Gamgyn bolma!çünki sen düýn gynanyp-gaýlyp darygyp gördüñ,saña gara shaýlyk haýry degdimi?ishiñ ugrukmady,gynananyñ bilen üstünlik gazandyñmy?ena-atañ aradan chykdy,öte gyýlanyñ bilen yzyna direlip geldimi?söwda-da chökdüñ,gaýga chümdüñ,daryganyñ bilen ýitgiler girdejä öwrüldimi? Gamgyn bolma! Sen bir bela-beter üçin gama batdyñ,gaýta esse-esse dert gazandyñ.görip-bahyllaryñ her bir sözi üçin ejir chekdiñ,sheýdibem olaryñ heshelle kakmagyna kömek etdiñ."bir ýaramaz ish ýüz beräýmesin"diýip dowla düshüp,hasrata batdyñ ýördüñ,emma ol bolmady.gury örteniñ galdy. Gamgyn bolma!gaýgy-gynanç süýji suwy sherebe,gül gozasyny türshek,bag-bossanlygy gök görermez düzlük,durmushy bolsa chydap bolmajak zyndan edip görkezer.
Gamgyn bolma
-
Bravo
14 years ago
- Bu rolyn sozleri nirden alnan.?
-
yazyr
14 years ago
- shaka buda gecher diymekchi bolyanmy.
-
Cris
14 years ago
- Hany bu sayda bir gøzegcilik edyan yokmay diyenini dp yörlerlay
-
Hydyrata
14 years ago
- Gamgyn bolma! Sen garyp bolsaň, başga biri bergä çümüp oturandyr. Sende ulag ýok bolsa, başga birinde aýak ýokdur. Bir agyrydan zeýrenýän bolsaň, özge biri ýyllarboýy düşege baglanyp ýatandyr. Sen bir jigerbendiňi ýitiren bolsaň, başga ýerde bir hadysada birnäçe perzendini elden aldyranlar bardyr.
Gamgyn bolma! Sen musulmansyň. Allanyň birligine, pygamberlere, perişdelere, ahyret gününe, ýazgydyň haýrynyň, şeriniň Alla tarapyn ýüze çykýandygyna ynanýarsyň. Bu zatlara ynam etmek bilen dünýädäki iň beýik nygmata – iman nygmatyna eýesiň.
Gamgyn bolma! Günä iş etseň, dessine toba et! Ýamanlyk etseň, dessine ötünç sora! Ýalňyşsaň, derrew düzelt! Allanyň merhemeti giň, toba gapysy elmydama açykdyr. Allanyň geçirimliligi beýikdir. Ýürekden çykan tobalar kabul edilýändir.
Gamgyn bolma! Janyňy örteme, barlygyňy çaýkama, ýüregiňi ýadatma, düşegiňi birahatlyga eýeletme we aladalara çümüp, gijäňi çirim etmän geçirme!
-
Hydyrata
14 years ago
- GÖRIPLIK ETMÄŇ!
Göriplik süňküňi dyngysyz gemirýän gurçuk ýalydyr. Göriplik süňňüňi berbat edýän ötüşen kesel mysalydyr. “Göribe rahatlyk ýokdur” diýilmeýärmi näme?! Ol mazlumyň geýmine giren zalymdyr. Guzy baganasyna çümen gurtdyr. Dostluk donuna bürenen duşmandyr. Aýtmandyrlarmy näme, Allanyň göribe daraýşynyň adyldygyna gara, görip özüni gemrip başlaýar-da, ilki bilenem özüni heläk edýär.
Beýlekilere nebsimiz agyrmazdan öň, özümize haýpymyz gelsin: görüplik etmäliň! Bu menden saňa pent bolsun! Sebäbi biz olara göriplik etmek bilen öz etimizi alada-ünji bilen iýmitlendirýäris, ganymyzy gam bilen gandyrýarys, gözlerimiziň, gabaklarymyzyň uçan ukusyny bolsa beýlekilere mugtuna paýlaýarys.
Görip gaty gyzgyn alawly peji ýakýan we soňra özi şoňa köýýän adam ýalydyr. Zäherlemek, hasrata batmak, sowulmaýan ünjülere berilmek göribiň öz rahatlygyny, owadan we ajaýyp durmuşynyň soňuna çykmak üçin özünden döredýän (gozgaýan) keselleridir. Göribiň belasy nämede – ol ýazgyda garşy gitmekçi bolýar. Ýaradanyň adyl kysmatyna nägilelik bildirýär. Dessuryň öňünde özüni edepsiz alyp barýar. Ýol eýesine garşy gidýär.
Göribiň derdi bar, haýp, onuň bu dert üçin ýalkanjak gümany ýok. Göribiň belasy bar, haýp, bu bela üçin oňa sogap berlenok. Görip soňlugy bilen bu ýyrtyk jindesinde heläk bolýança ýa-da adamlaryň ählisi Hudaýyň beren nygmatyndan boşap galýançalar, elmydama üznüksiz birahatlygyň içinde gezer.
Islendik adam bilen ylalaşyp, ýaraşyp bolar, emma görip bilen dil tapyşmak hyllalladyr. Ýogsamam, özüňize berlen nygmatlardan ýüz öwürseňiz, ukyp-zehinleriňizi peýdalanyp bilmeseňiz, ýagşy häsiýetleriňiziň soňuna çyksaňyz, mertebäňizden taýyp düşseňiz, abraýdan aýrylsaňyz... göribiň azda-kände ynjalmagy mümkin. Görip adam ini zäherli ullakan apy ýylan ýalydyr, bigünä birine neşterini sokmasa, ynjalýan däldir.
Hergiz göriplik etmäň, rysgyňyzy, ömrüňizi köýdürersiňiz! Göribiň hereketleri üçin hem birjikde dowla düşmäň, ol müň çyrpynany bilen ýazgydyňyzy üýtgedip bilmez. Almalysyny alarsyňyz, görmelisini görersiňiz. Hernäme-de bolsa, göribiň şerinden goramagy üçin Alladan pena soramak ündelen öwütleriň biridir.
-
Cwetocek
14 years ago
- hydyrata owut undewleriniz ucin kop kop sagbolun! Alla sizden razy bolsun!
-
nauk
14 years ago
- sag bol hydyr ata
-
Violet
14 years ago
- :-D :-) :-D :-) :-D :-) :-D :-) :-D ;-)
-
Goool
14 years ago
- Hydyrata sag bol agam! Yazyan teswirlen oran manyly! Siz yaly "ajayyp adamlar köpelse, durmush ajayyplashar!"
gamgyn bolma! günä iş etseň,
dessine toba et! ýamanlyk etseň,
dessine ötünç sora! ýalňyşsaň,
derrew düzelt! allanyň
merhemeti giň, toba gapysy
elmydama açykdyr. allanyň
geçirimliligi beýikdir. ýürekden
çykan tobalar kabul edilýändir.
Gaty dogry aydylan sözler
hergiz göriplik etmäň, rysgyňyzy,
ömrüňizi köýdürersiňiz! göribiň
hereketleri üçin hem birjikde
dowla düşmäň, ol müň
çyrpynany bilen ýazgydyňyzy
üýtgedip bilmez. almalysyny
alarsyňyz , görmelisini görersiňiz.
hernäme-de bolsa, göribiň
şerinden goramagy üçin alladan
pena soramak ündelen öwütleriň
biridir.
Dogry aydyañ, görüplik edip diñe öz ömrümizi köydürip bilers.
-
fistik
14 years ago
- govy mozuk ve hakyky zatlar yazlan aslynda durmuşda hiç zady alda etmeli dal bu adamyn özne zyyan .yöne gynansakda bu yagday bolonok.
-
Violet
14 years ago
- Kakoy 4udesnyy den! Kakoy 4udesnyy ya! I pesenka moya! :-)
-
Bravo
14 years ago
- Hydyr ata minnetdar!
-
poseluy
14 years ago
- Gowja boljak gowy sözler
-
Bravo
14 years ago
- Salam miss oshy! Gic yagsy! :D
-
poseluy
14 years ago
- Salam gowjamy brawojyk
-
ozik
14 years ago
- bravo salam agam! gowumy yagdaylar?
-
Bravo
14 years ago
- Ozik dayy salawmaleykim! :D kak zhizn diyilyami:P :D
-
JerenG
14 years ago
- Dogry aydyanyz Hydyrata! Allahym hich kime goterip bilmejek yukuni bermez, hemme bolyanlar hayryna bolyandyr. Durmushun ozi synag, synagdan gechmegi basharmaly.
-
NB
14 years ago
- Name ucin jereng, lovelygirl hemde jan diyip suwjyk gurleyayenlar we s.m agzalar birwagtda girenok. Eger hakykatdanam taze agza bolsalar, salam yok, tanysh bolanok, geping gutaryan yeri oyunyngy bes et.
Hemde menbala sanga degishli. Takalyngy azyrak et. Kimay sen. Kim bolangda da bildirenok. Suwjyklxgyngy azyrak et. Bolmayan bolsa agenda gecip gurleshay. Gatz gorme men dogry zady aytyan.
-
Cwetocek
14 years ago
name ucin jereng, lovelygirl
hemde jan diyip suwjyk
gurleyayenlar we s.m agzalar
birwagtda girenok. eger
hakykatdanam taze agza bolsalar,
salam yok, tanysh bolanok,
geping gutaryan yeri oyunyngy
bes et.
hemde menbala sanga degishli.
takalyngy azyrak et. kimay sen.
kim bolangda da bildirenok.
suwjyklxgyngy azyrak et.
bolmayan bolsa agenda gecip
gurleshay. gatz gorme men
dogry zady aytyan.
nb | 2010-10-12 20:09:05
nb belki lezzet alyandyrda oz ozuni aldap her hili lakamdan girip:-)
-
NB
14 years ago
- Ahmal Svet. Salam hemmelere
-
Cwetocek
14 years ago
- salam nb!
Cwetocek 14 years ago- dogry