Soňky ýigrimi ýylyň dowamynda ylmy-barlag we tejribe-gurnamaçylyk işlerine (NIOKR /R&D) gönükdirilýän global çykdajylar ep-esli artdy. 2000-nji ýylda bu görkeziji 1 trillion dollardan hem az bolan bolsa, 2024-nji ýyla çenli 3 trillion dollara golaýlady. Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) maglumatlaryna esaslanyp, Visual Capitalist tarapyndan taýýarlanan infografika munuň aýdyň subutnamasydyr. Ähli görkezijiler satyn alyş ukybynyň artykmaçlygyny (PPP) nazara alyp, amerikan dollarynda hasaplanyldy. Bu reýting 2000-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli ylmy-barlag we işläp taýýarlamalara çykarylýan çykdajylaryň ortaça ýyllyk ösüş depgini iň ýokary bolan ýurtlary görkezýär: Hytaý: Ýyllyk ortaça 13,1% ösüş bilen sanawyň başyny çekýär. 24 ýylyň içinde Hytaýyň maýa goýumlary 40,8 milliard dollardan tas 786 milliard dollara çenli ösdi. Bu bolsa dünýä boýunça jemi çykdajylaryň 27%-ine deňdir. Hytaý häzirki wagtda ähli patent arzalarynyň 36%-inden gowragyna eýelik edýär we emeli aň ulgamynda dünýäde liderdir. Saud Arabystany: Ýyllyk takmynan 13% ösüş bilen ikinji orny eýeledi. Bu görkeziji ýokary girdejili ýurtlaryň arasynda iň ýokary ösüş depginidir. Müsür: Her ýyl ortaça 12% töweregi ösüş görkezmek bilen, üçünji orna çykdy. Şeýle hem Indoneziýa, Tailand we Wýetnam ýaly ýurtlarda ýokary ösüş depgini hasaba alyndy, emma olaryň umumy maýa goýumlarynyň möçberi beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende entek pesligine galýar. Bellemeli zat, ABŞ we Russiýa ösüş depgini boýunça bu sanawa girmediler (çünki olaryň ylmy binýady eýýäm öňden hem örän uludy). Muňa garamazdan, maýa goýumlarynyň umumy möçberi (absolýut bahasy) boýunça ABŞ dünýäde ikinji, Russiýa bolsa on birinji orny eýeleýär.