KYTALAR
Äleme indiňmi – algy etjek bol, Bergi edip gitmek ynsana geňdir. Dünýäden işiňi bitirmän gitmek, Hammamdan ýuwunman çykana deňdir. Ýazýan adam oňarmasa kärini, Galamyny alyp döwmek lazymdyr. Başyn iki bölüp döwedi ýaly, Ýüzün syýa bilen ýuwmak lazymdyr. Ýazan zatlaryndan bir tanap işip, Elin daňyp, ilden kowmak lazymdyr. Dünýäde kän bolýar adam nejisi, Şolardan üçüsi men üçin mälim. Biri samsyk patyşa, biri husyt baý, Üçünjisi bolsa – pul söýýän alym. Sen asylly adam, Akylly adam, Deňsiz -taýsyz adam, Il üçin doglan. Seret, bary-ýogy iki setirde, Sen hakda sözledim dört sany ýalan. - ¤ - ¤ - ¤ - ¤ - ¤ - ¤ -
GAZAL
Gözýaş dökdüm – ýylgyrmadyň sen asyl. Geçdiň gitdiň – gaňrylmadyň sen asyl. Aýralyga nälet okap gygyrdym, Kän gygyrdym – öwrülmediň sen asyl. Hasratymdan külli jahan yrandy, Bir zerrelik tolgunmadyň sen asyl. Hoş sözüňe kän garaşdym, Emma hiç Meni küýsäp, sagynmadyň sen asyl. Söýgi-söýgi, sen nähili belent zat, Kaddyň büküp, egilmediň sen asyl. Ýüregime gylyç sokduň keç pelek, Mähriň berip ýylgyrmadyň sen asyl. Senden ýaňa gün görmedi Nowaýy, Senden ýaňa aýňalmadym men asyl.

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
    Goool 13 years ago
  • gowja goshgular eken :)
    Cwetocek 13 years ago
  • sagja bol oran gowy we manyly goshgylar!!!
    Nowayada gun bermendirda soygi :-)
    NB 13 years ago
  • Minnetdar. Gool
Teswir ýazmak üçin Içeri gir