Önümçilik tejribeligini (edara) geçen döwrümde men köplenç bir ýaşula kompýuterdäki işlerine kömekleşýärdim (näme üçindir ýaşulylar we çagalar has gowy düşünişýän). Ýaşuly 60 ýaşlarynda we öñ 1-2 edarada başlyk bolupdyr. Berýän soraglaryndanam ýaşulyñ köp zatlary bilýändigini bildirýärdi. Ýaşulyñ matematika bilen baglanyşygy diñe goşmak-aýyrmak bolsa-da menden käbir formulalary, geometriki şekilleri soraýardy. Maña zähmet kodeksindäki maddalary mysallar bilen gowy düşündirýärdi welin, "Ýa mugallym bolmasammykam?" diýdirýärdi. Ýaşuly edep tarapdanam gowy maslahatlar berýärdi.
Asyl temany ýatdan çykaryp barýas ekenigä. Ýaşuly "Maña şu monitory epläp jübüme salyp gider ýaly edip bilýäñmi?" ýaly tehnologiýa soraglaryny hem soraýardy, menem näme diyjegimi bilmän: "Belki nanotehnologiýa okaýan bolsama birazajyk pikirimä bolardy, ýöne samsung eplenýän telefona çykardy" diýen bolýardym. Bir gezeginde-de ýaşuly maña "Sen matematika, kompýuter bilýän bolsañ, şu kompýuterde syçanjygy, klawiaturany ulanman, pikirlensem ýazylar ýaly edip bilýäñmi?" diýip sorady, menem "edil menä edil bilemok, ýöne Neuralink (newrolink) şuny etjek bolup ýördää" diýdim. Hawa, göz öñüne getirip görüñ, diñe pikirlenip oýun oýnaýañ, hat ýazýañ, dizaýn etýäñ..., robotlary, kompýuterleri pikiriñ bilen dolandyryp bolýar.

Neuralink 2016-njy ýylda Elon Musk we başga-da birnäçe adam bilen bilelikde gurulan şereketdir. Neuralink enjamlary beýni bilen kompýuteri baglanyşdyrmaga kömek etýär. Beýnimiz bir zat etmäne karar berende bu maglumat bedene nerw öýjükleri (neýron) bilen geçirilýär. Her bir neýron beýleki 1000 neýron bilen baglanyşykly. Meselem hat ýazjak bolanymyzda elimizi hereket etdirmeli, nähili hereket etmelidigine hem beýni karar berýär, ol maglumat bir neýrondan beýleki bir neýrona geçen wagty himiki we elekrtrik signallary döreýär. Netijede elektrik meýdany emele gelýär. Neuralink enjamy beýniniñ ýüzüne ýerleşdirilen
1024 sany elektrodlaryñ kömegi bilen signallary alýar we herekede geçirýär. Elektrodlaryñ galyñlygy 4-6 μm (mikrometr, ýagny 1 μm = 0,000001 m). Ýagny ortaça adam saçyndan 20 esse inçe. Elektrodlary beýnä ýerleşdirmek üçin ýörite robot ulanylyar.

Neuralink-iñ gysga möhletde maksady körlük, depressiýa, yzmaz... ýaly köp hassalyklary bejermek. Uzak möhletde bolsa emeli intellektiñ (Artificial intelligence) çykaryp biljek howpynyñ öñüni almak. Sebäbi Elon Musk emeli intellektiñ bu ösüşi soñunda howp döredip biler diýip pikir etýär.

Ýakynda ýokardaky surady paýlaşypdym, ýagny emeli intellekte ençeme maglumat berseñ, özi öwrenip, netije çykaryp bilýär (ýöne suratyñ manysy bu däl). Meselem emeli intellekte internetdäki ençeme çekilen suratlary görkezseñ, soñ adam ýaly surat çekmäni öwrenýär. Ýa-da kompýuteriñ özleri islendik adamy utjak derejede küşt oýnuny öwrenip bilýär. Hem emeli intellekt adam ýaly däl, ýadanok, duýgusy ýok. Emeli intellekt adamlar üçin howp bolarmyka? Birdan öwrenen zatlaryndan netije çykaryp adamlary diñlemän başlasalar, näme etmeli bolar?
Şu ýylyñ awgust aýynyñ 29-yna Neuralink haýwanlaryñ üstünde işleýän enjamyñ tanyşdyryşyny geçirdi. Tanyşdyryşda haýwanlaryñ üstünde görkezseler hem entek bu tehnologiýa ösüş derejesinde. Şonuñ üçin tanyşdyryşyñ esasy maksady bu işler bilen gyzyklanýan dünýädäki akylly adamlary işe çagyrmakdy. Robot ýasamakda, elektronikada, biologiýada, himiýada, programmirlemede belli bir tejribesi bolanlary işe almak isleýärler. Tanyşdyryşda Neuralink şereketiniñ işgärleri soraglara-da jogap berdiler. Maña hem arasynda "Haýsy programmirleme dilini öwrensemkäm?" soragyna, şereketiñ işgärleri "Biz esasy python, c++, java dillerini ulanýas, ýöne haýsy dildigi o diýen möhüm däl, esasy meseläni çözüp bolsa boldy" diýip jogap berdiler.
Neuralink enjamynyñ nähili işleýşini has içgin okamak isleýänler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkeziniň "DD-cation" elektron gazediniñ 5-nji sanyny okap biler. Gazetden başga-da gyzykly makalalary okap bilersiñiz. Meniñ üçin ýaşlaryñ täze tehnologiýa bilen gyzyklanmalary diýseñ buýsandyryjy. Geçen ýyl 8-nji synp bir okuwçym hem "Geljekde robot bejerýän lukman boljak" diýipdi. O geljek gaty uzakda-da däl ýaly?
"Geljek hakykatdanam örän geñ bolar"
- Elon Musk
Her näçe Elon Muskyñ tanyşdyryşda käbir zatlary gaty beýgeldim aýdan bolsa-da ýa maşgala durmuşyny halamasamam, gürrüñ iş bolanda onuñ gowy zatlary başarjagyna ynanýan. Hat-da Neuralink adamlaryñ ýatlamalaryny pozup ýa akyl berip boljagyny hem aýtdy. Makalany Neuralink işgärlerinden soralan soraglaryñ biri bilen gutaraýyn:
"Neuralink bilen baglanyşykly siziñ iñ isleýän aýratynlygyñyz näme?"
Makalany iñ bolmanda pikiriñizde halansyñyz diýip umyt edýän😉.

Tehnologiýa, ZET-PRO2003 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir