Essalamaleykum Nexttm agzalary dostlar doganlar!!! Men ozimin Ilkinji "Owrim" atly durmushdan alynan mowzugymy sizin bilen paylashmakcy,elbetde bu mowzugy on okan agzalarymyz hem bardyr,shondada bu durmushy wakany okan adam gaytalap yene okasy gelyar we shonun ucin sizin bilen paylashmagy dogry bildim! Häzirki okajak bolýan wakalaryňyz hemmesi hakyky durmuşdan
alynan. Köp ýerleri has gorkunçly bolanlygy sebäpli gysgaldylan ýa-da
üýtgedilen. Bu zatlara ynanmak kyn, ýöne... ynanyň ynanmaň bu öz işiňiz!


2012-nji
ýyl. Tomus. Iýun aýynyň aýaklary.


Röwşen
atly sada şäher oglany Minsk şäherinde okaýardy. Onuň hatda maşgalasyda sadady,
ýagny ýaşaýyş derejeleri boyunça. Ejesi mugallym kakasy bolsa injenerdy.
Özünden uly ýeke agasy bardy, ol öz maşgalasy bilen aýry ýaşaýardy. Umuman maşgala
şadyýandy, haramlykda elleri ýokdy, öz günleri bilendi.


Bu gün
şadyýan maşgalada ýene bir şatlyk ýene bir baýram... Bu gün Röwşen ilkinji
kursyny gutaryp öýlerine dolanyp gelmelidi. Aeroportda oňa maşgalasyndan başga
dostlary hem garaşýardy, şol ýerde umuman 15 adam Röwşeniň çykaryna garaşýar.
Ilkinji bolup gören ejesiniň sesini eşidende Röwşen bagtdan ýaňa 7 gat asmana
galýar... Ejesiniň gözlerinden bagt ýaşlary gaýdýar... eje ýüregi mähriban
ogluny bagryna basýar... soňra daş töweregine seredýär we öz durmuşynda wajyp
gerekli adamlara gözi düşýär. Bu zatlary görmek her kime hem bagt dogry dämi?


Aşgabady
görüp içinden: “Ine meniň watanym... ine meniň oýüm...Allajan senden
aýyrmasyn... arassa howaňda dem almak bir zada degýär...” Öýlerine gelip
garyndaşlaryny, goňşulary bilen salamlaşýar. Her kim göýä bu gün Röwşeniň
durmuş toýy ýaly onuň daşyndady. Bu zatlara oglan garaşmandy.


Ol gün
geçýär. Ertesi irden ejesi ogluny turuzýar. Turandan soň onuň otagyna girende
onuň ýatan ýerinde az-kem gan yzlaryna gözi düşýär. Bu zatlara ejesi ünsini
sowmaýar. Bu gün kakasy ogluny begendirdi. Maşgala irdenlik nahary üşen mahaly
kakasy öz ulagyny Röwşene berjekdigini aýytdy. Sebabi onuň sürijilik
şahadatnamasy bardy. Soňky geçen 1 hepdäň içinde Röwşen ulag sürmäni öwrenýär.


2012-nji
ýyl. Tomus. Iýul aýynyň başy.


Bu gün
ir säher bilen Röwşen bir üýtgeşik keýp bilen turýar. Ejesi ogluny bazara
gerekli zatlary almak üçin ugradýar. Bazardan çykan badyna taksi saklajak bolup
duran gyza gözi düşen Röwşen deňine ýetip nädip ulagy saklandygyny hem bilmedi:


—salam,
(salgy) äkidersiňizmi?


—howa,
münüň


...ýol
boýy ulagyň yzyny görkezýän aýnadan ol gyza seredip aýdara söz tapmady. Gelmeli
ýerlerine gelenlerinde gyz pul uzatdy


               
—ýok, pul gerek däl


               
 —wi...siz meni getirdiňizä hakyňyzy alyňda indi


               
—ýok, siz düşünmediňiz, maňa bermäň... gowusy siz maňa suw beräýiň


...şu
ýerde ilkinji söýgi uçgunlary döredi.


Gyzyň
ýaşaýan ýerinde Röwşeniň dosty hem ýaşaýardy. Bu bolan wakadan soň ol dosty
Myradyň ýanyna her gün gelip başlady. Ol gyzyň adam özem Röwşen üçin gizlin
mesele ýaly görünýärdi, ol hakda bilesi gelýärdi. Ýöne gyzam şol duşuşykda
adyny hem aýtmady. Şol sebäpli oglanyň kellesinde “Ady ýok” aýdymy aýdyp
başlaýar.


               
Ahyrynda armanly galmaýar. Bir gün ahyrynda BMW gelip şol gözeliň deňinde
saklanýar. Bu sapar oglan utanjaňlyk häsiýetini göriplere tarap zyňýar:


               
—salam, (salgy) äkidersiňizmi?


               
—bolýa


...gyz
elbetde tanady, ýöne utanýardy, hemem gizlin ýylgyryş bilen otyrdy:


               
—tanadyňmy meni?


               
—gyzlardan suw sorap ýören oglany unydybam bolmaz


               
—hemme gyzlardan suw soramoga...men diňe sizden soradyma


               
—näbileýin...


               
—indi adyňyzy aýdaýyň


               
—Aýgözel


               
—men Röwşen, tanyşanyma şat


               
—menem


...bu
at oglana baky ýazy ýaly galýar. Bu sapar ýol boýy gyzyň telefon nomeryny aljak
bolýar. Ýöne bolmaýar. Bu ýagdaýdan soň oglanyň gözlegi Aýgözel atly owadan gyz
bolýar. Günleriň birinde ýene sataşýar...soň ýenede...ahyrynda oglan bilen
gyzyň arasynda giňişleýin ýagdaýda gürrüňler başlaýar. Gürrüňleri soňy söýgi
derejesine öwrülip başlaýar.


               
Aýgözeliň maşgalasy.


               
Kakasy 5 ýyl mundan ozal aradan çykan. Maşgalada diňe ejesi işleýär. Aýgözelden
başga maşgalada kiçi oglan jigisi bar. Ýaşaýyş derejeleri garyp günleri bilen


               
2012-nji ýyl. Tomus. Iýul aýlarynyň ortalary.


               
Röwşen+Aýgözel=Söýgi meselesi çözülmäniň bäri ýanydy.


               
2012-nji ýyl. Tomus. Iýul aýlarynyň aýaklary.


               
Her gün adaty boluşy ýaly ýaşalaryň arasynda telefon gürrüňleri sagatma-sagat
dowam edýärdi. Bu gije sagat 1 gutaran telefon gürrüňden soň Röwşen özüni bagtly
saýyp uka gidýär. Gije ýatyrka elhenç düýş görýär:


               
Düýşinde bir näbilli zat daşynda aýlanyp oýun edýän ýaly bolup görünýär. Onuň
öz daşyndan aýlanyp durşyna geň galýar. Ýöne bu adaty adam hem däldi, çünki
onuň ýüz keşbi her sekuntda 3 sapar üýtgäp durýar. Ýöne muňa gülki garaýar.
Ähli öwrülen ýüzler onuň tanyşlarydy we hersi bir zat diýjek bolýardylar. Soňra
bolsa: “Men Ezraýyl men seniň janyňy almana geldim” diýen elhenç sesden özi
gorkup başlady. Duran ýeri üýtgeşik jaýdy ýöne soňy görünmeýärdi. Ýaňky sesiň
çykýan ýerini asyl tapmady. “men seni öldürerin, gorkmasaň çyk meniň
öňüme...nirede sen...men seni öldirin” şular ýaly sözler bilen düşnüksiz
düşinde ylgap başlady. Özüni ele başlanda bolsa oýandy we özünde üýtgeşik
duýgularyň bardygyny aňdy. Ylgap daş çykdy, suw içdi we tutuş gije ýatmady.


Bu düýş
onuň durmuşynda ullakan yz goýdy. Dowamy indiki bölümde okap bilersiňiz.


Dowamy
bar...
Yazylan wagty 30 aprel 2013yyl
Yazan awtory:Polat
25.09.2021 17:46

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir