30-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy boldy. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly ösýändigi bellenilip, munuň iki ýurduň arasyndaky dialogyň ýokary derejesini görkezýändigi nygtaldy. Söhbetdeşler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň sentýabrynda Germaniýa bolan iş saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-german işewürlik forumyna gatnaşandygyny ýatlap geçdi. Şol wakanyň işewürlik gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ýardam edendigi bellenildi. Şeýle-de, 2024-nji ýylyň sentýabrynda Astanada «Merkezi Aziýa – Germaniýa» dialogynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şols bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşygynyň hem-de german işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy. Taraplar özara Ykdysadyýet günleriniň, işewürlik forumlarynyň we ykdysady sergileriň yzygiderli geçirilmeginiň netijeliligini belledi. Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň döwletara gatnaşyklary amaly taýdan ösdürmekdäki orny aýratyn bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir