Siz Blemmi, Akefal atly mahluklar, ýa-da Depegözli Sikloplar, Ýeke aýakly elhenç hem-de mähnet, iki kelleli adamlar, Möjek kelleli adamlar hakynda heý eşidip gördüňizmi? Bularyň arasynda Depegözli, Sikloplar hakynda eşitseňiz eşidensiňiz welin galanlary hakynda kän eşiden dälsiňiz!
Bu hakda ilkinji bolup grek taryhçysy Gerodot özüniň ''Taryh'' atly işinde, Pliniý hem öz taryhynda (V kitap, 8) maglumat beripdirler(1).
''Blemmi'' sözi ors sözi bolup latynça ''Blemmyae'' diýilip ýazylýar. Grekçe bolsa ''Akefaly'' (Kellesiz) diýen sözden emele gelipdir.
Afrikanyň çägindäki Müsür döwletiniň Antik we Orta asyr ýazgylarynda hem Kellesiz adamlara gabat gelmek bolýar.
Orta asyrlardan galan Kartalaryň içinde Piri Reisiň çyzan ''Dünýä Kartasynda'' kän bir belli bolmadyk Günorta Amerikanyň kartasynda Kellesiz gözleri, burny we agyzy döşde ýerleşen adamsypat mahlugyň suraty şekillendirilipdir. Ondan başga-da möjek kelleli adamyň we ýeke şahly öküziň we ş.m. elhenç ýaradylan zatlaryň suratlary şekillendirilen.
Özem ýaňky Kellesiz adam bilen Möjek kelleli adam dagyň daşlarynyň üstünde şekillendirilipdir. Bu dagyň daşyny bolsa Günorta Amerikanyň And daglary diýip hasap etsek, onda And daglarynda häzirem şol Blemmiler, möjek kelleli ýaradylan adampisint mahluklar gizlinlikde ýaşap ýörendirler. Ýa bolmasa gyzyl hamly Indeýleriň soňuna sogan eken Ýewropalylar olary hem heläkläp soňuna çykdylarmyka!?
Döwrümizde okadylýan ylym bolsa bu mahluklaryň mifdigini aýtjak bolýar. Ýöne mifleriň aňyrsynda galan hakykaty bolsa görmekden ejiz gelýän ýaly...


@Jeksparro



1. Derrett, J. Duncan M. (2002), "A Blemmya in India", Numen, 49 (2): 467, JSTOR 3270598

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir