Bu, Ýyllar öň bir başlangyç kalas okuwçylaryň klas ýolbaşçysynyň başyndan geçiren hekaýasydyr. Maral mugallym mektep döwri başlanda bäşinji klas okuwçysy Serdary syn edip onyň başga çagalar bilen oýnamaýandygny, eşiklerniň kirli, saçynyň ösgündigi onuň ünsüni çekipdi. Maral okuwçyň dokumentlerni barlamana karar berdi. Barlag geçirende haýran galdi. Sebäbi birinji klasdaka klas ýolbaşçysy:” Serdar, akylly we göwni açyk biri, öý işlerni wagtynda ýerine ýetirýä we oň doslary ony gowy görýä.” Diýärdi. Ikinji klas ýolbaşçysy: “Gaty gowy okuwçy, ýöne ejesiniň agyr ýaramaýanlygy ony gaty ginandyrýa, we oň öýündäki atmosfera gaty agyr bolmagy müňkin.” Diýärdi. Üçünji klas daky mugallymy: “ Ejesiniň aradan çykanlygy oň üçin gaty kin boldy. Kakasy oňa ýeterlik üns berenok we bir zatlar edilmese öýündäki ýagdaý oňa erbet täsir etjek.” Diýip ýazypdyr Dördünji klas daky mugallymy :” Serdar gaty ýuwaş we okuwa bolan gatnaşygy erbet. Hiç dosdy ýok we kä wagyt sapakda ýatyp galýa” diýärdi. Maral Mugallym meseläň nämededigne düşündi. Okuwçylar oňa 8 martda owadan buketler we sowgatlar getirende özüni erbet duýupdy sebäbi Serdar oňa goňur gaty kagyza dolanan sowgat getiripdi. Bu gorkunç sowgady beýleki okuwçylaryň arasynda açmak ony bi injalik etdi. Bir iki sany gaşy gaçan, köneje bilezik we ýarsy doly çýşede ulanylan duhi çüýşesini beýleki okuwçylar görende güldüp başladylar.Emma Maral mugallym bilezigiň nähilek owadandygny we duhidan sepinip nahilek gowy isiniň bardygny aýdyp okuwçylaryň gülmesini saklady. Şo gün Serdar Mugallymynyň ýanyna gelip ” siz şu gün edil meň ejem ýalak boldyňyz we gowy ysyňyz maňa uzakly gün ejemi ýatlatdy” diýdi. Çagalar gaýdansoň, mugallym uzin wagytlap aglady. Şondan soň Serdara aýratyn üns berdi. O kuw döwründe Serdaryň ýenede okuwa bolan höwesiniň artyp başlandygny gördi; oňa näçe kän üns berdigiçe Serdar hasam gowlanýardy. Okuw ýylynyň ahyrynda Serdar iň zehinli we iň gowy görýän okuwçysy boldy. Bir ýyl soň gapysynda bir hat gördi. Hat Serdardandy ; Şu güne çenli gören mugallymlarnyň arasynda iň gowi mugallymdygny ýazýardy. Ondan ikinji haty alýança alty ýyl geçti. O, ikinji hatynda; Mekdebi gutarandygny we mekdepde iň gowi okan okuwçy saýlananlygny we ýenede şu güne çenli gören mugallymlarnyň arasynda iň gowi mugallymdygny ýazýardy. Maral Mugallym, dört ýyl soňra Serdardan ýene bir hat aldy. Uniwersitetda okaýandygny we üstünlikli tamamlamak üçin elinde baryny edýändigni we entägem ömründe duş gelen mugallymlarnyň arasynda iň gowi mugallymdygny ýazýardy. Ýenede dört ýyl geçti we Maral Mugallym ýenede bir hat aldy. Serdar üstünlikli uniwersitedi tamamlandygny we has ýokary derejeleri okamany pikir edýändigni ýazýardy. Ýenede iň gowi görýän mugallymydygny aýdýardy. Bu gezek hatyň aşagynda gol has uzynyrakdy, adynyň aşagynda Medisina Ylmynyň Doktortory goşulypdyr. Maral Mugallym şo ýylyň ýazynda Serdardan ýene bir hat aldy. Serdar Bu hatynda gowy bir giz bilen tanyşandygny we şoňa öýlenjekdigni aýdýardy. Bir näçe ýyl öň kakasynyňam aradançykanligy üçin, Maral Mugallyma toýda ene – ata üçin aýrylan ýere oturmagny haýyşt edýardi. Maral mugallym bu haýyşdy begenç bilen kabul etdi. We Maral mugallym, toýa gidende gaşy gaçan bilezigi dakdy we şo sowgat beren ejesini ýatladýan isly duhisinam sepinmäni ýatdan çykarmady. Bir birlerni söýgi bilen gujaklanlarynda, Serdar Maral mugallymyň gulagyna “ Maňa inandyňyz, özümi gereklidigmi düşündirdiňiz we maňa ýaşamana umit berniňiz üçin size gaty minnetdar. Maral mugallym gözleri ýaşardy we jogap berdi; “Asyl men saňa minnetdar, seni tanaýançam men mugallymçylygyň nämedigni bilmeýän ekenim.” Diýdi.
Maralyn Hekayasy
-
gulnaz
15 years ago
- MashAllah... gaty gowy hekaýa ekeni...kemaltm
gülnäz
-
nejepoglan
15 years ago
- Salawmaleykim Kemal hojam, gowumy yagdaylaryn? gowy yazypsyn tuweleme, hezil edip okadym, cyndanam okadan mugallymymy mekdebi gutaranymdan son goremde mena gaty begenyan,
indiki ayda nesip etse mugallymlarymdan habar tutayyn...kopden bari barybam gormandim...
-
nejepoglan
15 years ago
- agzalar bagyshlan, men yokarky yazanymy bashga tema yazypdym, uns bermersinizda... sag bolun
-
nejepoglan
15 years ago
- ooops,
sorrii, shu tema gory yazypdyryn, dogry, dogry,
biraz bashga tema bilen bulashdyraydym... gechirersinizda :)
-
gulnaz
15 years ago
- nejepoglan!!!!menä üns beremokla;)bolýan zat problem däl bu
gülnäz.
-
Gitler
15 years ago
- Maral mollum bu duhiny shoncha yyllap sakladymyka?
-
Gitler
15 years ago
- Koroche, gownu"ng" yetmandirda:-)
-
nejepoglan
15 years ago
- sawyer, ile at dakmada
her yerden bahana gozleyanay,
gaytam adam iş edinip bize terjime edip beripdir, sagbolsun aytmaly.
-
nejepoglan
15 years ago
- ine munyn eyyam gowy, :)
hazir hemme terjimecilerimiz tankytlanyp oturylsa olar hic zat yazmazlaram bu sayta, biz yaly turk, inlis dilini bilmeyanlere shu hakyky komekda
-
kemaltm
15 years ago
- Hormatli sawyer yazan tankytlarny uns bilen okadym. Sheydip yensanden kakyp durmasalar duzgune girmegim kin :) edebyat gazedine yazgy goymayanym uchin edil beyle unsem bermandirn , asylam ozum kan edebyat bilen meshgullanmanson onyalizatlara kan uns bermeyan bolmali,, garaz sawyer aga bagishlarsinda,, indikile beytmejek bolarn... Hekaya turkche yone avtorina uns bermandirn:)(hemisheki yali) okanlar meni bagishlarda, onsonom diyene dal diyilene seretmek dogrimika diiyan, buda men pikrimda,, hosh onda sawyar aga. Okap we yazip dur
-
dokmacy
15 years ago
maral mollum bu duhiny shoncha yyllap sakladymyka?
gowy sorag :)
gitler aklyňa berekella
-
tmheart
15 years ago
- hawwwa kemal menem okapdym şu hekaýany türkçesini. terjimäň pesräk eken. ýöne taşlaýyn diýme dost dowam et. köprak ýazyberseň kämilleşersiň.
-
cicek2
15 years ago
- kate ozun hichzat daldigine ynanmak ucin kabir govy adamlar yol gorkezmeli bolyalar...ana sholara berekella.
:)
-
Maxat
15 years ago
- yöne hekayany türkçe okandan türkmençesini okanyn has yakyn/yakymly gelya, terjime edenin üçin sagbol
-
cicek2
15 years ago
- men bu hekayany birinji gezek gordum.tr sinem okap gormeli oytyan bara....
:)
-
Maxat
15 years ago
- menem 1nji gezek okayan/okadym
-
Adybeg
15 years ago
- behhh gowja hekaya eken özaa...mollym bolmak kyn özaa
-
Ayyuzli
14 years ago
- oran gowy hekaya!yazan agza tanryyalkasyn! ! ! Mugallymcylyk-mukaddes kar.mugallymym klasda bu hekayany gurrun berende,gozlerim dolupdy.sheyle hayyrly mugallym bolmak nesip etsin diyip gije-gundiz dileyan.cagajyklan tamiz dunyasinde gezmek uly bagtmyka diyyan.
-
Bravo
14 years ago
- Manysy guycli...
Gitler 15 years ago- Talyplar.com-ada eye gerek,bolmasa... Hekaya gowy eken