Möý Adam-Öýe Ýol Ýok 2021(Spider Man-No Way Home)

Salam dostlar! Araňyzda Marvel Studios-yň Fantastiki kinofilmlerine gyzyklanýanlar bar bolsa gerek.Bu mowzukda men sizi täze premýera kino bilen tanyş etmekçi.

Bilşimiz ýaly Möý adamyň keşbini häzirki wagtda aktýor Tom Holland ýerine ýetirýär.Bu aktýor Marwel studýasynyň taryhyndaky 3-nji Möý adam personažydyr.Ýagny dürli ýyllarda dürliçe gahrymanlar we aktýorlar bilen oýnalandyr.

Möý adamy janlandyran 3 aktýor:
1.Toby Maguaýr
2.Endrýu Garfild
3.Tom Holland

Mundan başgada möý adamyň keşbini ýerine ýetirýän Tom Hollandyň filmlerinde kinofilm Ar alyjylar (Avengers) kinofilmi ,esasan hem Tony Stark (Demir adam) bilen baglanyşdyrylýar.Şol sebäpden hem kino örän gyzykly diýlip bahalandyrylýar.

Umuman eger siz bu kinofilmler toplumy bilen tanyş däl bolsaňyz onda Youtube kanalynda kinofilmleri yzygider tertipde görüp bilersiňiz!

Geliň esasy tema dolanalyň.Ýagny Möý adamyň täze çykjak kinosy hakda.

Egerde gören bolsaňyz-Möý adam-Öýden uzakda kinofilminiň soňunda Misterio(Kuentin Bek) Möý adamyň Piter Parkerdigini halk köpçüligine äşgär edipdi.Indi täze çykjak kinofilmde hem bize ençeme sýurprizler we gyzykly kadrlar garaşýar.

Kinofilmiň Treýleri eýýäm Youtube kanalynda çykdy,görmek isleseňiz kinonyň adyny ýazyp görüp bilersiňiz.Mälim bolşuna görä Möý adam bu filmde Misteriony öldürmekde aýyplanýar we sudlanýar.Ony hemme ýerde halk duşmany diýip yglan edýärler.Ýöne onuň dostlary Net we Emjeý oňa kömek edýäler.

Gündelik tankytlara çydam etmedik Piter Doktor Strenjden kömek soraýar.Ýagny hemmäniň öz syryny ýagny onuň möý adamdygyny ýatdan çykarar ýaly jadygöýligi edip bermegini haýyş edýär.Strenj muňa razy bolýar ,emma tejribeden soň näsazlyklar ýüze çykyp ähli dünýäler (parrarel) birigýärler.Çaklamalara görä biz bu kinofilmde 3 möý adamy hem görüp bileris .Mundan başgada treýleriň ortasynda Gök Gobliniň bombasynyň Piteriň ýanyna düşen ýerini hem görmek bolar.Mundan başgada 4 gaňyrçakly abzaly oýlap tapan Doktor Oktabiýus hem kinoda çykyş eder.

Beýleki ýowuzlar Gum Adam ,Elektro ,Wenom hem kinofilmde görünmegi mümkin.Emma bular diňeje çaklama.Ähli zada kino dolulygyna çykandan soň anyklyk giriziler

Bellik: Kinofilmiň premýerasy 16-njy dekabrda geçiriler.

Öz pikirleriňizi teswirlerde galdyrmagyňyzy haýyş edýän!

Täzelikler, SaDMaN tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir