo...
Pariždäki Sena derýasy Olimpiada ýaryşlary üçin ýaramsyz bolup çykdy
Pariždäki Sena derýasy onda triatlon we açyk suwda ýüzmek boýunça Olimpiýa ýaryşlaryny geçirmäge rugsat bermek üçin diýseň hapa bolup çykdy. Bu barada Frans Press agentligine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
“Senadan alnan nusgalar standartlara laýyk gelmeýär. Suwuň hili ýagyş, güýçli akym, Gün şöhlesiniň ýetmezçiligi we möwsümleýin kad...
Futbol boýunça Afrika milletleriniň kubogy yza süýşürildi
Afrika milletleriniň kubogy – 2025-iň soňky tapgyry 2025-nji ýylyň 21-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 18-nji ýanwary aralygynda Marokkoda geçiriler. Bu barada Afrikanyň Futbol Konfederasiýasynyň (CAF) resmi saýtyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
Öň, ýaryşyň 2025-nji ýylyň tomsunda geçmegine garaşylýardy.
Ýaryşyň başlangyç oýny 2...
Hytaýda smartfony kamera öwürýän aksessuar döredildi
Hytaý startapy bolan Sneaki Design islendik häzirki zaman smartfonyny professional kamera öwürmäge ukyply aksessuar bolan - SwitchLens-i hödürledi. Bu barada New Atlas neşiri ýazdy.
Enjam ýokary takyk suratlary (5592 x 3710 piksele çenli) we sekuntda 4K / 60 kadr wideo düşürmäge mümkinçilik berýän Micro Four Thirds (M43) obýektiwi we 1 dýuým...
Ýapon alymlary haýsy balyklaryň ömrüňi uzaldýandygyny anykladylar
Ýaponiýanyň Nagoýa uniwersitetiniň barlagçylary ownuk balyklary kellesi, süňkleri, iç-goşy bilen bilelikde yzygiderli iýmegiň ömrüň dowamlylygyny uzaldyp biljekdigini anykladylar.
Barlaga 35 ýaşdan 69 ýaş aralygyndaky 80 802 adam gatnaşdy. 9 ýyllyk gözegçiligiň dowamynda alymlar ölüm ýagdaýyny hasaba aldylar we synaga gatnaşyjylaryň iýýän iý...
Hytaý dünýäde iň uly Gün elektrik stansiýasyny işe girizdi
Hytaýda 3,5 GWt kuwwatly, dünýäde iň uly Midong Gün elektrik stansiýasy ulanylmaga berildi. Sinszýanyň demirgazyk-günbatarynda, Urumçiniň golaýynda ýerleşýän bu toplum 133,5 inedördül metr meýdany tutýar we 5,26 milliondan gowrak monokristally ikitaraplaýyn Gün panellerini öz içine alýar.
Taslama döwlet eýeçiligindäki China Green Electricity...