"mübärek üç aýlar"am ýetip geldi..
Mübärek üç aýlar..
-
şakird
15 years ago
- Rejeb-i Şerif
Mübärek üç aýlaryň birinjisidir.
"Allahümme bärik lenä fi Rejebe we Şaban. we bellignä Ramazan.”dogasy her gün iň azyndan bir gezek okalmaly.
* Bu aýda ediljek her haýyrly işiň sogaby gat-gat beriler.
* Bu aýda agyz beklemek örän mertebelidir.
* Sadaka bermek, garyp-pukarany begendirmek -Ramazan aýry- beýleki aýlardan has gymmatly we has ejirlidir(bahasy örän gymmatlydyr).
* Bu aýda otuz rekagatlyk nepil bir namaz bardyr, okalmalydyr.
* Bu aýyň ilkinji Juma gijesi, Regaib gijesidir.
* 27-nji gijesi, Mi’raç gijesidir. Toba, ybadat we doga-dilegler bilen geçirilmelidir.
-
şakird
15 years ago
- Şaban-y Şerif
* Mübärek üç aýlaryň ikinjisidir.
“Allahümme bärik lenä fi Şaban we bellignä Ramazan”
dogasyny her gün iň azyndan bir gezek okamaly.
* Rasul-y Ekrem -sallallahu aleýhi we sellem- :
” Şaban meniň aýym, Rejeb Allatagalanyň aýy, Ramazan ymmatymyň aýydyr.” diýýär.
* Rasul-y Zişan -sallallahu aleýhi we sellem- , Ramazan’dan soňra iň köp bu aýda agyz beklärdi.
* Ashab-y Kiram, Şaban hilalini(ýaý şekilindäki dogan her täze aýa aýdylýar.) görende, Gurhan okamaga başlardylar. Bu aýda manasyna düşünip, bol-bol Gurhan-y Kerim okamalydyrys.
* Bu aýda ediljek her haýyrly işiň sogaby gat-gat beriler.
* Geçmişdäki eden günälerimizden toba etmelidiris.
* Rasulullah -sallallahu aleýhi we sellem-’e salawat-y salamy köp-köp okamalydyrys.
* Bu aýda bir ýyl içinde öljekleriň atlary, diriler depderinden ölüler depderine geçirilýär.
* Bu aýyň ortasynda Beragat gijesi bardyr. Gündizine agyz beklemeli, gijesini ybadat we ukudan oýa geçirmeli. Bu gijede ýüz rekagat namaz okamak maslahat berilýär.
* Bu aýda haýyr gapylary açylar, günäler tämizlener.
* Soňky Duşenbe güni agyz beklense günäleriň bagyşlanjagy hadys-y şerifde buşlanýar.
* Musulmanlaryň mallarynyň zekatlaryny garyplara, Ramazan’da tutjak orazalaryna güýç-kuwwat we goldaw bolmagy taýdan, bu aýda berilmekleri haýyrly we gowy bolar.
* Gysgaça aýdylanda bu aýlar, ulanylmagy gaty gymmatly bolan aýlardyr.
-
şakird
15 years ago
- Ramazan-y Şerif
* İçinde, Gurhan-y Kerim'iň nüzül etmäge (inmäge) başlan iň mukaddes aýdyr.
* şeýlelik bilen içinde Gadyr gijesi ýaly, müň aýdan haýyrly bir gijesi bolan aýdyr.
* Günäleriň bagyşlanan, Şeýtanlaryň zynjyra daňylan mübärek aýdyr.
* Sabyr aýydyr. Yslam’yň bäş şertinden biri bolan orazanyň tutylan, gijelerinde tarawa namazlarynyň okalan, ybadat, ibadet, kerem we bereket aýydyr.
* Gurhan-y Kerim hatimleriniň indirilen, mukabeleleriň(metjitlerde Gurhan-y Kerim okap, halka diňletmek) okalan, metjitleriň musulmanlar bilen dolup-daşan, merhemet, huzur ve ilähi gufran(Allatagalanyň günäleri bagyşlap örtmegi, merhemet etmegi) aýydyr.
* Jennet gapylarynyň açylan, Dowzah gapylarynyň ýapylan, melekleriň ýer-ýüzüne myhman bolan aýratyn bir aýdyr.
«Eger gullar, Ramazan aýyndaky fazylatlary bilselerdi, bütin ýylyň Ramazan bolmagyny dilärlerdi.»
-
dokmacy
15 years ago
- şakird sag bol, elleriňe saglyk!
-
muslimah
15 years ago
- urrrraaaa mubarek aylar yetip geldi!!!ahlingizi shu mubarek ayda Allah eden dogalaryngyzy kabul edip gunalerimizi bagyshlap Jennet Al-firdawsden yer bersin
amin amin thumma amin :) :) :)
sag bol shakird shu gunde ing gowy eshiden habarym shu boldy :)
-
dereksiz
15 years ago
- yetip gelen bu ay bn hemmanizi mubarekleyan.....
-
traveller
15 years ago
- $akird dost
sagja bol peydali maglumatlar ucin.
3 aylari 4-5 yil bari iňlisleriň icinde gecirip yorus.
indi nesip bolsa $u yil kop bolegini ata watanda gecirmekci. esasan hem remezan ayi yaman gyzykly we gowy gecya. nesip bolsa Allajan hemmamize bu aylardan gowy peydalanmagy nesip etsin.(omyn)
aslinda gowun isleya, her ayimiz remezan bolsin, her gijamiz Gadyr gijesi bolsin. yone durmu$ ba$agayligi, okuw-i$ bn koplenc gapil yagdayda gunimizi oturyas. bu aylar bize oz aslimizi yatlatmak ucin iň gowy pursatlariň biri.
hergunumuz we gijamiz gadyrli, her ayimiz Remezan we köňlümiz mydama O`nuň söygisi bilen yanip durmagyny arzuw edyan..
mubarek bolsin yene sapar.yag$i dilegleriňizde bizi de yatdan cykarmaň
-
dereksiz
15 years ago
- millet oraza ayy nachesine bashlayaraaaaaA
-
dereksiz
15 years ago
- nesip bolsa hokman sypdyrman saklajak orazamy....mena her yylam saklayan welin aranyzda da bardyra men yaly saklayan.....onunden hemmamizn orazalarymyz kabul bolsun...
-
dereksiz
15 years ago
- bu ayda diysen gyzykly gechyar wagtam....shular yaly mukaddes aylaryn kop bolmagyny dileyan...esasanam gadyr gijesi diysen gyzykly gechyar...
-
dereksiz
15 years ago
- ay shu hokman tkmstanda problema how..kabe bn den yorese bolmayamyka....
-
dereksiz
15 years ago
- oraza geldi hay bn bir bolejik tay bn....yzynam si dowam edersinizda....
-
hoshowaz
15 years ago
- birinjidena shu mowzugy yazana ullakan sagbolsun aydyan we minnetdarlygymy bildiryan. ikinjidenem uch aylar hachan bashlady ya-da bashlayar?! hachan bashlanlygy ya-da bashlayanlygy barada anyk jogap yazylmandyr ya-da men gormandirin, ya-da gorsemem kelle almandyr. :)
-
muslimah
15 years ago
- rejep shaban we remezan aylar uch mubarek aylar,rejep ayy bashlady duynden bari,song shaban we remezan ayy,shu mubarek aylarda yahshy amallaryng hasam kopeltmeli sebabi hasabynga beyleki aylardan has iki ya ondanam kop esse edip yazylyamysh
-
merdanmr
15 years ago
rejep shaban we remezan aylar uch mubarek aylar,rejep ayy bashlady duynden bari..
beyle bolmaly dal! Yslam.info-da goylushyna gora:
"Mübärek üç aýlaryňyz gutly bolsun! - 24 Oguz/Iyun, 2009ý:
Salam hormatly musulman doganlar! 24-nji Iýun, ýagny, öňümizdäki hepdäniň 3-nji güni mübärek üç aýlara girýäris. Şol mynasybetli, ähli Yslam älemini we musulman doganlarymyzy mübärek üç aýlary bilen ýürekden gutlýarys!
Allahym, bizleri şu mübärek gijeleriň ählisinden iň oňat ýagdaýda peýdalanan we Öz dergahyňda söýgüli bendeleriň hataryna goşulanlardan eýle! Ämin!"
Ol yerde Muarek Regaib gijesi barada-da maglumat goylan, ine:
"Ýetip gelýän Regaib gijäňiz gutly bolsun! - 25 Oguz/Iyun, 2009ý:
Salam eziz musulman doganlar! 25-nji Iýuny 26-njy Iýuna baglaýan, ýagny, öňümizdäki hepdäniň 4-njji gününi juma gününe baglaýan gije mübärek Regaib gijesidir. Şol mynasybetli, ähli Yslam älemini we musulman doganlarymyzy bu mübärek gijeleri bilen tüýs ýürekden gutlýarys!
Allahym, bilip ýa-da unudyp günädir hata eden bolsak, bu sebäpli bizi mübärek 3 aýlar hem-de mübärek Regaib gijesi hormatyna hasaba çekme we bizi bagyşla! Allahym, biziň isleýiş we amal ediş laýyklygymyza görä däl, eýsem-de bolsa, Öz Beýikligiň şany boýunça gözellikleri, haýry, yhsanlaryňy, sowgatlaryňy, Firdews jennetiňi we ş.m. ber! Eý, lutuf we ykramy çäksiz bolan, Rabbim, biziň geçen we geljek günälerimizi bagyşla! Eý, biziň daş-keşbimizi (göz, gulak, el, aýak we beýleki synalarymyzy ýerbe-ýer we) gözel ýaradan, Allahym, biziň ahlagymyzy-da (iç-keşp, häsiýetler, Saňa bolan ynanjymyzy, özümizi alyp baryşymyzy we ş.m.) gözel ýarat! Eý, kalplary hakykata we dalalata öwürýän, Allahym, biziň kalbymyzy Yslam dini boýunça berkle! Bizi dogry ýola gönükdir! Öz nygmat berenleriň ýoluna gönükdir, gazabyňa duçar bolan we dalalata sapanlaryň ýoluna däl! Bizi elinden, dilinden we kalbyndan beýleki ynsanlara zeper ýetirmeýän kämil ynsanlardan eýle! Bize Özüňe ýakynlyk ber! Ämin! "
Has ginishleyin maglumat ucin shol yerdaki Mübärek Regaib gijesi mowzugyna seredin!
-
merdanmr
15 years ago
- Salam Shakird dogan!
Allah senden razy bolsun!
Men gija galyan. Entagem wagt bar welin, shaher-shaher aylanyp yorun-da shu wagt. Olam ahana-la. Bolyar-da, bugun-erte nesip bolsa dynaryn, enshallah, we men hem sana ibererin yzyny!
-
merdanmr
15 years ago
- Men hem azyrak goshant goshayyn degishlirak maglumatlar arkaly:
Yslam.infoda goylan Mübärek gijeler we olardan peýdalanmak barada atly mowzukda sheyle diyilyar:
"Salam hormatly musulman doganlar!
Yslam dininde käbir gijeler Pygamberimiz tarapyndan beýleki adaty gijelerden tapawutlandyrylyp, olaryň bereketinden her bir musulmanyň peýdalanmagy ündelendir. Ol gijeleriň sanawy:
1- Mewlit gijesi - Pygamberimiz Rebiulowwal aýynyň 12-nji gijesinde, ýagny, Hijri ýylyna görä 1428 ýyl mundan ozal dünýä geldi. Şol sebäpli, bu aýyň 12-nji gijesi Hijri ýylynyň ilkinji gijesidir;
2- Regaib gijesi - Mübärek üç aýlaryň ilkinjisi bolan Rejep aýynyň ilkinji juma gijesi Regaib gijesidir;
3- Miraç gijesi - Mübärek üç aýlaryň ilkinjisi bolan Rejep aýynyň 27-nji gijesi hem Miraç gijesidir;
4- Berat gijesi - Mübärek üç aýlaryň ikinjisi bolan Shaban aýynyň 15-nji gijesi bolsa Berat gijesidir;
5- Gadyr gijesi - Mübärek üç aýlaryň üçünjisi bolan Remezan aýynyň 27-nji gijesi bolsa Gadyr gijesidir.
Bu mübärek gijeleriň hemmesi barada sahypamyzda aýratyn mowzuk halynda giňişleýin maglumatlary tapyp bilersiňiz!
Indi bolsa şol mübärek gijelerden iň oňat ýagdaýda nädip peýdalanyp boljagy barada maglumatlary paýlaşmak isleýäris:
Bütin kandil gijelerinde edilip boljak, bagyşlanmagymyza, köp mukdarda sogap gazanmagymyza, Biribaryň razylygyna, ruhy taýdan galkynyp össmegimize, bela-beterlerden goranmagymyza sebäp boljak möhüm zatlardan biräçesini sanaw halynda ýazsak:
1. Gurhanyň asly we tefsirleri(meal) okanmaly; okaýanlar diňlenmeli; oňaýly ýerlerde Gurhan okatdyrylmaly; Kelamullaha bolan söýgi, hormat we baglylyk duýgylary täzelenmeli we kuwwatlandyrylmaly;
2. Pygamberimize (SAW) salawatlar getirilmeli; Onuň şepagatyny umyt edip, ymmatyndan bolma pikiri/aňy täzelenmeli;
3. Kaza, nafile namazlar kylynmaly; bar bolsa şol gijä degişli aýratyn namazlar okanmaly, kandil gijesi, asly boyunça ybadat we ybadatda yhsan düşünjesi bilen geçirilmeli;
4. Tefekkür (Biribaryň hikmetleri barada pikir) etmeli; "Men kim, nireden geldim, nirä barýaryn, Allahyň menden isleýän zatlary näme?" ýaly durmuşyň wajyp meseleleri barada pikir ýöretmeli;
5. Geçen wagtyň hasaby edilmeli we häzirki wagtyň hem-de geljegiň plan we programmasy döredilmeli;
6. Günälere yhlas bilen toba edilmeli; şol gijäniň iň soňky gije bolup biljegini kabul edip, has laýyk ýagdaýda amal etjek bolmaly;
7. Köp zikir(söz billen Allahy öwme) we dileg etmeli ;
8. Möminler bilen halallaşylmaly; olar bilen gatnaşygmyz taýdan razylyklary alynmaly;
9. Küs we öýkelänler ýaraşdyrylmaly; göwünleri razy edilmeli, gamgyn ýüzler güldürilmeli;
10. Ynsan özüne we beýleki mömin doganlaryna, hatdâ, adyny hem ýatlap dilegler etmeli;
11. Üstümizde haklary bolanlar gözllenip, halallyk soralmaly; wepa we hormat ahlaky ýerine ýetirilmeli;
12. Yetim, hassa, maýyp, garry bolanlar zyýarat edilip, söýgi, şepagat, hormat, sowgat we sadakalar bilen şatlanndyrmaly;
13. Şol gije bilen baglanyşykly aýatlar, hadyslar we bularyň ýorumlary degişli kitaplardan peýdalanyp, ya şahsy ýa-da umumy ýerlerrde okanmaly;
14. Şol gijä laýyklykda dini duşuşyklar, paneller, seminarlar,
konferanslar we söhbetler eddilmeli, wagyz-nesihat diňlenmeli; goşgylar okanmaly; ylahy sözler bilen köňüllerde aýratyn höwes döredilemli;
15. Kandil gijesiniň agşam, ýatsy we ertir namazlary mümkin bolsa jemagat bilen hem-de metjitlerde kylynmaly;
16. Sahabalar, alymlar we öwliýa gonamçylyklary zyýarat edilmeli; ruhlary hoşnut edilmeli (aýat okap ruhlaryna bagyşlap) we olaryň ruhy mertebeleri hormatyna şahsy we umumy haýyr üçin Haka ýalbarmaly;
17. Wepat eden ýakyn dogan-garyndaşlarymyzyň, dostlarymyzyň we ulularymyzyň mazarlary zyýarat edilmeli; iman doganlygyna degişli sadyklyk ýerine ýetirilmeli;
18. Durmuşdaky manewî(ruhy taýdan) beýikleriň, Yslam alymlarynyň, mugallymlarymyzyň, ene-atalarymyzyň, dostlarymyzyň we beýleki ýakynlarymyzyň kandilleri gönüden-göni gidilip ýa-da telefon, faks, e-mail çekilip gutlanmaly; dilegleri islenmeli;
19. Bu kandil gijeleriniň gündizlerinde mümkin bolsa agyz beklemeli;
Allahym, bizleri şu mübärek gijeleriň ählisinden iň oňat ýagdaýda peýdalanyp, Öz dergahyňda söýgüli bendeleriň hataryna goşulanlardan eýle!
Ämin! "
Beyleki mubarek gijelerin ahlisi barada ginishleyin maglumatlary www.yslam.info sahypasynyn gozleg ayratynlygya "kandil" ya-da "gije" yazmak arkaly tapyp bilersiniz!
Yetip gelyan Mubarek 3 aylarynyz we Regaib gijaniz bn tuys yurekden gutlayan! Dileglerinizde yatlap durun bizlerem!
sag bolun!
-
hasrat
15 years ago
- shakirt we merdanmr, sizlere kop sag bolsun aydyan! Ramazan ayynda teravih namazy okalyan bolmaly. Sonun her gune yazylyan sogaplary bar diyip esdipdim. Solar barada maglumat bilyaniziz barmy?
-
chopan
15 years ago
- Ellerinize bereket, köp köp Allah yalkasin yazanlariniz üçin.
oglanlar-gizlar yetip gelen mübarek üç aylariniz gutli bolsun. hemmamize bu aylarin manisina düşünip geçirmegimizi Allah nesip etsin!
-
şakird
15 years ago
- terawih(tarawa) namazynyň sogaplary:
Hezreti Aly(kerramallahu wejheh), şeýle rowaýat edýär; 'Ramazan aýynda terawih namazyny okamagyň garşylygy nämedir' diýip sorapdyrlar. Pygamberimiz(saw), şeýle diýdi:
gije terawih namazyny okasa:
* Ejesinden indi doglan ýaly günäleri bagyşlanar
* Allah (j.j.) ene we atasynyň günälerini bagyşlar
* Bir melek şeýle diýýär :" amalyny Allah (j.j.) razylygy üçin berjaý et, geçmişdäki günäleriň bagyşlanar"
* Töwrat, İnjil, Zebur ( we Gurhan-y Kerim'i hatmeden(okap gutaran) ýaly sogap gazanar
* Firawun'yň zulmundan gaçan Musa (a.s.) kömek eden ýaly sogap gazanar
*Allatagala hezretleri, Ibrahim(a.s.)'a beren sogabyny oňa-da berer
*Hezret-i Dawud(a.s.) bilen ybadat eden ýaly sogap alar
* Allah dünýäde we ahyrýetde haýyrlar bilen sogaplandyrar
* Kabul bolan umre we haj sogaby alar
* Beýt-i mukaddesi(Käbäni) oňaran(bejeren) ýaly sogap gazanar
* Gadyr gijesi ir-sähere çenli ybadat eden ýaly sogap gazanar
* Bütin doga-dilegleri kabul bolar
* dowzahdan gutulyp, Jennede girer ýaly aklanar
* Pygamberler(a.s.) sogaby beriler
*bir melek "Allah seniň ene we ataňdan razy boldy" diýer
* Allatagala Hezretleri, firdöws jennediniň derejesine galdyrar
* O gula şehitleriň, salyh gyllaryň sogaby beriler
* Allatagala Hezretleri, jennetde nurdan bir köşk berer
* Kyýamatda Allatagalanyň huzuruna gamsyz we kedersiz çykar
* Allatagala onuň üçin jennedte bir şähir gurar
* Dünýäden günäsiz şekilde çykar
* Kyrk ýyllyk ybadat eden ýaly sogap alar
* Allatagala, gabyr azabyny aýyrar
* Kabul edilen 1000 Haj sogaby alar
* Dünýäde gam we kederden emin bolar
* Melekler 'bu bu terawih namazyny okady' diýip şaýatlyk eder
* "Eý gulum, jennet miwelerinden we sel-sebil suwlaryndan ýuwun we howz-y kewser'den iç. Men seniň Rabbiň, sen meniň gulumsyň" diýer
-
hasrat
15 years ago
- sagbol sakirt dost! bu sogaplaryn hemmesi bir gun kilan namazyn ucinmi yogsa-da her gune birimi?
-
merdanmr
15 years ago
- ana, men hem bir zatlar goýjak indi :)
diýenimden gijiräk boldy, aýyplaşmaweriň!
näme-de bolsa, 3 aýlaryň girmegine 1 gün galdy, şoňa begenýän :)
başladym onda:
Üç aýlara girilende (24 Iýun 2009 – 3-nji gün)
Dini nukdaý nazarda "Şühur-y selase", ýagny mübärek “üç aýlar” hökmünde bilinýän bu möwsümiň gelmegi bilen birlikde Musulmanlaryň ruhlary aýratyn bir hözire gowuşar, çünki, bu aýlar Ylahy rehmetiň joşýan aýlarydyr. Bu üç aýlar Rejep, Şaban we Remezan aýlaryndan ybaratdyr. Her haýyr amalyň sogaby beýleki wagtlarda on bolsa, Rejep aýynda ýüzden geçer, Şaban aýynda üç ýüzden köp bolar we Remezan müňe çykar we Juma gijelerinde müňlere we Gadyr gijesinde otuz müňe çykar. Şeýle köp baky peýdalary we sogaplary gazandyrýan; üç aýda segsen ýyllyk bir ömri iman ähline gazandyryp biljek üç aýlaryňyz bilen gutlaýarys!
Üç aýlara ädim ätýäris. Üç aýlar öz içinde bar bolan hazynalary bilen ene mähri deýin gurşamaga taýýar, emma biz üç aýlary öz gadyryna laýyklykda garşy almaga taýýarmy?!
Günlük durmuşymyzyň akyşynyň içinde parhynda bolsagam, bolmasagam durmuşyň kada-kanunlary boýunça dürli künjekler we maksatlarynyň içinde ýitip gidýäris Kyn we typançak wagt dilimleriniň içinde ýalan we ýasama zatlaryň täsirinde galýarys Şol sebäpli-de, durmuşyň asyl maksadyny ýatdan çykaryp gidýäris.
Aslynda, bizi asyl maksadymyzdan uzaklaşdyrjak şeýle meselelere üns bermän, hüşgärlik bilen olaryň biziň ruhymyzy öz torlaryna çolamaklaryna böwet bolmalydyrys. Allah bize bugünlerde altyndan gymmatly pursatlar berýär - üç aýlar! Aslynda, muňa hakyky we ylahy plan hem diýip bileris, çünki, Biribar bu aýlarda bagyşlamagyny, nygmatlaryny bereket bilen ýagdyrýar Rejep, Şaban we Remezan aýlarynyň bütin gün we gijeleri garaşylmaýan bereketler bilen doludyr
Üstesine, bu aýlaryň içinde bolan Regaib, Miraç, Berat we Gadyr gijeleri hiç bir maddy we dünýewi ölçegleri bilen deňeşdirilip bolmajak ýagdaýda ylahy yzzat-ykramlar bilen bezelendir. Aslynda, azyrak köňül hüşgärligi, dykgat we çynlakaýlyk bilen bu günleriň we gijeleriň bereketlerinden peýdalanyp bilsek, ruhy ýoldaky köp ejizligimizi düzedip, günälerimizden tämizlenip, ap-arassa ýagdaýa gelip bileris Munyň üçin näme etmeli?! Bu pursat aýlardan nädip iň oňat ýagdaýda peýdalanyp bileris?
aşakda sanaw goýlar.
-
merdanmr
15 years ago
- NEBSIMIZI HASABA ÇEKMELI
Ilki bilen nebsimizi oňat edip hasaba çekmeli. Bugünlerde öz-özümizi tankyt etmek bolan nebis bilen hasaplaşma, aslynda, ynsanyň öz duran ýerini anyk görmegi üçin örän ähmiýetlidir. "Men nireden geldim? Bu dünýä iberiliş maksadym näme? Häzir näme edýärin? Nirä gidýärin?" ýaly soraglary özümize sorap, pikir derýasyna açylmaly, durmuşymyzyň gowy tarapyny we kemçiliklerini çykaryp, bir raport taýarlap, öz ýagdaýymyz hakynda baha bermelidiris Şeýlelik bilen eden säwliklerimizi we günälerimizi has gowy we ýakyndan görme pursatynya eýe bolarys hem-de olary iň oňat ýagdaýda düzetmäge.
-
merdanmr
15 years ago
- toba etmeli
Eden günälerimiz üçin, yhlasly ýagdaýda toba etmeli, çünki, päk ýürekden gelen puşmanlyk we arassa niýet bilen edilen tabalar ynsany günälerinden tämizlär Ondan soňra bu duýgy köňül dünýämizde parlap duran bir yşyk ýakar we bizi ybadat we wezipe yşky bilen haýyrly, bähbitli, bereketli we peýdaly işleri amal etmegimize sebäp bolar.
-
merdanmr
15 years ago
- Agyz bekläp bileris
Bu günlerde Allah Resulynyň beýleki günlere garanyňda has köp agyz beklänini we hemişe haýyrly, bähbitli işleri amal edýänini görýäris Bizem başardygymyzdan adatdan köpräk oraza tutmaly, şol bir sanda bu Remezan orazasyna-da taýýarlyk bolýar, elimizdäki mümkinçilikler boýunça mätäç ynsanlara maddy goldawlar berip, olary begendirmelidiris.
-
merdanmr
15 years ago
- Köp mukdarda Kurany Kerim we Onuň türkmençe manysyny hem-de hadys okap bileris:
Bu mübarek günlerde mealy(manysy) bilen birlikde manylaryna-da düşünip, Kuran okama ýaryşyny başladyp bileris Agşamlary kän däl, on ýa-da yigrimi minudymyzy bu işe aýyralyň! Her gün namazlarda okaýan sürelerimizden başlap, Kuranyň mealyny okap, öwrenip we pikir edip bileris Bu mynasybetli bolsa öýümizde aýratyn bir bereket bolar we Kuranyň nury bilen içimiz ýagtylar .
-
merdanmr
15 years ago
- REMEZAN - BEREKET AÝY
Üç aýlaryň iň soňkusy bolan Remezan aýy (21 08 2009), on bir aýyň soltany we aýlaryň iň bereketlisidir, çünki, bu aýda Kuran aýatlary indirilmäge başlandy we bütin aý boýunça oraza tutmak parz boldy Kuranyň bu aýda indirilmäge başlany üçin, bu aýyň içinde Kurany Kerimiň beýany bilen “müň aýdan has haýyrly bolan Gadyr Gijesi" (15 09 2009) bardyr Bu gije Allahyň möminlere sowgat eden örän beýik bir ykramydyr Remezan aýynyň her gijesiniň bereketli geçirilmegi üçin, bu gijäniň takyk wagty gizlenendir, ýöne Gadyr gijesiniň Remezanyň soňky on gününiň içindeligine degişli güýçli yşaratlar bardyr
Allah bizleriň mübärek üç aýlardan hem-de içindäki ähli mübärek we bereketli gijelerden iň oňat ýagdaýda peýdalanyp, amal edip, bar bolsa bu dünýäde eden günälerimiziň bagyşlanmagyna, ýok bolsa, Özüne has ýakynlyk gazanmagymyza sebäp etsin; ahyretde Firdews jennetini, pygamber goňşulygyny gazanjak we juma günleri juma sagadynda Öz Jemalyny tomaşa eden bendeleriniň hataryna goşsun! Ämin!
-
mejnun_i
15 years ago
- bu aylarda hatim indirjeginiz zat yokmow hemişe başyny başlayan weli sonyny gutarmanka remezan gutarya weli paylaşsak sogabynda bilelikde paylaşarys diyjekdim.guk diyiyn eger şeyle işe girişen wagtynyz
-
hasrat
15 years ago
- sag bol merdanmr!
-
merdanmr
15 years ago
- men hem minnetdar, hasrat!
bu aylarda hatim indirjeginiz zat yokmow hemişe başyny başlayan weli sonyny gutarmanka remezan gutarya weli paylaşsak sogabynda bilelikde paylaşarys diyjekdim.guk diyiyn eger şeyle işe girişen wagtynyz
mejnun_i
ikimiz başladaýaly?!
men başlangyç hökmünde 11-20-nji jüzleri alýan. ilkinji onluk we soňky onlugy almak isleýänlar - baş üstüne!
Gowy teklip, mejnun_i, berekellah!
Allah sogabyny iň oňat ýagdaýda bersin!
Niýetini etmek hem sogap, enşallah, ony alansyňdyr!
-
hasrat
15 years ago
- name wagtyn icinde 1 aydamy gutarmaly?
-
hasrat
15 years ago
- name diyipdirin nace bolmaly
-
merdanmr
15 years ago
- hasrat, şeýle edäýeliň isleseňiz:
agzalar bolup her aýa bir(näçe) hatim.
şu wagt birinjisini alýas :)
Ilkinji hatim üçin:
Başlangyç: 24-nji Iýun (bugün)
Hatim duasy: 24-nji Iýul (1 aý soň)
Men okaýaýyn "Hatim dilegini(dua)" hem!
Allah kabul etsin!
PS: Size menden teklip: geliň, şu hatim barada aýratyn mowzuk açalyň we şol ýerden yzarlalyň hatim etmek isleýän agzalaryň jüz alma haýyşlaryny we alan jüzlerini okaýyşlaryny yzarlamak, olara çalt okanlardan goldaw bermek we ş.m. ýagdaýlar üçin!
Mowzugyň ady bolsa:"Hatim - üç aýlarda agzalaryň hatimi"
Nähili görýäňiz?! Eger iki-üç sany hem agzaň jogaby "hawa" bolsa, onda içiňizden biriňiz açsyn şeýle mowzugy! Men hem höwesjeň gatnaşjaklardan biri bolaryn, enşallah!
-
muslimah
15 years ago
ikimiz başladaýaly?!
men başlangyç hökmünde 11-20-nji jüzleri alýan. ilkinji onluk we soňky onlugy almak isleýänlar - baş üstüne!
Gowy teklip, mejnun_i, berekellah!
Allah sogabyny iň oňat ýagdaýda bersin!
Niýetini etmek hem sogap, enşallah, ony alansyňdyr!
merdanmr | 2009-06-23 21:18:53
menem bashlardym,yone ongurti kyn gormesengiz shunga degishli delil yokmay?yagny ongden sahabalar tarapyndan edilen zatmy shu?birhili goraymeng,delilini okasym gelyar,ozumem gozlejek,sizem bilyan bolsangyz gayrat edip goyayng shu taya
-
hasrat
15 years ago
- acayyn emma men calt okap bilyan daldirin
-
hasrat
15 years ago
- merdanmr sizin ozuniz acsanyzlan! Ony yzarlamaly, men islan wagtym girip bilmeyan int'te
-
merdanmr
15 years ago
yone ongurti kyn gormesengiz shunga degishli delil yokmay?yagny ongden sahabalar tarapyndan edilen zatmy shu?birhili goraymeng,delilini okasym gelyar,
giň ýeriň gürrüňini edýäsmi :)
Näme, indi hatim etmek ýa Kuran okamak üçinem delil gerekmi?! Muny biz aýatlar ýa hadyslar buýurýar diýip däl-de, öz islegimiz boýunça etsek bolanokmy?!
"Okalan wagty sogap gazandyrýan ýeketäk kitap bar, olam Kurany Kerim" diýesim gelýär meň-ä! Okalan her 1 harpy üçin sogap bar. Ýokarda-da ýazgy goýupdyk, ine:
"...Dini nukdaý nazarda "Şühur-y selase", ýagny mübärek “üç aýlar” hökmünde bilinýän bu möwsümiň gelmegi bilen birlikde Musulmanlaryň ruhlary aýratyn bir hözire gowuşar, çünki, bu aýlar Ylahy rehmetiň joşýan aýlarydyr. Bu üç aýlar Rejep, Şaban we Remezan aýlaryndan ybaratdyr. Her haýyr amalyň sogaby beýleki wagtlarda on bolsa, Rejep aýynda ýüzden geçer, Şaban aýynda üç ýüzden köp bolar we Remezan müňe çykar we Juma gijelerinde müňlere we Gadyr gijesinde otuz müňe çykar. Şeýle köp baky peýdalary we sogaplary gazandyrýan; üç aýda segsen ýyllyk bir ömri iman ähline gazandyryp biljek üç aýlaryňyz..."
Üç aýlarda Pygamberimiziň(SAW) we sahabalaryň adatdan has köp Kuran okanlary çyn, aýratynam, Remezan aýynda! Hatda, Jebraýyl perişde bn Pygamberimiz (SAW) "mukabele", ýagny, "iki bolup Kuran okama" amalyny hem eden ekenler. Munyň delilini özüňiz aňsatlyk bn taparsyňyz-la :D
Garaz, goşulmak islesek goşulaýalayň! Diňe Kurany hatim edip, sogap gazanmak üçinem haýsydyr 1 çeşme soramak nämä gerek?!
Bolýar-da! Bähbit bolsun!
-
merdanmr
15 years ago
- hasrat, men açjak däl! men hem hemişe bärde bolman bilerin. Iň azyndan 1-nji hatimde men bar, enşallah. Soňkylarda Allah Kerim!
Biri açsa açar, açmasa-da bähbit bolsun!
Wesselam!
-
muslimah
15 years ago
- merdanmr soragyma yalngysh dushunipsingiz,kurany hatim (okamak)uchin elbetde delil gerek dal,ol her birine de dushnikli,mening sorayshym,gruppa bolup we 1 kurany kopchulik bolup hatim yapmak ong edilenmi diyip soradym,edilen bolsa menem shatlyk bilen goshularn inshaAllah,yone delilini soraydym,shu sahabalaram bileleship bir kurany oz arasynda juzlary paylap etdilermi diyip soraydymda,ozleri bir kurany okap hatym yapanyna shubham yok,yone gruppa bolup paylashp hatym yapany barada dogrysy delile dush gelmandim,elbetde edilyan zat bolsa ol soraga jogap bardyr,insha Allah tapsam goyarn we delil bolsa size goshularn :)
we bir zat etmezden ong shu zat ong edilenmi yokmy diyen maksat bilen gozleg etmeging erbet yeri yokmyka diyyan :)
wassalam
-
merdanmr
15 years ago
- :D
"özüme kejir diýerdim-aý" kämahal welin, diňe men däl öýdýän :)
Türkçä düşünýäs öýdýän ýazgylarymyzdan, şu ýagdaýda edil ýokarky soraga takyk jogap bolmasa-da, azyrak goldagçy hökmünde şu ýeri okap bileris. Türkçe gysgaça:
“...Kur’ân-ı Kerim’i Resul-i Ekrem Aleyhissalâtü Vesselâmla Hz. Cebrail karşılıklı okurlardı. Bu okuyuşu daha sonra Kur’ân hâfızları devam ettirmişlerdir. Yani, meselâ on âyet birisi okur, diğeri dinler, on âyet de birisi okur, diğeri dinlerdi; bu müşterek bir okumaydı.” (1)
Bugün cami ve mescitlerimizde ise bir veya birkaç hâfız her gün bir cüz’ü paylaşarak okuyor; okumasını bilen Müslümanlar Kur’an’dan takip ediyor, bilemeyenler de sadece dinliyorlar. Ramazan’ın son gününde de 30. cüz okunarak Kur’ân hatmedilmiş oluyor.
Burada sadece Kur’ân okuyan hâfızlar değil, hem Kur’ân’ı takip edenler, hem de bir ay boyu muntazaman dinleyenler Kur’ân’ı hatmetmiş sayılıyorlar ve sevabını alıyorlar. (2)..."
garaz, nähili namaz ýeke okalanda 1 sogap, jemagat bolup okalanda 27 esse köp sogap gazanylýan bolsa, "şahsy/şirketi manewi" diýen ýagdaýda Kurany hem üýşüp okamagyň sogaby bardyr ýa-da köpdür. Muňa delil ýene 1 hadysdan:"Jemagatda(köpçülikde) rehmet bardyr, aýrylykda azap!"
Pygamberimiz we Hz.Jebraýyl iki bolup başlatsa, musulmanlar muny has köp san bolubam dowam etse bolýar, ýokardaky türkçe ýazgyda bar bu.
Sahabalary "tolpa" bolup hatim edipdirlermi ýa ýok - ony biljek däl!
Aý, özümizem hatim ederis-laý, minnetli ýa şertli goldawlar gelmese-de :D
-
muslimah
15 years ago
Burada sadece Kur’ân okuyan hâfızlar değil, hem Kur’ân’ı takip edenler, hem de bir ay boyu muntazaman dinleyenler Kur’ân’ı hatmetmiş sayılıyorlar ve sevabını alıyorlar. (2)..."
sag bolung, soragyma jogap tapanyngyza,howa men diyshingiz yaly biraz sorag kan beryandirin :P
shu yokardaky sitatalan yere delil sorandym aslynda,onda delil getirenok,dinge Pygamberimiz saw Jebrayyla remezan aylary qurany okap beryan eken,hatym yapyan eken,yone ol yerde sahabalar bilen toplanyshyp juz paylashyp,yzyndanda her adam hatym yapan yaly bolyar diyen yeri yok,delil yok,ol dinge bir adam ozining goshan sozi,delil bolmasa diymek yok,bolsa diymek bar.
yone kopeliship bir kurany okasang hatym eden sogabyna degyar diyen delili sorapdym,ykardaky bolsa ol manyda gelenok,garaz shu wagtda menem gozledim we tapdym,oz arangda juz paylashyp okamaklygyng elbetde erbetligi yok,sebabi her okan harpynga sogap yazylyandyr,yone yokardaky aydylyshy yaly,kopeliship juz paylap toppak bolup bir kurany hatym etmek bileleship,ol her gruppadaky adam kurany hatym eden yaly sogap gazanyar diyen zat yok eken,yagny okasang sogaby yazylar elbetde ,yone,1 ya iki juz okap kurany hatym yapan yaly bolangok ekeni,ashakda fatwa goyyan:
-
merdanmr
15 years ago
- bäh, bolsa-da erjel/tutanýerli/özdiýenli biri ekenik :)
dogry ýazypsyň - näme diýeýin. "şertli goldaw" meselesini ýatladaýaýyn onda:)
galyberse-de, men-ä diňe şu hatim bn oňmaryn, daşyndan diňe özümem birini hatim edermikäm diýýän, enşallah :D
netije: siz mamla, bize gulak asmaň we arkaýyn özüňiz hatim ediberiň :)
-
muslimah
15 years ago
- Giving ajza’ (parts) of the Qur’aan to those who attend the gathering so that each of them may read a part of the Qur’aan by himself is not regarded as meaning that each of them has completed the Qur’aan.
Their intention of reading Qur’aan for the purpose of seeking blessing is not enough, because the purpose of reading Qur’aan is to draw closer to Allaah and to memorize Qur’aan, ponder its meanings, understand its rulings, learn lessons from it, earn reward and make one's tongue get used to reciting it, etc. And Allaah is the Source of strength. May Allaah send blessings and peace upon our Prophet Muhammad and upon his family and companions.”
Note: Evidence is required of the one who claims that something is prescribed in Islam, otherwise the basic principle with regard to acts of worship is that they are not allowed unless there is proven evidence that they are prescribed. Based on this, the evidence that this belief is not prescribed is the fact that there is no evidence to suggest that it is permitted.
And Allaah knows best.
Islam Q&A
cheshme
garaz gysgacha quran okamaklyk elbetde uly sogap,arangyzda paylashyp okasangyzda her harpyna shubhesiz sogap gazanarsyngyz,yone juz paylashyp,1 ya 2 juz okap bir kurany hatym eden yaly bolangok,onga delil yok(mena tapmadym,bolsa yenede gayrat edip goyung),diymek,dinge her harpynga sogap yazylyar,olam erbet dal :) :)
-
muslimah
15 years ago
netije: siz mamla, bize gulak asmaň we arkaýyn özüňiz hatim ediberiň
merdanmr | 2009-06-23 22:44:50
insha Allah,allah hemmamizing eden yahshy amalalrymyzy kabul etsing Ameen
-
merdanmr
15 years ago
Giving ajza’ (parts) of the Qur’aan to those who attend the gathering so that each of them may read a part of the Qur’aan by himself is not regarded as meaning that each of them has completed the Qur’aan.
bäh, fetwany beren ekeni haýsy ymam ýazanam bolsa. Bilmedim, umumy ýagdaý şeýle öýdýän, men-ä aýratyn gözleg geçirmedim bu babatda.
synag: Ýokardaky maglumatlar giňişleýin we gowy ekeni :)
-
merdanmr
15 years ago
- synag başarnyksyz boldy, bähbit bolsun!
insha Allah,allah hemmamizing eden yahshy amalalrymyzy kabul etsin Ameen
Ämin!
-
hasrat
15 years ago
- bugun rejep ayi baslady. Rejep ayynyn basynda, ortasynda we sonunda 3 gun agyz beklan butin ay beklan yaly sogap gazanyar. Bu sogaplary gacyrman.
Ertirki kandilinizem tuys yurekden gutlayan;)
-
ata
14 years ago
- salam agza we myhmanlar. men kone, yone taze agza B-) Mubarek 3 aylar 13 iyun bazar guni yagny 4 gun sonra bashlayar. Regaib gijesi bolsa indiki hepde 4-nji gun agsham bolmaly. 17-sini 18-e baglayan gije. Yokarda bu aylar barada gerekli maglumat we maslahatlar yazylandyr. Yatladayyn diyip girdim. Yagshy doga-dileglerde bolun! Mubarek 3 aylarynyz we gijeleriniz gutly amally bereketli hayyrly we peydaly bolsun.
-
Cwetocek
14 years ago
- Shu yazgylary yazanlara mun kerem minnetdar!!! Goy beyik alla sizden razy bolsun!!! Bu yazgylary okap men kop zatlary owrendim sagbolun!!!
-
shaka
14 years ago
- Näme öwrendiñ?
-
Cwetocek
14 years ago
- Kop zat diyip yazdma shaka
-
shaka
14 years ago
- Mänä bulary öñem bilýän
-
Cwetocek
14 years ago
- Tuweleme!
-
shaka
14 years ago
- Hmmm
-
MELISSA
14 years ago
- nahili akyllyja shaka :-)
-
shaka
14 years ago
- Ha ha
-
enayja
14 years ago
- Chyndanam gowy zatlar yazlypdyr, kop sagbolsunlar.. A bu yyl hachan oraza, bilyaningiz barmy?
-
prikolmyrat
14 years ago
- Sanjar ayynda
şakird 15 years ago- (REJEP-ŞABAN-RAMAZAN)“Allahümme bärik lenä fi Rejebe we Şaban we bellignä Ramazan”
“Ya Rebbi, bize Rejep we Şaban’y mübärek eýle ve bizi Ramazan’a gowuşdyr.”
* Her gün şu doga okalýar,
* Lä ilähe illAllah, kelime-i töwhidi her gün müň gezek gaýtalanýar.
* Bu aýlar eşret we berekedi nämütenahi(soňsuz) bolan aýlardyr.
* Rejeb hormat, Şaban hyzmat, Ramazan bolsa nygmat aýydyr.
* Rejep toba, günäleri terk we Allatagala dönüş aýy, Şaban mähir, Ramazan bolsa karabet(ýakynlyk) aýydyr.
* Rejeb, eziýedi terk üçindir. Şaban amal we wepa üçindir. Ramazan sydk ve sapa üçindir.
* Rejeb şeýle bir aýdyr, Allatagala onda gat-gat sogap berer.
* Şaban şeýle bir aýdyr, onda keramata garaşylar.
* Rejeb sabyklaryň(geçen, öňki), Şaban muktesidleriň(wagtyny bisarpa geçirmeýän), Ramazan bolsa asileriň(gam çekýänleriň) aýydyr.
* Rejeb tohum ekme, Şaban suwlama, Ramazan bolsa hasad(hasyl) aýydyr.
* Ýyl agaç ýalydyr. Rejeb aýy agajyň ýaprakly, Şaban miweli, Ramazan bolsa miwesiniň toplanjak wagty ýalydyr.
* Rasulullah -sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýýär:
“Rejeb, Allatagalanyň; Şaban meniň we Ramazan ymmatymyň aýydyr.