Garaz bolanlar geçmişde galýar we poçti hemme zat unudylýar diýlen ýaly bolýar... ýöne dostlugyň gapdalynda täze duralga.ru diýen bir kankurent döreýär. Elbetde salyhatly Nowça hanymyz (pulyny alyp) ol saýdam reklamajyk edýär, emma bu ýagdaý biziň deweloperjana ýaranok we duralganyň üýtgeshik akuratnyja dizaýnyny gören alasamsyk ýaly saýtda her hili remonda başlaýar, näçe jaýlar ýykylyp näçe diwarlar boýalýar😁 ýöne nätjekdä palçykdan köşk döredip bolmaýşy ýaly dostlukdada WAUW diýýän üýtgeşme görünmeýär. Ýöne duralga welin assa ýuwaş adam çekip başlaýar we şol arada agzalaryny taşlap duralgaň admini bir awtobusa münýäde bir ýerigä gürüm jürüm bolýar🙂 elbetde onuň orunbasarjyklary we moderatorjyklary her biri her ýerden saýda eýe çykansyrap, saýdy üýşüp balagyna salyp çaýkaýalar... (howwa ýadymda meňem, bir mowzuk ýazypdym we mowzukda tmcell.tm web sahypasynyň adyny agzapdym, ban berildi, sebäbi özge saýdy agzapmyşym🤦😁)

Garaz ýene-de gepi gysgarak aýtsak, hemme duralgada oturan pahyrlar, paty pususyny jemläp, her biri gelen ýerine, (esasy köp halky) köneje palçykdanam bolsa saňa döneýin diýişip, dostluga dolanmaly boldular... wah şondaky Nowça bilen Alini görsediňiz, obaň agzyndaky waratada durup gelene, diýmedikmi gitmäň diýip, hakyňňňyzzzzdan şol diýip, gelen agzalara hüýküre hüýküre olary garşy alan boldular😁😁😁

(DOWAMY BAR)

Edebiýat, TrustORG tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir