Salam kursdashlar! We talyplar.com- a dashyndan tomasha etýän agzalar! Gowyjamy ýagdaýlaryñyz? ;) bolýa indi tema girisheli. Meni uly bir filosofiki sorag gyzyklandyrýar. Oglanlar mekirmika ýa-da gyzlar. Iki tarapam gowy aldaýa. Men söýgilimi aldadymmykam diýýän weli, görsen ol meni aldapdyr. Meninem aldan wagtym bolýar. Sizin pikiriniz?
Gyzlar mekirmi ýa-da oglanlar???
-
muslimah
16 years ago
- howa,shu gyz oglan mowzuklar,gyzlar bir tarapa oglanlaram bir tarapa bolup yzy jedele owrulip gidya,gysgacha aydayyn:
her durli adam bar,her kimem ozune bagly
-
Samuray
16 years ago
- Pln, bu bolgusyz jedel dal. Bu filosofiýaaa.
Seni kan gyz aldapdyr oytyan;)
-
grasshopper
16 years ago
- gyzlar gaty kop bilyahow :D
-
Samuray
16 years ago
- Kä wagt nalaj edeýin görunjek bolup aglaberýärler. Oglanlaram nebsi agyryar. Sonam etjegini etyaler.
-
grasshopper
16 years ago
- kop bilip edyalarda sonam :D
-
pln
16 years ago
- ay nabileyin bundan filosofiya bolaysa...muslimahyn aydyshy yaly her durli adam bar. gyzlar beyle oglanlaram sheyle diyip bilemok mena. her adam uchin individual hasiyetnama berilmeli.
-
Rowshen-Jm
16 years ago
- Gyzlar gulak bilen oglanlar göz bilen
-
Rota
16 years ago
- Käbir gyz puly govy göryäde ayagy tayanyny bilmän galyar.Kä biri avrayy b/n göreshyär
-
Rowshen-Jm
16 years ago
- Buda oba pikiri
-
shoh
16 years ago
- oglanlar aldamagy basharanok.. shon ucınem aldajak bolanda derrew aldayandygy bılınyar.. yagny tutulyarlar..
gyzlar aldamaga gaty okde bolansonlar aldasalaram aldanlygy bılınenok..
menem bıryerden esıdıpdım shu pıkırı ozumden cykarmadym..
-
Rowshen-Jm
16 years ago
- Näme diýseñem oglan mekirräk bolýar ýalan bolsa aýdaýyñ oglanlar
-
talyp145
16 years ago
- Aslynda oglan mekir bolypbler,yöne mekir bolmak aldamaga ökde diymek dala!
Gepin gyskasy,niyetim jedelleşmek dal welin,oglanlara göra gyzlar yalançylykda has ussatmykam diyan.
Yene yazaymanlar,'köp allanypsyn diyip'-eyle zt hali bolmady,bolan wagtam çaresi tapylarda...
Garaz muslymah,we beylki dostlarmyzyn diyşi yalak,hemme kiminem öz ayiby bar...
-
olya-lya
16 years ago
- Hemmanize salam,bu yerde gyzlar yok diyip gyzlar hakynda her zat diyip otyrsynyzlay,gaty gorman gyzyn arkasyndan gun gorjek bolyan oglanlaram az dal,elbetde hemmesi beyle dal,oylanma gowy mysal getiripdir.
-
Bayram-Jm
16 years ago
- olya-lya oglanlar gyzlaryñ arkasyndan gün görjek bolýar diýipsiñmi?:) tersinede bolup bilýändir:)
-
Rota
16 years ago
- Dogry aydyañ
-
Panturkist
16 years ago
- by iki jynsyn haysysynyn beynisinin uludygyny biljekdal, sebabi ululyk hökmanam dal. yöne beyindaki yygyrtlar uly rol oynayar. erkegin yygyrdy ayalynka göra köpürak diyilyar. yöne ayal maşgala-da çaga dogurandan son akyllanyar diyaler. bular meň pikirlem ;)
-
perizat
16 years ago
- salam!!!!!! men oz pikirimi yazsam sheyle: oglaryngam,gyzlaryngam mekiri az dal; yone shu zamanda oglanlar has mekirrak; yene-de gyzyng ejizliginden oglanlar peydalanyar!!!!!
name oglanyng yitiryan zady yokda shonung un olar arkayyn gurleyarler emma gyz abrayyny saklamaly bolyar!!!!!
-
Panturkist
16 years ago
- +1 perizat
-
Fat4l!ty
16 years ago
- gyzlar ozlerine mekirdirin oydyaler, emma hakyky sheytan oglanlar..:):P
-
Maxat
16 years ago
- men pikirimça gyzlar mekir bolya, dinlan bolsanyz şu temada "Cem yılmaz-ın" standup-y bolmaly, şonda, gyzlar maşgala kiçiliginden aldamaga öwrenşen bolya, sebabi olary maşgalasy, agasy, inisi gorap saklamaly bolya, onson olar yuwaş-yuwaşdan mekirligi, kiçirak yalan sözlemgi öwrenip başlayalar, tejribe gazanyalar, oglanlar bolsa hemme zady gönimel aydyp olara yalan,mekirlik gerek bolanok, şeydip gyzlar tejribelirak bolya, şonda aytya, eger gyz oglany otelde tutan bolsa oglan mekirligem edip bilmeya "haysy otelde" diyip sorag berip özini tutdurar diyya, eger gyz tutulsa gepi bilen seni turizm duşmany edip görkezer diyya((
-
Samuray
16 years ago
- Gyzlardan mekir zat ýogaý. Ýañy söýgülimi joralary bilen kafede gördüm. Jañ edip "nirede sen" diýsem "garry enemlerde" diýip jogap berdi.
Gyzlaryñ ganynda baroow aldamak.
-
declan
16 years ago
- Samuray dost dogry!!! şon yaly yagdaya menem düşüp gördüm.
Menin bır söygilim tomusda krasnawotska gidipdi. bır naçe günden son mana jan edip dıyyar:''men zumerchas,rude bilen tanyşdym''
şol wagt ol gyz tanyşmady,başga zadam edendir. men aytjak bolyan zadym gyzlar gozune seredıbem yalan sozlap otyrlaroow!!! gyzlara hayran galaymaloow!!? oglanlardaky yok güyç şolarda bar.
-
Samuray
16 years ago
- gyzlar sheýtany aldan diýýäler
-
declan
16 years ago
- bah! gowja gyz tapjak bolmalyda!
aý hemmesi beýle däl oglanlar!
ойланма | 2009-05-07 06:28:09
Dost men ahyry sony gowja gyz tapdym hudaya şükür! men gepım gowy gyzda dal,yone şol gyzyn şonun yalydygyny aytdym,gyza zar dal!?
-
Samuray
16 years ago
- sen bolmasañ, senemjan
oglanlara durmushda gerek nakyllaryñ biri
-
muslimah
16 years ago
- baybow,kimler gurleyare,gyzlar oglanlary aldaya?oglanlar gyzlary has kop aldayyan bolaymasyn? :)
-
Samuray
16 years ago
- Oýlanma! Temany fludd, offtop etme.;)
-
gulianna
16 years ago
- gyzlara şeytan diyyaler yöne gyzlar bolmasa dünya nahili bolardy siz muna name diyersiniz
-
abcdefg
16 years ago
gyzlara şeytan diyyaler yöne gyzlar bolmasa dünya nahili bolardy siz muna name diyersiniz
oglanlar bolmasa?
-
gulianna
16 years ago
- yalnyşma amazonkalar erkeksizem yaşapdyrlar yöne erkekler ayal maşgalasyz :)
-
Bayram-Jm
16 years ago
- Anzheliden mysal alsañyz erkekleren aýalsyz ýashap biläýjek ýaly.:D
-
kary
16 years ago
- ayal gyzlara sheytan diyilmeyar,sheytana sapak beren diyilyar ,men eshiden zatlarymdan birini aydyp bereyin bir zamanlarda bir adam sheytan b/n dostlashypdyr sheytan b/n ynsanyn arasyndaky dostlyk uzaga gitmandir,adamzat dostlugyny kesmek uchin elinden gelenini edipdir emma basha barmandyr,ona agyr agyr yumyshlar buyrupdyr ,her nache agyr yumushlar buyrsada sheytan ony bir kemsiz yerine yetirer eken adamzat chykalga tapman keyvanysyna aytmagny yuregne duvipdir ve aydyp beripdir,buny dinlap ayaly arine heyem on gaygysyny ederlermi diyip depe sachyndan bir tar yolup beripdirde shey diyipdir sheytan gelen vagty bu sachyn taryny ona berde plan dagyn depesinde dikip gayt diygin diyip ovredipdir,ari ayalynyn aydyshy yaly edipdir shondan son gachyp gidipdirmi yada henizem sachyn taryny dikjek bolup yormi belli dal.men buny aytmak bilen turkmen gelin gyzlarmyzy durmushymyzyn bezegidigni hojalygmyzyn gorkidigni oylermizin sutunidigni bellap gechesim gelyar,hemde shuny diyesim gelyar turkmen gelin gyzlarmyzyn mashgalalarmyzyn orunlary elmydama depamizdedir.
-
Bayram-Jm
16 years ago
- kary azyrak uçurupsyñ diýmesem dogry aýdypsyñ. Depäñden orun berseñ depäñe çykyp oturarlar. Gowusy ýürekden ýer bermeli... Ýürekden ýer berseñem ýürege düsherler, menä haýran gyzlara...
-
Achilles
16 years ago
- Gyz däller
-
Rowshen-Jm
16 years ago
- Näme däller?
-
Achilles
16 years ago
- 'Gyz' däller
-
Rota
16 years ago
- Bu aydyanyñ nämäni añladyar
-
Achilles
16 years ago
- Namesi dushnuksizay? Gyz däller. Yagny öñ gyz bolup indi däller mekir diydigim.
-
Rowshen-Jm
16 years ago
- Ha.öñden sheý diýmeli hoow
-
Achilles
16 years ago
- Ay röw$en sadalygyny bildiryän- ow :-)
-
Rowshen-Jm
16 years ago
- Aý beýlede däldiris
-
Achilles
16 years ago
- $ustrija bolmal-a, 'gyz' diymäkäm 'däl' diymel-ä :-)
-
Rowshen-Jm
16 years ago
- Bor
-
perizat
16 years ago
- name gyzlar gurlanok diyip halys aytjagyngyzy aydyp otyrsyngyzla!!!!!!!!!!!!
men bir zady bellasim gelyar gyzyngam gowsuny tapmak kyn,oglanyngam?!edil suri agsaksyz bolmaz diyilshi yaly oglanyngam mekiri bardyr, gyzyngam!!! onung un gyzlaryng gownune degmesek gowy boljak yaly!!!
-
declan
16 years ago
- ok! tapan bolsaň bolýar!
declan men seni tanaýanmykam?!
sen näçe ýaşyňda?ойланма | 2009-05-07 06:41:16
Dost men 17 yaşymda,kim rayondan,16-njy mekdebin yanynda yaşayan!!!
-
antiwirus
16 years ago
- gaygy etmän oglanlar türkmenler gyz bilen duza gytçylyk yok diyipdirler biri bolmasa beylekisi bolarda:):):):)
-
declan
16 years ago
- ok!!!
-
declan
16 years ago
- ойланма!!! SEN NIREDEN BELKİ TANYŞDYRYS!?
-
declan
16 years ago
- dÜŞÜNMEDİM DOST? NAME DİYJEK BOLYAN?! GÖNİLAP AYTSANA GAYRAT ETDE!?
-
declan
16 years ago
- hİÇ DOST!!! MEN MARYLY!!!
-
declan
16 years ago
- 2 yerde yaşayan 'aşgabat','istambul'.
pln 16 years ago- haa, yenede bir bolgysyz jedele bashlalyn diyyanmi...