Mendede seniňki
ýaly söýgi bar 2
Agşam ara öýüne, begenip şatlanyp gelen Wepanyň ýüreginde birzatlar oýanypdy. Ýogsa ýigit Alladan we ejesinden başga hiçkimi söýmelidäldigini özüne berk tabşyran oglan. Sebäbi gyzlara ýada başga zatlara üns bermek, oglany, gelejekki okuwyna tabşyrmaly egzamenlere ýetişiksiz eder. Şondada Tatýana bolan höwes oglanda güýçlenip başlapdy, gyz barada köp pikirlenmejek bolsada, diýeni bolup baraýanok.
Tatýana bolsa, özüniň nämçün beýle hereket edenine, näçe köp pikirlensede düşünip bilmedi. Rus gyzam bolsa, ömründe ýeke oglana seretmedik, ýaş-juwanda özüne ynamsyzlyk döräp "Men ol ýerde näme hereket etdim, bu nähili bolýa!? Birinjidenä ol natanyş, ikinjiden ol türkmen, üçinjiden duşuşuk bolaýsada, ýaňybyr birinji duşuşuk ahyry. Meň herekedim bozuklaryňka meňzedi. Beýdip nomer bermegim bolanok. Ol men barada näme pikir etdikä!? Daşyndana gaty akylly oglana-meňzeş, belkem meň ýüregim-ruhum şeýledigini duýandyr. Gel hany akylyny barlap göreli. Bolmasa bahana tapyp sögüşmek aňsat" diýip özüni garalady. Şunlyk bilen agşam ara gyz oglana nähilidir bir düşniksiz sifrlary sms edip ugratdy. Wepa sms-i açyp gören wagty bir topar sifrlar. Wepa yzyna gyza sorag ýüzlenmesini ulanyp sms ugratdy. Gyz "eger şularyň näme aňladýanyny bilip bilmeseň, diýmek seň beýniň meň pikirlerimi kowalanok. Şeýle bolsa gaýdyp jaň etme" diýilen jogaby ýazyp ugratdy. Dogurdanam, bu nomerler nämäni aňladyp biler!? Telefon nomerä däl, doglan gününiň wagty diýsek, ony ugratmak nämä gerek!? Oglanyň ýiti, ugurtapyjylygy hergezek çykgynsyz ýagdaýlardan halas edýär, nobatdaky ýagdaýdanam Wepa aňsat baş alyp çykdy. Agşam ýatmak üçin ýerine geçen oglan, derrew internede girdi hem bu nomerleriň, id-ýagny haýsydyr bir sossial sifrlardygyny bilip poisk berdi. Gyzyň anketasyny tapyp owadan, ajaýyp, öň-görülmedik gül-suratyny ugratdy. Şeýdip ýaşlar ýazşmaklaryny gürleşmeklerini dowam ediberdiler. Görülüp oturylsa ikisde bir bilrerine düşünşip durlar. Wagtyň geçmegi bilen bu ýazşmaklara, telefonda gürleşmelere kanagat etmediler hem wagt tapsalar, duşuşmagy arzuwlaýardylar. Tatýananyň(Tanýaň) kakasy gaty talap-ediji bolara çemeli. Gyzyna hijem boş wagt goýmaýar eken. Gyz irden okuwy, öýlän goşmaça okuw, agşam-ara suwda ýüzmeli, agşam ertirki okuwa taýynlyk, ýatmagyndan öň bolsa günüň dowamyndaky geçilenzatlary gaýtalamak. Şeýle ýagdaýlar bilen gyz köp boşaşyp bilmeýär. Ahyry hem garaşylýan 2-nji duşuşuk ýetip geldi. Bellenilen wagty, bellenilen ýerde Wepa eýýäm garaşyp otyr. Sagat 19:00 töweregi. Ýönekeýje futbolkada, jynsyda, hem krossowkada gyz hünji dişlerini ýylpyldadyp geldi we:
-Salam. Köp garaşdyrdymmy?
+Ýokla köp garaşmadym, ýeri garaşanymdada seň üçin bolsa, höwes bilen garaşaryn. Gowmy ýagdaýlaň?
-Howwa. Men saňa ýazanymda düşündirendirdim, boş wagtymýok. Kakam gaty talapçyl. Şuwagdam joralarymyň ýanyna diýip gaýtdym.
+Howwa düşünýän. Hiç, seň bilen ýazşmagymam ýeterlik, duşuşyk barada bolsa arzuwam edemokdym. - diýip juwanlar skameýka geçip otyrdylar. Wepa inni nämeler barada gürrüň ederini bilmän, pikire batdy. Onsaň ilkinji duşuşuk barada soramagy makul bildi...

2-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir