Salam agzalar we myhmanlar. ep-esli öňüräk men wahhabizm barada ýazgy ýazjak diýipdim. ana şol ýazgyny nesip bolsa bugün ýazyp başlajak. "Hasap edeniň däl, nesip edeniň" diýlişi ýaly nesibe bu güne ekeni. (bugün doly ýazyp biljek däl, nesip bolsa ýuwaş-ýuwaşdan ýazaryn) Başlaýan onda: Bilşimiz ýaly 1600’li ýyllaryň soňy we 1700’li ýyllarda ýewropaly döwletler başga döwletleri öz baknalygyna mätäç etmäge başlaýar. Ýagny şol döwürlerde “Koloniýa” sözü taryha girýär. Ana şonuň netijesinde-de Beýik Britaniýa/Angliýa (mundane beýläk BB diýiljekdir) döwletiniňem beýleki döwletlerden az bolmadyk koloniýasy bolany we ýörite bu döwletleri öz göz astynda hem-de öz islegine görä edara etmek üçin “Koloniýalar Ministrligini” gurýar. Ana, mowzugymyzyň baş gahrymany Hempher(BB-yň içalysy/agenti) hem BB-nyň şol Koloniýalar Ministrliginiň emir bilen Hijri 1122, Miladi ýyly boýunça bolsa 1710. ýylda, Musulmanlary bölmek we Yslam dini barada maglumat ýygnamak üçin Müsüre, Yraga, Hijaza(Mekke we Medine) we Istanbula iberilýär. Şol taryhda we şol maksat bilen baglanyşykly ýene-de 9(dokuz) adam wezipelendirilýär. Olara gerek bolar ýaly pul, barjak ýerleri barada maglumat, karta we kartan ýany bilen bilelikde barjak döwletleriniň döwlet adamlarynyň, alymlarynyň we tire-taýpa baştutanlarynyň adynyň yazygly bir namany hem berýärler. Istanbula gelmeginiň asyl sebabi şu: Şol döwürde Halyfalygyň merkezi ýagny Yslam dininiň merkezi Istanbul bolan ekeni. Döwletem bilşimiz ýaly Osmanly döwleti. Hempher deniziň üsti bilen Istanbula gidýär. Asyl wezipesiniň ýanynda türk dilinde suwara gürläp bilmek hem bar. Başga bir dili bilmek başga, şol dili ýerli halkyň gürleýşi ýaly gürläp bilmek bolsa başga bir zat. Ýerli halkyň özünden şübhe etmezligi üçin şol halkyň dilinde erkin we arkaýyn gürlemani hem başarmaly. Emma Hempheriň öž aýdyşyna görä ýerli halk bu barada kellelerine asly beýle pikir getirmezler diýýär. Sebabi Musulmanlar şübheli adamlar bolmaýar, olar alçak we göwni açyk, ak ýürekli adamlar diýip nygtaýar. Hempher öňem BB-de wagty hem biraz türk dilinde gürläp bilýär ekeni. Ep-esli syýahatdan soň Istanbula baran Hempher, öz adynyňam Muhammetdigini malim edýär. Özem metjitlere gatnamaga başlaýar. Metjitlere gatnap başlansoň şuňa göz ýetirýär: Musulmanlar tertipli, arassa, sylanyşykly we ak ýürekli ynsanlar. Şuňa göz ýetiren Hempher öz-özüne şu soragy berýär: “Biz bu bigünä adamlar bilen name üçin söweşýäris?! Mesih(Isa)imiz bize munymy emredipdi?!” Ýöne derrew bu düşünjeden ýüz dönderýär we öz asyl wezipesini iň oňat şekilde ýerine ýetirmelidigine karar berýär.

Köneler, hoshowaz tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir