Indoneziýada futzal boýunça 18-nji Aziýa kubogynyň final tapgyry geçirilýär, ol 7-nji fewrala çenli dowam eder. Ýaryşyň eminler düzüminde Türkmenistanyň iki wekili bar. FIFA-nyň emini Timur Ramazanow eýýäm «C» toparçasynda toparlaýyn tapgyryň Ýaponiýanyň we Awstraliýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyna eminlik etdi. Ol Bahreýnden emin Abdulrahman Al-Doseri bilen bilelikde işledi. Duşuşyk Ýaponiýanyň ýygyndysynyň 6:2 hasabynda utmagy bilen tamamlandy. Şol toparçanyň beýleki oýnunda Özbegistanyň we Täjigistanyň ýygyndylary deňme-deň (0:0) oýnady. Ýaryşyň ikinji tapgyrynda Timur Ramazanow üçünji emin hökmünde işe çekildi. Ol «A» toparçanyň Yragyň we Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyga eminlik eder. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýene bir wekili Wadim Baratow bolsa ýaryşda eminleriň gözegçisi wezipesini ýerine ýetirýär. Ol eminlik etmegiň halkara düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik edýär we yklym birinjiliginiň oýunlarynda eminler toparlarynyň işine baha berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir