Mekirlikmi ýada haramlyk?(gysgajyk bolan waka)

Işden çykyp öýe gaýdyp barýardym. Gaýdyşyn magazina sowulyp çörek alaýaýyn diýdim. Satyjylar 3-den artyk çörek berenoklar, alsaňam gohlaşyp ýerine goýdurýarlar, dawwalaşýarlar. Onsaň girip üç çöregi alyp çykjak wagtym bir ýaş oglan gelip 15 çöregi bölüşdürüp, döwüşdirip goýdy. Inni näme diýjek!? Bölek çörekleri kim satyn alsyn!? Satyjylar sögünişip naalaç ol oglana gygyrdylar. A ol oglan bolsa "Men ähli çöregi satyn alaýjak" diýdide 15 çöregi satyn aldy. Kimligi hem bellidäl, dogtar-maskaly. Ol oglanyň edeni mekirlikmi ýada haramlyk bu bellidäl, emmä gülüp hezil etdik.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir