Siz optimistmi ýa pessimist? Nädip pessimistlikden dynyp bolar? Dermany, formulasy zady bar bolsa aýdyň. Bizema "optimistic" atly kowshi geyjek bolyan welin, geymakam "Pessimistic" atly kowush öňümde durýar....
Geljege bolan ynam
-
menglishka
14 years ago
- ruhuñy belentde tutmaly.RUHUÑUZ TUG DEYIN BELENTDE BOLSUN!
-
MELISSA
14 years ago
- dermany bar, ol senin teman ady b.n bagly“ozune ynam” bolmaly!
-
Rahip
14 years ago
- Menä realist!
-
owreniji
14 years ago
- Sho ynam bolmasa name etmeli?
-
Ayyuzli
14 years ago
- geljegin gaygysyny edip name ucin shu gununi weyran etmeli.geljegin geljegine kepil gecip bilyan barmy? Aslynda her bir minut wajypmyka diyyan.
-
Ayyuzli
14 years ago
- bir yylyn wajyplygyny klasdan gecip bilmedik okuwcydan soramaly,
bir ayin wajyplygyny wagtyndan bir ay on cagasy bolan eneden soramaly,
bir hepdanin wajyplygny hepdelik gazet cykaryan redaktordan soramaly,
bir gunun wajyplygny tapan ishinde ishleyan we cagalarna corek eltmage mejbur ishciden soramali,
-
poseluy
14 years ago
- Gowy sözler aýýùzli
-
Ayyuzli
14 years ago
- bir sagadyn wajyplygyny bir birini gormek ucin garashyan 2 ashykdan soramaly.
Bir minudyn wajyplygyny ucardan gija galan biznesmendan soramaly.
Bir sekundyn wajyplygyny elhenc awariyadan gudrat bn sypandan soramaly.bir milisekundyn wajyplygny olimpiadada kumush medal almaly bolan sportsmendan soramaly.
-
Ayyuzli
14 years ago
- duyn---taryh.
Ertir---syr.
Bu gun---sowgatdyr!!!
Ony tashlamalyng,ozumize sowgat edeling!!!
-
Ayyuzli
14 years ago
- duyn---taryh.
Ertir---syr.
Bu gun---sowgatdyr!!!
Ony tashlamalyng,ozumize sowgat edeling!!!
-
mkn77
14 years ago
- Yesterday is history. Tommorow is mysteri. Today is gift. Thats why we say it present... ayyuzlu trkmnçesini yazdy...
-
mkn77
14 years ago
- pessimist ya da optimist sozleri dine termin,adamyn duygulary uytgap duryar $ol sebapli bir adamy optimist yada pessimist diyip bahalandyrmak kyn
-
Ayyuzli
14 years ago
- talap sheylerak-da : - )
-
NB
14 years ago
- Gowy ýatlatdyň ayyuzli.
Bir minutyňy-da yrýa etme!
Gönüläp garasaň, wagt diýmek, adamyň ömri diýmekdir. Wagt yrýa edilmekden, biderek ýele sowrulmakdan goralmaly iň möhüm zatlaryň biridir. Öz wagtyny ýaramaz işleriň, paýyş sözleriň meýmireýän giňişligine öwürmän, ony özüne we beýleki adamlara peýda getirýän ýagşy işlere gönükdirmegi başarýan kişi çyn dana hem paýhasly kişidir.
Ömrümiziň her bir minuty bize hem-de ýakynlarymyza bagta sary ýene bir ädim golaýlamaga uly mümkinçilik berýär.
Hakykatda, bir minutyň dowamynda ençeme ýagşy işleri etmäge ýetişip, munuň üçin Ýaradanyň öňünde uly sogaba, bendesiniň öňünde uly abraýa we alkyşa mynasyp bolmak mümkindir. Bir minutyň dowamynda biz durmuşa, dünýä bolan düşünjämizi kämilleşdirmäge, ençe gezek Hudaýy ýatlamaga, adamlara kömek etmäge we ş.m.-lere ýetişip bileris. Eger biz bir minuty özümiziň hem-de töweregimizdäkileriň peýdasyna ulanmagy başarsak, şol bir minut biziň sogap depderimize ýazylar.
Şu aşakdakylar biziň her birimiziň bir minutyň dowamynda hötde gelip biljek zatlarymyzdyr.
1. Bir minutyň dowamynda «al-Fatiha» süresini 7 gezek okap çykmak mümkin. Käbir teologlaryň (din alymlarynyň) hasaplamalaryna görä, Allanyň Kelamynyň birinji süresini okamak 1400-den gowrak ýagşylyk eden bilen barabardyr. Şeýlelikde, «al-Fatihany» 7 gezek okap çykan kişi, Allanyň eradasy bilen, 9 800-den gowrak ýagşylygyň sogabyny alar. Şularyň bary bir minutyň işi.
2. Bir minutyň dowamynda «al-Ihlas» (“Kul huwallah”) süresini 20 gezek okap çykmak mümkin, bu bolsa Gurhany 7 gezek okap çykan bilen deňdir. «Al-Ihlasy» her gün 20 ýola okap çykan kişi bir ýylda Gurhany dolulygyna 2400 gezek okap çykan ýaly sogap gazanar.
3. Bir minutda Gurhanyň bir sahypasyny okamak mümkin.
4. Bir minutyň dowamynda Gurhanyň gysga aýatlarynyň birini ýat tutup bolar.
5. Bir minutda 20 gezek «Lä ilähe illallah, wahdahu, lä şerika lah, lähül mülki we lähül hamd, we hüwä ala külli şeýin Kadir » jümlesini aýdyp bolýar, munuň Allanyň hakyna 8 adamy gulçulykdan azat eden ýaly sogaby bardyr.
6. Bir minutyň dowamynda «Subhan Allahi we bihamdihi» jümlesini 100 gezek aýtmak mümkin. Bu perişdeleriň tesbihidir. Allatagala bir günüň dowamynda şeýle tesbih aýdan adamyň deňiz köpürjükleriniň mukdaryça (köp sanly) ownuk günälerini bagyşlar.
7. Bir minutyň dowamynda «Subhan Allahi we bihamdihi. Subhan Allahil Azym» diýen sözleri 50 gezek gaýtalap bolýar. Al-Buharynyň we Müslimiň getirýän hadyslarynda aýdylyşyna görä, «Bu iki kelime aýtmasy ýeňil, sogaby mizan terezisinde agyr, Allaha hoş ýaraýan sözlerdir».
8. Allanyň Resuly Muhammet (saw) şeýle diýipdir: «Subhanallahi, wel-hamdü lillähi we lä illähe illallahu, wallahu Ekber » sözleriniň aýdylmagy maňa üstüne Gün nury düşýän zatlaryň ählisinden (ýagny dünýädäki zatlaryň ählisinden – awt.) gymmatlydyr» (Müslimden). Bir minutyň dowamynda bu sözleri 18 gezekdenem köpräk gaýtalamak bolýar. Bu Gudraty Güýçli Allatagala üçin iň gymmatly we söýgüli sözlerdir. Ygtybarly hadyslarda aýdylyşy ýaly, Kyýamat Gününde olar örän agramlydyr.
9. Bir minutyň dowamynda 40 gezek: «Lä hawle we lä kuwwete illä billäh» (“Bir Allahdan başga hiç kimde güýç-kuwwat ýokdur”) diýip gaýtalamak mümkin. Al-Buhary we Muslim tarapyndan toplanan hadyslarda aýdylyşyna görä, bu sözler Jennetiň hazynasydyr . Olar kynçylyklary ýeňip geçmekde we uly işleri başlamakda kömek bolar.
10. Bir minutyň dowamynda «Lä ilähe illallah» kelimesini 50 gezek gaýtalap bolar. Bu beýik sözler Allanyň birligine şaýatnamadyr, bu sözler kimiň ömründe iň soňky aýdylan söz bolsa, ol Jennete girer.
11. Bir minutyň dowamynda «Subhan Allahi we bihamdihi, adede halkihi, we rizaa nefsihi, we zinete arşihi we midäde kelimätihi » jümlesini 15 gezekden gowrak aýtmak mümkin. Muhammet (saw) Pygamberiň ygtybarly hadyslarynda aýdylyşy ýaly, bu sözler tesbih okalanlygy (Alla öwgüler) we zikr edilenligi (Allany ýatlamak) üçin berilýän sogabyň ençeme esse köpeldilen mukdaryna deňdir.
12. Bir minutyň dowamynda «Estagfirullah» diýip 100 gezekdenem köpräk gaýtalap bolar. Günälerimiziň bagyşlanmagynyň sebäbi bolan istigfaryň mynasybetlerini biziň ählimiz hem bilýändiris. Şeýle-de ol mynasyp ömür sürmek, güýç-kuwwatyň berkemegi, bela-beterlerden goralmak, ýagyş-ýagmyryň iberilmegi, rysk (rysgal) berilmegi ýaly ençeme zemini gowulyklaryň sebäbi bolup durýandyr.
13. Bir minutda göwnümize juda kiçijik zat bolup görünýän gysgajyk sözleri (mysal üçin, doga-dileg) aýtmak mümkindir. Belki, doga-dilegimiz üçin Gudraty Güýçli Allatagala bize oýumyza-hyýalymyza gelmeýän ýagşylyklaryň ýoluny açar.
14. Bir minutyň dowamynda Pygamberimize (saw) 50 gezek salawat aýtmak mümkin. Gudraty Güýçli Allatagala munuň üçin saňa 500 sahawatyny eçiler, çünki Pygamberimize (saw) aýdylan bir salawata on essesiçe sogap berler.
15. Bir minutyň dowamynda Gudraty Güýçli Allatagala tarapyndan ýeriň-gögüň ýaradylmagy barada oýlanmak mümkindir. Onsoň biz Gudraty Güýçli Allatagalanyň Öz Kitabynda – Mukaddes Gurhanda taryplanylan “Sagdyn pikirlenýän bendeleriniň (ulil elbab)” hatarynda bolarys.
16. Bir minutyň dowamynda pikir-hyýalyňda, ýüregiň bilen Gudraty Güýçli Allatagala minnetdarlyk bildirip (şükür edip), Oňa bolan söýgiňi, Ondan gorkyňy, Oňa bolan umydyňy bildirip bolar. Şunlukda biz Gudraty Güýçli Allatagala ybadat etmegiň birnäçe basgançagyny geçip bileris. Muny ýol bilen ýöräp barýan halatyňda-da, diwanda oturan wagtyň hem, düşekde ýatan çagyňda-da etmek mümkindir.
17. Bir minutyň dowamynda biziň üçin peýdaly bir kitabyň bir sahypadan gowrak ýerini okamak mümkindir.
18. Bir minutyň dowamynda telefon arkaly ýakynlaryňa jaň edip, garyndaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek mümkindir.
19. Bir minutyň dowamynda elleriňi ýokary göterip, Gudraty Güýçli Allatagala dileg-doga (mynajat) bilen ýüzlenip bolar.
20. Bir minutyň dowamynda dost-doganlarymyzyň ençemesi bilen salamlaşyp, elleşip görşüp bileris (Salamda Allanyň ady bar).
21. Bir minutyň dowamynda kimdir birini erbet iş etmekden saklap bolar.
22. Bir minutyň dowamynda kimdir birini dogry ýola salyp bolar.
23. Bir minutyň dowamynda dost-doganyňa ýagşy nesihatlar edip bolar.
24. Bir minutyň dowamynda ýagşy işlere ýardam edip bolar.
25. Bir minutyň dowamynda özüniň dostuna – doganyna öçli, gahar gazaby dyňzap duran birini köşeşdirip bolar.
26. Bir minutyň dowamynda ötüp-geçmäge päsgel berýän zady (mysal üçin, ýolda ýatan daşy) ýoldan sowup bolar.
Şunlukda, bir minutyň bähbitli zada sarp edilmegi, uzak ömrümiziň ähli wagtynyň biderek harçlanylmazlygyna ýardam eder. Ýokarda sanalyp geçilen işleriň köpüsi bizden uly güýç talap edenok. Olar üçin namaz okalandaky ýaly täretli bolmak hem hökman däl. Olary pyýada barýarkaň hem, maşyndakaň hem, kimdir birine garaşyp durkaň hem, otyrkaň, ýatyrkaň hem berjaý etmek mümkin. Hakykatdan hem, bu işler bagt, şowlulyk getirýär, aladadan (howsaladan) hem gussadan azat edýär.
Şeýle-de hemme zat babatda pikir-niýetiň arassalygyna görä baha berilýänligini hem ýatda saklamak gerek.
Iň soňunda-da... Bir minutyň dowamynda bu ýazgyda aýdylýan ýagşy işler hakynda hemişe ýatlap gezmek üçin, ýanyňda saklamak maksady bilen ýa-da dost-ýarlaryňyzyň hem öz wagtlaryny peýdaly ulanmaklary üçin bu ýazgydaky maglumatlary olara-da ýetirmek maksady bilen, munuň bir nusgasyny çykaryp almak hem mümkindir.
Iň bir ujypsyzja ýagşylygyň ähmiýetini hem birjik-de kiçeltmek bolmaz. Ýagşylygyň ýoluny salgy berýän hem ýagşylyk edýän kişi bilen deň ahbetin.
-
Jekson
14 years ago
- Dola okamadym yzy gur bolsyn eline guller bitsin
-
owreniji
14 years ago
- Sag boluň hemmäňize!
Today is Present.
Present-sowgat, şu gün. Şu günümiz, şu sagadamyz, şu minudymyz bize berlen sowgatdyr....
-
fatima
14 years ago
- wagta hokum edesin gelyarmi?
Wagta hokum edyan allaha bil bagla.
Hadysalaryn melamatyndan dynasyn gelyarmi?
Her bir hadysanyn amala asmagyny yola goyyan allaha bil bagla.
Eger-de, beyik Biribara seyle derejede bil baglasan, onda senin almajak galan bolmaz. Allaha bil bagla, sonda bar gapylar yeke-yekeden acylar.
Selam ve dua ile..
menglishka 14 years ago- öwreniji sen pessimistmi?tuweleme dushunjäña pessimiste meñzanak.beyle bolma saña gelishenok