Ilon Maska kim nähili garaýar bilmedim emma,men öz şahsy pikrimi aýtamaly bolsam,Ilon Mask dünýäni dolandyrýan adamlaryň golastyndaky işgäri.Olaryň tur-otur,kersen getir-çaý gaýnadýançysy(Göçme manyda).
Telewidiniýe arkaly onuň raketalarynyň ýere gaçýanlygy hakynda eşidipdim.Ýalňyşmasam 2-3 gezek boldy şol ýagdaý.Näme,Ilon Mask fizikadan baş çykarmaýan inžinerleri alýarmy işe?
Raketa ýasamak diýmek,maşynyň bolduny çalşan ýaly ýeňil iş däl.Oňa millionlarça çykdaýjy çykarylýar.Bir raketanyň ýere gaçmagy ýa-da partlamagy millionlarça dollaryň howa uçdy diýilmegi.
Aslynda,Ilon Mask hiç hili reketa uçurmaýar,bize görkezilýän zatlaryň bary montaž.Partlan ýa-da gaçdy diýilýän raketalaryň pullary, uly hojaýynlaryň hasabyna baryp düşýän bolsa-da bilmedim.
Gysgaça aýdanda bu ýerde bir oýun gidip dur.Oýunyň netijesinde bolsa Ilon Mask bara baýap barýar.

Eger-de Marsa adamlary uçurup alyp gidenlerinde-de,men ýerde galmagy saýlardym.Ýer ýaşamak üçin iň howupsyz ýer.Ýerde ýaşap bolonokmy,onda adamlaryň ýaşaýşy tamam diýleni.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir