Dostlar!
Öýde ýörite gaplarda ýetişdirilýän otag gülleri, penjiräň önünde we otagyň peniresine ýakyn jaýyň burçunda ösdürülip ýetişdirilýän güller hemmämize mälim.
Güller bezeg hökmünde, owadanlyk nyşany hökmünde otaglarymyzy bezeýär, esasy zat onuň otagyň atmosferasyny täzelemegindedir.
--- Gadyrdanlar güllere nähili ideg etmeli ?
Öý şertlerine güllere ( aloe, roza, bägul w.s.m)
Nähili ideg etmeli ýagny pasyla görä dökünlemelimi suwarmalymy.

1. Güllere günde näçe gezek we näçerrak mukdarda suw bermeli?
2. Gülleri nämeler bilen dökünlemeli?
3. Gülleriň gaplaryndaky topraklary ýumşatmalymy we nädip?
4. Olary mydama penjiräň ýanda güne bakdyryp goýmalymy? (Gije-gündiz)
5. Güller näme sebäpden gurap bilýär?
6. Tomus pasly bilen gyş paslynda güllere ideg etmekde çäklendirmeler barmy ideg edilende suwaranda, dökünlende üytgeýän zat barmy?
Gülleri gyş aýlary hem penjiräň ýanda goýsa bolarmy sowuk täsiri ony guratmazmyka?

Araňyzda biologlar ýa güllerdrn gowy başy çykýanlar bolsa jogap ýazsanyz minnetdar bolardym maslahatynyz uçin önunden Taňryýalkasyn!

Sorag-jogap, TMCELL11 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir