Adam bolmak.
Bize çagalykdan şeýle öwretdiler ,,olar haýwan, biz adam. Biz olardan tapawutly". Emma nädip adam bolunýandygny öwretmediler. Biz häzirki wagtda robotdyr, haýwanlara öwrülip barýas.
Haýwany sypatlarymyz:
Uklaýarkak haýwandyrys, haýwanlaram uklaýar.
Bir zat iýip-içkärkäk haýwandyrys, haýwanlaram iýip içýär.
Uruşýarkak haýwandyrys.
Jynsy gatnaşykdakagam şol, birine kömek etsegem, sebäbi haýwanlaram biribirlerne kömek edýär. Oýnaýarkagam haýwandyrys...
Robot sypatlarymyz:
Bir düwmäni basanymuzda biz robotdyrys, kompyuterdir telefonlary ulananmyzda, telewizor gørenimizde ş.m tehnologik işlerde biz robotdyrys.
Onda biziň adamçylyk sypatlarymyz näme?
Beýnimizde dörän sazy notalara geçirip, komposiziya edenimizde biz adamdyrys.
Daşy we agajy ýonup heýkel ýasasak adamdyrys.
Agaç ekip bag döretsek adamdyrys.
Haly dokasak, adamdyrys.
Goşgydyr eser ýazsak adamdyrys.
Sebäbi adam pikirlerini reallyga geçirip bilýän ýeketäk jandardyr...

Täzelikler, Khanture tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir