32000-nji milady ýylynyň Iýun aýy...

Çar tarapda gara köýük bolup ýanyp duran öýler,, harabalyk, weýrançylyk... Gara tüsseler beýik etaž jaýlarynyň penjirelerinden çykyp al-asmana galýar...
Daşoguzdaky adamlar mähelle bolup Aşgabada bosgun-bosgun bolup gelmäge başladylar. Her gün milliondan gowrak adamlar köçämizden akýan suwlar ýaly geçişip gidýärdiler. Daglaryň başy hem şolar ýaly Adamlardan ýaňa basara ýer ýokdy... Nämemiş Deçjalyň planlary amala aşyp, höküm wagty orta çykypmyş. Adamlaram şonuň al-hilesine düşmejek bolup Mekge-Medinä, Yraga, Türkiýa tarap göçüp barýarlar. Geçmişde otuz iki müň ýyl mundan ozallar Deçjalyň geljegini we dünýä ýüzündäkilere Hudaýlyk dawwasyny etjekdigini Yslamyň pygamberi bolan Muhammet aýdyp gidipdir. Onuň sözüne asla ynanmaly däldigini hem ol öwran-öwran aýdyp gidipdir...
Yslam ynanjyndan nam-nyşan galmadygam bolsa oňa ynanýanlar gaty köplük eken...
Men bolsa bu zatlara asla ynanamokdym. Yslam dini, namaz, Deçjal pylan-pysmydan... bular bir ýalan zatlar ahyry... Şeý diýýänem welin menden erbet adam ýok, onsoň...
Hany şol Deçjalam adamlaryň yzyndan geçip gitmezmikä diýip howlymyzdan kellämi çykardym. Adamlardan ýaňa aýak-basara ýer ýokda, hakykatdanam. O görgülini lükgeleýin aýaklaryny ýere degirmän äkidip barýarlar... Edil Mekgäni togap edýänlerem bular ýaly üýşen däldirler.
Şeý diýip bulara tomaşa edip durkam, Daşoguz tarapdan erbet partlama peýda boldy. Wah näletsiňen terrorçylar ýene bir zatlar edýärler oýdýän!?
Çöllük tarapdan ala-gykylyklar, aglaşýan heleýleriň, howsala düşen garrylaryň sesleri eşidilmäge başlady.
Adamlaryň hereketleri gatalmaga başlady, ylgaşýardylar... Ine birdenem köçeler boşap galdy, mümkin olaryň yzy Garagum derýasyna ýa ýetendir, ýa ýeten däldir. Köçelerde aýak astyna düşüp ölen adamlara gözüm düşüp, gaty gynandym. Ine birhaýukdan elleri gylyçly, ok-ýaýly, galkanly, naýzaly, esgerlerimiz sowutly-zatly ala-güpürdi boluşyp gelýärdiler. Olaryň yzynda atly serkerde: ''Hemmesini ýok ediň, gylyçdan geçirim, haram zadalary, derýa gark ediň...'' Men raýatlary kowalap gelýän serkerdä gygyrdym-da: ''A-haw, bu halkda näme ýazyk bar!? Näme üçin bulary goýun sürüsi ýaly sürüp barýaň!?'' diýenimde ol: ''Bular biziň başlygymyzyň diýenini etmedik haramzadalar bular'' diýip jibirdedi. Men ondan: ''Kimaý ol beýle meşhur başlyk!?'' diýip sowal berenimde: ol ''Deçjal'' diýip atynyň tanapyny çekip duran ýerinden jogap berdi. Bu serkerde: ''A sen ol hakda eşitdiňmi!?'' Men güldim-de: ''Heh Yslam dininiň arasynda önüp-ösüp, heýem olaň patarrakyly ertekilerindäki eýmenç Deçjaly tanamazlyk mümkinmikä!?'' diýdim... Ol serkerde dergazap bolup, adyndan düşdi-de gylyjyny syýryp: ''Sen näme diýdiň, gaýtala entek'' diýip äpeý ädimleri bilen tüňňerilip üstüme gaýtdy. Menem ylgap öýe girdim-de tamymyzda asylgy duran gylyja ýapyşdym... Gylyjy gynyndan çykaryp süssenekläp gelýän serkerdäniň ýazzy garnyndan ýalaw gylyjy geçirip janyny ýokladym... Soň men onuň jesedini süýräp barýarkam, onuň eliniň aýasyndaky göz çekilen tatirowka gözüm düşdi...
Ine birdenem ýer sarsyp, gün tutuldy, şagalaňly-sazly zatly, şowhun eşidilip başlandy. Meň başym aýlanyp, eýläk-beýläk entereklän ýaly boldum.
Ine bir seretsem äpet dört sany toýnakly jandaryň uzyn aýaklary sütün ýaly ýer sarsdyryp ýöräp barýardy. Munuň äpet zatdygyny görüp ýüregim agzymdan çykmady, takga-da gorkyma janym çykman, ziňkilläp gidiberipdirin ''Eý-hoo, bu nähili jandarka!? Allajanlarym'' diýenimi duýman galyberipdirin. Bular ýaly mähnet ýer sarsdyryp ýöreýän jandary birinji sapar görýärin... Şeýdip onuň dik ýokarsyna, boýuna hopugyp-hopugyp seretdim. Bu jandaryň üstünde äpet boýy asmana diräp duran mähnet adam otyrdy. Jandaryň toýnaklary ýerdäki jaýlar, otaglar diýmän ýumuryp, mynjyradyp barýardy. Sarsgyn azaldy, ýaňky äpet dagdan geçip barýarka has hem gowy göründi. Düýşümmi-huşummy, bilip bilmän, gözlerime integem ynanamokdym. Size ýalan maňa çyn, ýaňky äpet jandar iki ädim ädende Köpetdagyň üstünden ätdi-de ötägidiberdi.
Hälki howsala düşüp ylgap geçip-giden görgüliler, şundan gaçyp barýan bolara çemeli...
Harabalaryň arasyndan deprek-sazly, aýdymly, şowhunly sesler myg berýärdi. Edil baýramçylyk gidip duran ýaly-da...
Hakykatdanam hiç zat bolmadyk ýaly adamlar şatlanyşyp, göwnibir boluşyp gelýärdiler. Men olaryň öňünden çykyp: ''Adamlar, maňa bu zatlary düşündirip berjegiňiz barmy, kim ýaňky äpet geçip giden zat!? Ilki adamlar bir zatdan gorkan ýaly haýdaşyp geçip gitdiler, yzyndan goşunlar, oň yzyndan äpet jandarly mähnet adam, oň yzyndanam siz barýarsyňyz!? Bu nämäniň alamaty adamlar!?''
Tans edip duran owadan zenanlaryň biri gözlerini oýnadyp: ''Ol biziň beýik Hudaýymyz, Hudaýymyz ýer ýüzüne jebir-sütemi, zorlugy aýyrmaga, hemmämizi jennete salmaga gelipdir. Gel senem bize goşul!?'' Men gökden inen ýaly olaryň yzyna düşüberdim... Töwereklerden bolsa ahy-nalalar, çagajyklaryň haýkyrýan, janymy alyp gelýän, gynandyryjy seslerinden ýaňa, gulaklarymy ýapdym... Şol wagty meň golumdan biri çekip aldy-da: ''Yzyma düş'' diýdi... Kellesi kapşonkaly bu nätanyş ýigidiň yzyna düşüp başladym. Belkäm soraglaryma anyk jogaby şundan alaryn... Ol köne harabalykdaky ýykan-ýumran bolan jaýlaryň arasyna girip, gitdi... Men onuň yzyna düşüp barýaryn... Ol ädimlerini togtatdy-da maňa öwrülip, bir gapyny açyp eli bilen mürähet etdi. Bu gapynyň aňyrsynda kimiň barlygy meni birahat edýärdi. Men ýuwaş ädimlerim bilen köne gapa golaýlap, içerik çalaja kellämi soksam, gözlerime ynanmadym. Otagyň içinde köne sekiniň üstünde meniň musulman daýym Hoja molla oturan eken... Daýym meniň dine ynanmaýandygyma garamazdan, gaty dindar adamdy. Birnäçe ýyl mundan ozal ol ''Adamlar, Deçjal gelýär, Kybla tarap göç taýynlygyny görüberiň'' diýýärdi welin, onuň aýdanlary dogry bolup çykypdy... Men onuň bilen saglyk-amanlyk soraşanymdan soň, ol meň öňüme köne bir kitaby goýdy. Men ol kitaby açyp okamaga başladym... Kitapda Deçjalyň, geljekdigini nygtaýan Muhammediň aýdan sözleri ýazylgy-dy... Soňra Isa pygamberiň geljekdigi, Deçjalyň soňuna sogan ekjekdigi hakynda ýazylgydy... Soňunda hem Dünýä ýüzüniň Yslam dinine ýöneljekdigi hakynda ýazgylar bardy...
Men kitabyň sahypalaryny agtaryşdyryp, daýyma mölerip seretdim... Daýym hemişekisi ýaly teswisini sanap otyrdy... Ol ykjam ornaşyp, gözlerini gözlerimden aýyrman:
- Ýegenim, beýdip, gören-eşiden mähelläň yzyna düşüp gider ýaly aklyňdan azaşdyňmy, sen!? Bu näme etdigiň boldugy... Özüň-ä dine,'' Allaha ynanamok, men ynançsyz'' diýip möňňürip ýöreniň düýndi welin, bu gün kapyr Deçjalyň şowhunynyň yzyna düşüberdiň-le, ne döwç aldy saňa!?
- Daýy, men, men...
- Kes sesiňi, itogly, bahanaňam ''Nämäň nämedigini bilemok'' diýmekdir... Men näçe sapar aýtdym saňa, näçe sapar düşündirdim... Edeňoga meň diýenimi köpeýden bolmuş...
- Daýy, näme diýseňem seňki dogry, men samsyklyk edipdirin...
- Meňki dogry bolýan bolsa, häziriň özünde kybla tarap gitdänim, Şam-şerip ýurduna sowul... Şol ýerde Isa pyhammer bilen musulmanlar ýygyny bolmaly. Ana şol Isa pyhammeriň huzuryna barda meň adymdan salam ýolla...Meň bu ýerdedigimi hem aýt. Özleriniň arasyna almagyny haýyş etdi diýip aýdarsyň.... Ýolda-yzda Deçjalyň deýýus esgerlerindenem seresap bol...
Ol sözüni gutarmanka yzyma öwrülip çykyp gitmekçi boldum, emma ol:
- Dur, intek niräk barýaň tüňňerilip, meň aýtjaklarymy soňuna çenli diňle... Ine şu çüflenen duzly düwünçegi al! Bilip bolmaz ýolda -yzda elhenç jynlar hem gabat geliberer. Şol mähnet Deçjal çykany bäri al-arwahlar, jynlaram köpeliberipdir, ýegen!!!
- Men daýymyň tabşyryklaryny diňläp onuň aýdanlaryny bitirjekdigime söz berip çykyp gitdim....



(dowamy bar)


@Jeksparro

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir