söýgüde ve durmuşda. vadalar berilýär yzynda durman, kasamlar içilýär soňuny görmän, kimse duzak gurýar sesin çykarman, dymmak bir ýan ýalan sözlemek bir ýan. söýgi kime dertdir ,kimlere derman, kimler ajy çekýär,kimseler arman, kim tüssesiz ýanýar,kim bagrygirýan, dostlar,söýmek bir ýan söýülmek bir ýan. kimler öz bähbidi üçin çekip jan, iň mukaddes zadyny hem gaýgyrman, yňdyrylyp barýar soňun saýgarman, dogmak,ölmek, gözel ýaşamak bir ýan. kimler gelýär-geçýär bolup gury san, oň üçin bu dünýä güldanmy ,küldan parhy ýok atylsyn,zyňylsyn her ýan, bimany ýaşamak,göreşmek bir ýan. kim ýitirýär,kimsä dolanýar dövran, kimler bagyt tapýar,kimseler veýran, çetobaly ykbal oýnuna haýran, dünýä bir ýan,ýürek,akyl,ten bir ýan. (v)

Köneler, chetobaly tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir