Talyplaryn mahriban agzalary ahlinize gich yagshy! Bilshiniz yaly "Yazgyt yok" diyip bir giden agzalaryn gaharyny getirip gezenimi kopler bilyandir. Bu meselede meni goldanam boldy, ustumden gulenem. Hat-da men bilen gyrlyshan agzalar hem boldy. Pikirlenyan welin yazgyt bar, yone yene pikirlenyan welin eyyam yazgyt yok bolyar. Bizin akylymyz diysen pesdigini shundan hem bilse boljak eken, sebabi ikisine-de subutnama bar. Dowamy teswirlerde
Prosta pikirler #2
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Yazgydyn bardygyna subutnama palchylar. Bular menin durmushymda geljekde name boljagyny onunden bilyar, yone nadip? On name etdim, geljekde name etjek bolyan, we name boljagyny onunden aydyp bilyarler, nadip?
15.07.2021, 1:52
-
Khanture
3 years ago
- Men bir şahsy gipotezamy teoriýamy orta ataýyn. Onuň ady ,,Hemmesi dogry". Täsin gerek?
Aýdaly bir ateist bar, ol olumden soňky ýaşaýşa ynananok. Ol ölýär hemme zat tamam, we bir musulmanam bar. Ol ölensoň jennede barýar, ýaňky ateistiň dowzaha äkidilşini görýär. Ol hristian dostunyň hem dowzahdadygny bilýär. Hristian dosty hem hristian dinine ynanýar. Olam ölýärde musulman bilen ateitiň dowzahdadygny bilýär... Garaz diýjek bolýanym her kimiň ynanjy öz çäginde, dünýesinde dogry...
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Yoklugyna subutnama bolsa shol bir wagtyn ozunde erk-erade bilen yazgyt bolup bilmeyar. Yagny, yazgyt bar bolanlygynda erk erade nireden gelip chykyar? Yazgyt — bu Allatagalanyn adam entek dogulmaka nahili yashap gechjekdigini manlayyna yazyp goymagy. Muny alternative dernesen mumkin dal zatlar, eger on yazylyp goylan zat bolsa erk erade yok bolyar, dine yazgyt esasynda hereket edyaris. Ya bolmasa erk bar-da yazgyt yok, ikisi shol bir wagtyn ozunde bolmaga haky yok.
1:59
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Tasin welin, öñ yazylyp goylan zada ateistin gunasi name?
2:07
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Entek ol dogulmanka ahli zady onun manlayyna Allatagala yazyar diyilyar, diymek, ateist entek dogulmanka Allatagala onun manlayyna ateistligi yazyar we dowzaha zynyar. Na derejede manyly?!
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Gechen yyl 5 yyllyk etdik. (Biz gullukdakak bir oglan klasdashymyz ozuni asyp olyar). Yyllykda mekdepde mugallymlaryn kopusine aylanylyar, hersi her zat diyyar, shonda shol oglanyn yolbashchysy (ol oglan A klas, biz bolsa B klas) shey diydi: Hawa, oglanlar, gyzlar, ilki bilen ahlinize salam, tuweleme, eyyam okuwy dynanynyza 5 yyl bolupdyr, her kim her ishin bashyny tutupdyr, kopiniz mashgalaly, chagaly-chugaly, aranyzdan ir giden Muhammetazadyn hem yatan yeri yagty bolsun, jayy Jennetden bolson! Yazgytdyr-da, manlaya yazylandyr shondan gitmek — diyipdi. Allan beren omruni yashamaly, ahli zady Alla yazyar, ondan gachyp gutulma yok — diyipdi.
-
Khanture
3 years ago
- Ahmet parallel älemler teoriýasy diýip eşidipmidiň. Sen ýolda gidip barýarkaň iki sany ýol çykýa. Sen sagada, çepede hereket edýärsiň. Ýagny aýdaly sen bu älemde saga gitmäni saýlasaň başga älemde sen çepe gitmegi saýlaýaň. Aslynda iki älemdäkem sen geçmişiňiz bir, geljegiňiz başga-başga. Alla bize millionlap ýazgyt ýazýar we hemmesem dürli-dümen parallel älemlerde bolup geçýär. Hat-da başga bir älemde @Panturkist agza bäş wagt namazly arassa musulman...
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Ozem garry mugallym shol, garry mugallym shey diyyan bolsa beylekilerden geñem gormeli dal — diyip pikirlenipdim. Diymek, mugallymyn aydyshyndan chen tutsak, yanky klasdashymyzyn ozuni yup bilen asyp olmegi Alla onun manlayyna dogulmaka yazypdyr we dowzaha atyar na derejede manyly?!
-
Khanture
3 years ago
- Ýa-da başga bir älemde men togalak ýerçi :))))
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Parallel alemler bar diyip ynanyan-da onda sen?
2:26
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Fantastic zatlaram bolsa parallel aleme menem ynanmanam duramok. Ynanasymam gelenok, mejbury ynanmaly bolyar...
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Blogym, teswirlerim, prosta pikirler...
2:29
-
Khanture
3 years ago
- Parallel alemler bar diyip ynanyan-da onda sen?
2:26
ynanmak hiç. Bolup biler diýýän. Ýöne parallel bir älemiň döremegi 50-50 yagdayda bolyar.
-
Khanture
3 years ago
- 50-50 diyyanim bir zadyň bolma ahtimallygy 50% bolanda bolya. Aydaly men bir zady ashak oklasam ol hokman ashak gachar 100% ahtimallyk bilen. Ol 0% ahtimallykda yokaryk ucup gider. beyle yagdayda parallel alem bolmaz. Hokman 50-50 bolmaly
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Khanture, yanky kitabyn linkini bilyan bolsan pochtama ugradyp beray kyn gormesen?!
-
Khanture
3 years ago
- Parallel alemler teoriyasyny dogry diyip alsak erk-erade hem yazgyt hem bolup bilyar bir bada.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Onda senin tekiz yerchi bolmagyn, men bolsa yazgyda akyl yetirjek bolup yetirip bilmeyshim, entek yumurtgadan chykmakam yazylanmy?
-
Khanture
3 years ago
- Onda senin tekiz yerchi bolmagyn, men bolsa yazgyda akyl yetirjek bolup yetirip bilmeyshim, entek yumurtgadan chykmakam yazylanmy?
HOWWA
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Pikirlenyan welin, erkeklerin ahlisi spermatezoidlerin "Hudaylary", sebabi olar ony yaratdylar, bir erkek adam her minutda 50 mun sany spermatezoidi yaradyar, jynsy gatnashyk wagtynda bolsa yatga yuz millionlarcha spermatezoidleri akdyryar. Sholaryn dine birine jan giryar. Galany olyar. Galan spermatezoidlere yashamaklyk olaryn manlayyna yazylmadykmyka?!
-
DonMaxx
3 years ago
- sperma gecdinizmi inni)))
-
Ahmedik_97
3 years ago
- "Howwa" diyyan oza, onda ateistin ateist boljagyny ol entek kakasynyn yumurtgasyndan akmaka Allatagala onun manlayyna yazypdyr, sonam gunani ol bendan ustune atyp dowzaha dykyar. Bir hili tersrak gelyan zatlar bar...
-
Khanture
3 years ago
- Hemmamiz birimiz ucin, birimiz hemmamiz ucin
mushketyorlaryng shygary yada dushdi
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Donmax, meselani chozmek uchin bashdan bashlamaly, bashdan bashlajak bolsak biz kimdir biriniñ spermasy. Dine men dal, shol sanda ahlimiz...
-
Khanture
3 years ago
- "Howwa" diyyan oza, onda ateistin ateist boljagyny ol entek kakasynyn yumurtgasyndan akmaka Allatagala onun manlayyna yazypdyr, sonam gunani ol bendan ustune atyp dowzaha dykyar. Bir hili tersrak gelyan zatlar bar...
Parallel alemler teoriyasy boyuncha pikir yoretsek. Ol ateistligi ozi saylayar oz erki bilen... Bashga alemde musulmanlygy saylayshy yaly.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Onsanam, dunya derejesinde alsak jynsy gatnashyk dine chaga dogurmak, kopelmek uchin ulanylanok. Spermany boshatmak, iki taraplayyn orgazm almak uchil ulanylyar. Aydaly bir mashgala chaga dogurmak uchin ortacha 10 sapar jynsy gatnashyk gechirse, galan ahlisi orgazm uchin. Indi sorag, orgazm etmek gunami?
-
Khanture
3 years ago
- Indi sorag, orgazm etmek gunami?
Yok guna dal. Bu gatnashyklary guychlendiryar.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Orta hasap bilen alsak adamlaryn 40%-i mumkinchilik bolsa her gun 2-3 gezek, bolmasa hepdede 2-3 gezek, bolmanda ayda 1 gezek jynsy gatnashykda bolyar. Kopelmek uchinmi? Yok, orgazm uchin. Sheydip tonnalap spermalar degishli yerlerinde doreyshi yaly yok bolyar...
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Khanture 3 minutes ago Indi sorag, orgazm etmek gunami?
Yok guna dal. Bu gatnashyklary guychlendiryar.
Bir giden (milliardlap) janly zhgutikleri olduryaninden habaryn barmy?! Olaryn soragy soraljakdyr, dogry dalmi?!
-
Khanture
3 years ago
- Bir giden (milliardlap) janly zhgutikleri olduryaninden habaryn barmy?! Olaryn soragy soraljakdyr, dogry dalmi?!
Yslam dini beýle gatnaşyk etmegi diňe nikaly bolsaň makullaýar. Onsoňam çaga üçin edeňdede ölýärä şol... Onda janly spermatazoidler olya diyip sperm dokman, nesil galdyrman yashaberali :))))
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Ukym gelyar, ertir habarlasharys, gijaniz rahat bolsun! 3:11
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Hay Khanture, oyun kan-ow sende-de)) Sen bilen dushunishmek ansat, garshydashyn pikirlerini, bloglaryny hormatlayan. Sen ozune, pikirlerine, bloglaryna umuman sana sylag hem hormat!
By: Ahmet Gurbanmyradow.
@Ahmedik_97.
3:18.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Goldamasan hem, garshydashyn pikirleri yalnysh, nadogry, samsyk pikirlerem bolsa hormat goyyanyn uchin senin ornun men yanymda bashgachadyr!
3:21
-
TrustORG
3 years ago
- God friended me (Alla meni doslaryna goşdy) Бог меня зафрендил - dos ine shu serialy gorseñ, aydan hemme zadyña jogap bar, elbetde otsylkadyr goçme manylar bilen. Yone dushunersiñ egerde gorseñ. We bilersiñ barmy yada yoklugyn.
-
TrustORG
3 years ago
- Ahmedik_9749 minutes ago
Khanture 3 minutes ago Indi sorag, orgazm etmek gunami?
Yok guna dal. Bu gatnashyklary guychlendiryar.
Bir giden (milliardlap) janly zhgutikleri olduryaninden habaryn barmy?! Olaryn soragy soraljakdyr, dogry dalmi?!
Shol žgutikler señ bir bolegiñ ahyryn😅 we bellik, ol organizme bagly, sen sopysyrap gezseñem, ayda 1-2 gezek sheytansyrap turarsyñ we shol yokarda agzalan koneje žgutikleriñi organizm ukyda wagtyñ podsoznanie oyuny bilen senden çykarar, bu tebigat dossum))
-
Mister X
3 years ago
- SORAG:
Adam öz ýazgydyny özi ýazýarmy ýa-da Hudaý tarapyn ýazylýarmy? Biziň günä işlejegimiz öň maňlaýymyza ýazylan bolsa, onda synag üçin bu dünýä iberilmegimiz ýa-da eden günämiz üçin dowzaha iberilmegimiz nä derejede dogry?!
JOGAP:
1. Ilki bilen ýazgyt, maňlaý hakda sizi gyzyklandyrýan islendik zady sorap bilersiňiz. Bu siziň inkär edýändigiňizi, Allatagala ynanmaýanlygyňyzy aňlatmaýar. Aslynda, Gurhandan öwrenenimize görä Hezreti Ybraýym alaýhyssalam ölüleriň nädip direldiljegini sorady, soňra bolsa: "Allahym, ynanmaýanlygym üçin däl, ýüregimiň kanagatlanmagy üçin soraýaryn" diýdi. Şonuň üçin hemmämiz özümizi gyzyklandyrýan soraglarymyzy berip bileris. A biz bolsa mümkin boldugyndan jogap bermäge synanyşarys.
2. Ýazgydyň, ýagny maňlaýyň esasy manysy, bolan we boljak zatlaryň hemmesini Allanyň bilmegidir. Üns bersek, adamyň öz erkini ýok hasaplanok. Bilmek başga zat, etmek başga zat. Bilýän Alladyr, edýän bendedir. Geliň, muňa bir mysal getireliň:
Pygamberimiz ýüzlerçe ýyl mundan ozal Konstantinopylyň basyp alynjagy we onuň serkerdesi baradaky hoş habary aýtdy. Wagty gelende, onuň aýdyşy ýaly hem boldy. Indi Pygamberimiz (saw) aýdany üçin Stambul basyp alyndymy ýa-da basylyp alynjagyny bilýäni üçin aýtdymy? Şol wagt Fatyh Soltan ýatan, işlemedik, goşuny taýýarlamadyk we söweşmedik bolsa hem Stambul eýelenerdimi? Diýmek, Allatagala Fatyhyň taýýarlyk görüp Stambuly basyp aljakdygyny bilýärdi we muny Resuly pygamberimize (saw) habar berdi.
Bu ýerde bilmeli iň esasy zadymyz: Allaň bilýäni üçin etmeýäris, biziň etjegimizi Alla bilýär. Şonsuzam Allatagala geljegi bilmeýär diýip pikir edip bolmaz. Eger bilmeýän bolsady, onda Ýaradan bolmazdy.
Mysal üçin, bir mugallym bar diýip pikir edeliň. Okuwçylarynyň birine: "Ertir senden şu temany sorajak, taýynlanyp gel" diýýär. Şeýle-de bolsa, mugallym onuň telewizor, futbol, oýun oýnamak ýaly güýmenjelerden soň ertesi gün mekdebe sapagyna taýýarlanman geljekdigini bilip, agşam okuwçyň iş depderine 2 goýýar. Ertesi gün okuwçy berlen soraglara jogap berip bilmeýär we ikilige mynasypdygyny bilenden soň, mugallym depderi açyp: "Seniň sapaga taýýarlanman gelip ikilik aljagyňy bilenim üçin depderiňe öňünden 2 goýdum" diýýär. Muňa jogap edip okuwçy: “Mugallym siz 2 goýanyňyz üçin men ikilik aldym. Ýogsam, 5 goýan bolsaňyz bäşlik alardym" diýip bilermi?
Diýmek, biz Allaň ýazany üçin edemizok, biziň etjek işlerimizi bilip Alla ýazýar. "Ýazgyt" diýýän zadymyz ynha şu.
3. Ýazgyt ikä bölünýär: şertli ýazgyt, meýletin ýazgyt.
Şertli ýazgydymyzda biziň hiç hili täsirimiz ýok. Bu biziň erkimize, islegimize bagly bolman ýazyldy. Dünýä geljek ýerimiz, ejemiz, kakamyz, görnüşimiz, sypatymyz şertli ýazgydymyzyň netijesidir. Bulary özümiz saýlap bilmeýäris. Bu ýazylan ýazgydymyz üçinem jogapkärçilik çekmeýäris.
Meýletin ýazgytda bolsa, bu biziň öz islegimize bagly. Näme karar berjekdigimizi we näme etjekdigimizi Alla baky bilimi bilen öňünden bilýär we şoňa görä kesgitleýär.
Ýüregimiz urýar, ganymyz aýlanýar, öýjüklerimiz ulalýar, köpelýär, ölýär. Bedenimizde biziň bilmeýän birnäçe zatlarymyz bolup geçýär. Bularyň hiç haýsyny biz edemizok. Şeýle işler ýatan wagtymyzda hem dowam edýär.
Ýöne, öz islegimiz bilen ýerine ýetirýän zatlarymyzyň bardygynam gowy bilýäris. Iýmek, içmek, gürleşmek, ýöremek ýaly hereketlere özümiz karar berýäris. Her niçigem bolsa erkimiz, az bolsa-da bilimimiz, ejiz bolsa-da güýjümiz bar.
Çatrykda haýsy ýoldan gitmelidigimizi özümiz çözýäris. Durmuş bolsa çatryklardan doly.
Şu ýagdaýda hiç hili zorluk görmezden, öz islegimiz bilen eden kanundan daşgary hereketlerimiz, günälerimiz üçin özümizden başga kimi günäkärläp bileris?
Kän bir täsiri ýok diýilýän adamyň erki, islegi ähmiýetsiz görünse-de, älemde bar bolan kanunlary ulanmak bilen uly zatlaryň bolmagyna sebäp bolýar.
Bir binanyň ýokarky gatynyň iň gowy naz-nygmatlardan, ýerzemindäki aşaky gatynyň bolsa ejir çekdirýän elhenç gynama enjamlaryndan doly we bir adamyň bolsa bu binanyň liftinde durandygyny pikir edeliň. Binanyň ýagdaýy barada öňden bu adama aýdylan, ýokarky gat üçin düwmäni bassa merhemet, bereket garaşýar, emma aşaky gat üçin düwmäni bassa welin azap garaşýar.
Bu ýerde erk, islegiň edýän ýekeje zady, diňeje haýsy düwmä basmalydygyna karar bermek we ýoluňy saýlamakdyr. Lift bolsa şol adamyň güýji we islegi bilen däl-de, käbir fiziki we mehaniki kanunlar arkaly hereket edýär. Başgaça aýdylanda, adam öz güýji bilen ýokarky gata çykmaýar, ýa-da öz güýji bilen aşaklygyna düşmeýär. Şeýle-de bolsa, liftiň nirä gitjekdigini kesgitlemek içindäki adamyň öz islegine bagly bolýar.
Adamyň öz islegi bilen edýän ähli işlerine şu mysal arkaly baha berip bolar. Mysal üçin, Gudraty güýçli Allatagala meýhana gitmegiň haramdygyny we metjide gitmegiň sogapdygyny habar berdi. Adam bedeni bolsa mysaldaky lift ýaly iki ýere gitmek üçin hem amatly ýagdaýda.
Älemdäki bolýan zatlarda bolşy ýaly, bedenimiziň içindäki bolýan zatlarda hem adamyň öz erki ýokdur we adam bedeni kanun-y külli atly ylahy kanunlar bilen hereket edýär. Ýöne onuň nirä gitjekdigini kesgitlemek adamyň islegine we saýlamagyna galýar. O haýsy düwmä bassa, ýagny nirä gitmek islese, beden şol ýere tarap hereket edýär, şonuň üçin gitjek ýeriniň sylagy ýa-da jezasy şol adama degişlidir.
Üns berlen bolsa, ýazgydy bahana hökmünde ulanyp, "meniň günäm näme" diýýän adamyň erkine äsgermezlik edýändigi görünýär.
Eger adam şemalyň ugruna gidip barýan ýaprak bolsa, saýlamak ukyby ýok bolsa, eden işi üçin jogapkärçilik çekmese, günäkärligiň näme manysy bar? Muny aýdýan adam özüne zulum edilende kazyýete ýüz tutmaýarmy?
Şeýle bolsa, düşünişine görä şu hili pikirlenerdi: “Bu adam meniň öýümi ýakdy, abraýymy kemsitdi, çagamy öldürdi, ýöne ol günäsizdir. Bu zatlary etmek onuň ýazgydynda bardy, näme etsin, başga zat edip bilmezdi".
Zulum edilenler hakykatdanam şeýle pikir edýärmi?
Adam eden işine jogapkär bolmasa, "gowy" we "erbet" sözleri manysyz bolardy. Gahrymanlary öwmek we dönükleri kemsitmek zerurlygy bolmazdy. Sebäbi olaryň ikisi-de edenlerini öz islegi bilen etmedik bolarlardy. Emma hiç kim beýle pikirleri öňe sürmez. Wyždanly her bir adam öz hereketleri üçin jogapkärdigini we şemalyň ugrundaky ýaprak ýaly däldigini kabul eder.
-
sapalybegenjow000000
3 years ago
- Menem bir zat sorayyn bolanyna gora. Birine barmak ya birini almak oylenmek, durmusa cykmak sol barjak ya aljak adamymyz bizin manlayymyza yazylan zatmy?
-
Bibish
3 years ago
- Menem yazgyt, mañlay kàn ynanamok yône kàbir yashulurak adamlar sheylebir ak yùrekden owadan edip bir gùrrùñ beryàler onsañ gôwnùñe sholañky dogry yalam bolya. onsañ ynanyanam yene onsañ ôz durmushumda bolyan zatlara ùns beryàn wn ynanamok
-
Wonderfull
3 years ago
- Yazgyt biziň elimizde dal. Allah islemese çöp başy gymyldamaz. Elinem gymyldadyp bilmersiň Alla islemese. Neujeli aklyn çatanok?? Palçylar nadip bilya diyyan ? Palçylar biziň gelejegimizi bilenok. Geçmişimizi biler bir az. Olaram jynlaryn üsti bilen.
Uzyn gepiň gysgasy, parallel älemdäki adamzadyň duşmany bolan barlyklar iki älem arasyndan açyljak herbir gädigi pursat bilip adama musallat(başyna bela) bolmak üçin dyrjaşýalar. Bu gädik ýene-de adamlaryň öz elleri bilen açylýar: jynlar-şeýtanlar bilen iş salyşýan palçylar we mollasumaklar tarapyndan. Ne daý Boh, bularyň ýanyna barýan adamlaryň ruhy ejiz bolsa iş bitdi biläý, jynlar derrew şap ýapyşar, göni Jähenneme götürip biljek islendik günäleri işletdirer adama, özüňi öldürmek, başga bir adamy öldürmek, haramzadalyk, inkärlik... Näme üçin adam ruhy ejiz bolsa bular musallat bolýa? Adam Ýaradyjysyna näçe ýakyn bolsa şonça-da güýçlidir. Bu meseläni açsak hazir, esas meseleden çykarys, şonuň uçin iň ýönekeýje mysal kösenýan wagtyň sap-göwnüň bilen Allah`a eden dilegiň içiňe nahili güýç salýanyny görersiň. Adam Ýaradyjysyndan uzak düşen wagty ruh ejiz düşýar, maddi problemalar, durmuş kösençlikleri, duýgy taýdan ýaşaýan kynçylyklary...hemme zat onson ony ýuwaş-ýuwaşdan igeläp başlaýar. Psihiçeskaýa rastroýstwa, däliremek zatlaram ejiz düşen ruha gapdaldaky adam duşmanlarynyň etdirýan oýunlary. Umuman yzyňa gara düşmek keseli hakykatdanam bar we muny medicina intäk intäkler anyklap bilmez, has dogrysy boýnuna alasy gelmez, çünki ylym netije we subutnama talap edýar. Netije bar ýöne göze görünmeýan zat nadip ynsana diýenini eddirip bilýä yooo munda başga birzat bar, diýer. Kesel bar we bu kesele duçar bolmazlygyn täk ýoly durmuşda edýan işleriňe dykkat etmeli, näme dogry näme ýalnyş bilmeli, bilmek üçinem okamaly. Jynlar zatlar bilen iş salyşýan palçylara 100 metr uzakdan garamaly diýjek däl, kelläňi kellesine degirip bir saçakda nan iýiber, ýöne özüňe göwnüň ýetsin. Hiç wagt şolara işiň duşmesin. Hä biram jynlar-şeýtanlar ejiz ruhdan bashga-da hapysaçylygam ýaman gowy görýandirler. Tenimizi, ruhumyzy, içeri we daşarylarymyzy(öýuň içeri-daşarsyna diýemok, olaram arassa bolsun welin, niýet we hereketlerimizi diýýän) pikirlerimizi mydama tämiz we güýçli tutalyň, şonda kesel golaýymyza gelmez! mazarlarda-da her hili ýaşaýyş bar bu da bir hakykat, şoň üçinem mydama aýdylýandyr, mazarystana baranda tämiz bol we agyr bol diýip. Ýöne kesele sezewar bolmak ýere däl, adamyň ruhuna bagly. tamiz bolmadyk, yagny hapa yerlere (kirli WC we banyo), nahar iylip owuntyklara galan yerlere we sh.m. yerlere gelyanini eshidipdim, shol sebapli, nahar iylenden son, hemishe shol yer tamizlense, WC we banyolaram hepdede 1 azyndan arassalansa gowy bolar diyilyar.
Gurhanda:"Men jynlary we ynsanlary (oz gundelik ish we ryzyklaryndan dashary) diñe (meni tanap) maña ybadat etsinler diyip yaratdym!" (Zariyat suresi) diyyar. Beyle diymek bolsa, bu dunyade Biribar ynsanlardan öñ jynlary yaradyp bu dunya iberyar, olar umumy pitne chykaransonlar, hemmesini yer yuzunden denizlere surup, yer yuzune ynsanlary yaradyp iberyar. Elbetde, ynsanlar uchin umumy pitnäniñ uytgeshigrak, yagny "Kiyamat" bn netijelenjegi ikuchsyzdyr.
Bu dunyade biz olary gorup bilemzok, beyleki tarapda olar bizi. Olar islan yerlerine goz achyp yummasy salymda gidyaler, a biz dal. Ynsanlar oz beyinlerinin %7-8 ulanyamyshlar bu dunyade bir gozlege gora, diymek %90-dan gowragy beyleki tarapda ulanylmak uçin saklanyar diylen eken, bu hem yokardakynyn subuty bolup biler.
-
maksat00
3 years ago
- Mister X, siz teswiriñizi, blog edibem açypdyñyz. Ine meniñ ýazgytly meselä dūşūnşim edil siziñ teswiriñizdäki ýaly. Ýūrege jūñk bolýar her bir aýdylanlar.
-
Mister X
3 years ago
- sapalybegenjow000
Ýokarda belläp geçişimiz ýaly nikanyň ýazgyt bolmazlygy üçin, Alla şol iki adamyň durmuş gurjaklaryndan bihabar bolmaly. Bilimi bilen hemme zady, her ýeri öz içine alýan Alla hakynda bolsa pikir edip bolmaýar. Şeýlelikde soragymyzyň jogaby: "Nika elbetde ýazgyt". bolar. Şeýle-de bolsa, bu ýerde iki dürli ýagdaý bolup biler:
1. Alla ebedi bilimi bilen durmuş gurjak erkekleriň we aýallaryň öz islegleri bilen biri-birine öýlenjegini ýa-da durmuşa çykjagyny bilýärdi we wagty gelende durmuş gurjakdyklaryny ýazdy. Başgaça aýdylanda, ýazgytlarynda bulara "Şoňa durmuşa çyksyn, öýlensin" diýip däl-de, "Şoňa durmuşa çykar, öýlener" diýip ýazylýar.
2. Käwagt Alla bendelerini synap görmek üçin 2 adamy duşurýar we durmuş gurdurýar. Bu nika gowy bolan bolsa, bendeler şükür etmelidirler. Eger-de nika erbet bolan bolsa, sabyr etmelidirler.
-
Mister X
3 years ago
- maksat00
Howwa acypdym. Yone Ahmet okan daldir diyip teswirde yazdym
Khanture 3 years ago- Başlaber onna