Gyzymyň ,,Äber!“ diyip tutup duran gurjagyny görip meniň inim tikenekläp gitdi...
─Ýok, hon-ha! Seret, hol gurjak ullakan hem owadan ekeni, şony alaly, gyzym! Men gyzjagazymyň tutup duran gurjagyny satyn almag-a däl, hatda ony gyzymyň görüp durmagynam islämok. 
Ýöne nätjek çaga-çaga bolýa-da. Gyzjagazym kejirligine tutup, bir depen ýerini depip dur. Nätseňem, niýetinden dänerli däl.
Bolmady, ahyr şol gurjagy satyn almaly boldum. Gyzymyň elinden tutup öýe gaýdyşyma, gök gözli gurjagyň meni tisgindiren taryhyny biygtyýar jikme-jik aklymda aýladym, özümiň ho-ol ýyllaryň aňyrsyndan jyklap duran Sadap ejeli çagalyk döwrüm hakda ýatlajak boldum. Uly bir waka ýadyma düşenok, çala sudurly ýatlamalar. Men heniz mekdep ýaşyna ýetmänkäm ejem bilen kakam meni Sadap ejeme goýup işe giderdiler, menem Sadap ejeme uzakly gün uly iş bolardym. Ejem bilen kakamdan-a öler ýaly gorkardymam welin, Sadap ejemiň ýanynda baý betlik edendirin-ä. Kakam käteler içgili dagy geläýse-de, ejem meni Sadap ejemlere eltip gaýdardy. Özem ýol boýy kakama gargynyp gelýändir. “Kakaň ýene awulygyny içip gelipdir” diýip. Ýogsa kakam şeýdip gelende gaty şadyýandy. Ýöne ejemiň iňňirdisini eşideniňden, Sadap ejemlere gideniň kemem däldi. Şolar ýaly ýagdaýlarda men öz ýanymdan “Sadap eje, meň ejem bolaýmal-a” diýip pikirem ederdim, şonuň şeýle bolmanlygyna gynanardym. Ejemiň igenjeň, gaharjaň gylyklaryna öz gaharym gelerdi. Sadap ejemiň gujagynda men ençe gezekler rahat uklandyryn. Soň mekdebe gatnap başladym. Wagt geçip, meniň Sadap ejeme berkidilýän wagtymam gitdigiçe azaldy. Ulalamsoň, öz ,, Sadap eje „ diýip gujagynda ýatyp ýörenimiň, obaň telim oglanlaryny yzynda ser-sepil edip ýören uly gyzdygyna düşündim. Bir günem, meň üçinji synpa geçen ýylym, şol uly gyzy kejebeläp goňşy oba göçürdik. Dogrusy, şonda nämä gynanýanymam bilmän, gynandym. Ondan soň köp wagt geçdi. Men mekdebi gutardym. Sadap ejem bolsa şol ýyl gyşdan başlap atasy öýündedi. Ilki-ilkiler ,,Gezmäge geldi“ diýdiler, soň ,,şähere golaý bolansoň, bärde bejergi alýar“ diýdiler. Uzagyndan önelgesizligi sebäpli baran ýeri bilen oňuşmanlygy hakynda-da gürrüňlerem ýaýrap başlaberdi. Garaz gyşda gelen gelin, pasyl çalşansoňam öýüne gaýdanokdy.
Günlerde bir gün bolsa, ejem bir ýerlerden ýakymsyz habar tapyp geldi...
***
─Gyýw, goňşyň Sadap däliräpdir. Men Olla goňşy bilen gidip sorap gaýtjak häzir─ diýip, ejem hil-de bir buşluk habar ýaly edip dabara bilen aýdanda, dogrusy men-ä ynanmandym welin, kakamam gaty biperwaý kabul edipdi
─Al-aýt heleý, senem-ä! Gulagyňa çybyn girse, agzyňdan pil bolup çykaýmasy bardyr özi seň. How, o görgüliň däliremäge wagty bardyr öydýäňmi? Özi bir ärinden aýrylyp gelip, atasy öýünde oturan naçar görgüli...
─Gepem şonda bolsa bildiňmi, kakasy? Ol görgülini bi heleý sygdyrýan däldir...
─Bä-ä, indi Olla goňşyň ikiňizem oňa nebsiňiz agyryp, halyny soramaga barýaňyz-da onda?
─Hawa, näme gep gözläp barýandyr öýdýäňmi, toba!
─Hany aýt, näme diýip barjak şolara?
─Nirä?
─Kadyr golagyňka! ,,Sadap däliräpdir“ diýmediňmi ýaňy sen? Bärden baragetddin: ,,Gyzyňyz-a ýeldirgäpdir, sag-aman gutulsyn’“diýip bolmaz-a, heleý?! A-how muň ýalyda özleri şol dertlisinden zeýrenmese, sorap ýörseň, aýyp bolmazmy?
─Waý-eý, dädesi, ýaman ustawçyl bolduň-la meň başyma. Biz bir baryp geleli, Baranymyzda zeýrener ýörerler-dä, olaram.
Ejem howlukmaç çykyp gitdi. Kakamam öz aladasy bilen dümtünip ýör. Menem howludaky ýaňy pyntyk ýaryp başlan agaçlary pudamaga çykjakdym welin, halys elim işe barmady. Sadap ejem hakda ýaňky eşidenlerim böwrüme sanjy. Öz ýanymdan ,,bu habar bir ýalan bolaýady-da“ diýip oýlandym.
O barmana ejem geldi. Kakamyň gara görnümden uzap gaýdan dili, ejemi heniz agaç sekä ýetmänkä garşy aldy:
─Ýeri-ow, goňşysyny gaýgyrýan heleý, geldiňmi? Bi jana-jan goňşyň abat ekenmi özi?
─It iýsin-le şo goňşyňy, bizde kelle ýok, adam diýip, şoňam halyny soramaga baryas-a.
─Behh, ne beýle gyzyberdiň-le, keýwany?
─Gyzarsyň-da bolmanam, kowup diýen ýaly goýberseler? ,,Sadap jan ýaranokmyş diýip eşitdik” diýdik welin, ,,Näme bolupmyş oňa? Kim diýdi şony? Şu adamlara-da gybat gerek“ diýen bolup golagyň heleýi tasan bolýa gyz!
─Be-e, diýmek ýalan eken-dä?! Sen kimden eşdip ýörsüň asyl şo habary? Birhil-ä bolupdyr ol, dogurdanam
─Ýalan bormy gyz, ýalan bormy! Sadap zynjyrlaýmaly zyr däli aslynda, ilden gizlän bolýa enesi, eý waý-eý, aňryňdan Gün görinip dur welin, meň başyma arsyz boldular.
... Ejem dogry aýdýan eken, şondan soň geçse iki gün ýa geçdi, ýa geçmedi. Olla gelnejemiň kiçi gelni Altyn suw ýaly bäbejigini göterip köçä çykanda, Sadap ejem bir ýerlerden çykyp çagany hiç zatdan habarsyz gelniň elinden kakyp alypdyr. Altynyň jynssyz sesine menden başga-da ylgap baranlar az däldi. Biz baramyzda çaga eýýam Sadap ejemde ekeni, Altyn gelneje-de diş-dyrnak çagany ondan almaga çytraşýardy, özem uly ili bilen aglaýar. Sadap ejem bir eli bilen çagany bagryna basyp, bir eli bilenem oňa gaýtawul berýär, Şol barmana-da ol gatyrak itip goýberdi welin, Altyn gelneje tüwdürlip gitdi. Sadap ejem elindäki çagany bagryna basyp durşuna, daşyna gabsap duranlara howsalaly seretdi, daşyndakylaryň aljyraňňylygyndan peýdalanyp, çagany bagryna pugta gysdy. Soňam bäbejigi ogşap samrap başlady:
─Meňki! Meňki! Bermen! 
Ol birdenem ap-ak göwsüni çykaryp, ony çyrlap duran çagaň agzyna tutdy
─Emäý, balam, emäý!
Ol wagt meniň gözümeSadap ejäniň hassahanadaky näsaglaryňka meňzeş giň köýnegi, çekeleşeni zerarly ýüzüne dökülen saçy gaty gorkunç göründi. Ol birgeňsi heň bilen aglaýardy. Belki şondandyr, hiç kim oňa bir zat diýmäge-de, degmäge-de ýaýdandy. Kakamam meger şol pikir bilen:
─Siz ýuwaş boluň, çaga birzat edäýmesin─diýdi-de, özi Sadap ejeme tarap usullyjakdan ýöräp ugrady,
Sadap ejemem dädemden haraý isleýän ýaly:
─Meňki gerek, meň çagam-a şü? ─ diýip, agy gatyşykly ses bilen elewredi.
─Hawa, Sadap jan, seňki, seňki, hany indi çagaňy maňa-da görkez!
Geň ýeri, Sadap ejem kän çekişmezden çagany dädeme berdi, soňam birden yza tesdi-de, töweregindäkileriň niýetini aňan ýaly, eli bilen ýüzini penalady. 
─Çagam! Çagamy beriň! Meni urmaň!
Ol sözüni soňlaryna mähetdel, dogumly aýallaryň birküç sanysy oňa topuldy. Çagany sag-aman eline alansoň, Altyn gelnejemem zenanlaryň ilkinji ýaragyny haýbat bilen bulaýlap başlady:
─Ýerçeken, haram heleý, öziň-ä topugyňa gan degirmedik däli tula welin, iliň çagasyna nä göz dikip ýörsuň? Dertden gözüň açylmaz, bolmanam. Ilem gyz, däli- depegine-de eýe çykanok-da, hakyt! Köçede geçene ýapyşyp ýörjek bolsa, milisgä aýdyp ýygnadaýmaly bolar-a...
Aznawur ýaly aýallaryň ol-bi ýerinden burup, hötdesinden gelmekleri bilen, Sadap ejem usurgady. Her kim ýerli ýerden göwinlik berensoň, Altyn gelnejmem çyrlap duran çagasyny bagyrtlap, öýüne gaýtmak bilen boldy. Hemmämizem dargaşdyk.
Sadap ejemiň düşen halyndan indi hemmeler habarly. Obadaşlary çaga-çugalaryna içde-daşda göz gulak bolmasyny beketdiler. Garagolrak, kakabaşrak çagalary bolsa, “Gir öýe, hana Kadyr golagyň gyzy Sadap gelýär” diýip gorkuzardylar. Ýöne Sadap ejem hakynda ,, Ol pylan ýerde pylanyň çagasyna topulanmyş, oň hakyt çaga jyny düşipmiş“ diýen ýaly gürrüňler häli-şindi çykyp durdy. 
Ýöne näme, dertliň aňsyz bolsa, ony gözden sypdyrman saklamak kyn. Janly adam-da! Bir-de bolmasa, bir-de säwilik gidýär. Bir gezegem ýene bir goňşularymyzyň gyzjagazy gurjak oýnap otyrka Sadap ejeme duşaýmazmy?! Çagajygyň öz-ä gaçyp gutylýarýam welin, gurjak elinden gaçyp galýar. Galyň görgüli gurjak bilen oňsa, kaýyl-la! Şol gurjagam Sadap ejeme iş boldy. Ol şondan soň köşeşdi, çaga kowalamasynam goýdy. Gurjagyny hiç ýanyndan goýmady. Käbir dili ýeňilleriň içinde ol görgüliň adyny “Gurjakly däli” diýip tutýanlaram bardy.
Ol wakalardan kän wagt geçirmänem men Aşgabada okuwa gaýtdym, soň öz okan ýokary okuw jaýymda işe galdym, paýtagtdan öýlendim, maşgalaly, çagaly-çugaly boldum. Indi men oba-da gaty seýrek barýardym. Oba bir baranymda bolsa, Sadap ejemiň gaty ýarawsyz ýatanyny eşdip, ony soramaga bardym. Görgülijik, garrapdyr!. Kim geldi, näme üçin geldi?! Ol o zatlardan gapyl! Diňe:
─Wah, çagam ulalmady-da! ─diýip, şo-ol gurjagyny sypalap ýatyr. Menem derrew turup gitmegem gelşiksiz görüp, gelenime görä, içimi hümledibem bolsa az-owlak oturdym-da:
─Sag bol, Sadap eje! ─ diyip, ony iň soňky gezek görýänimi boýnuma alyp, bokurdagymy dolduryp, zordan gürledim.
Sadap ejemiň welin, azaryna-da däldi.
─Aýyplaşmaweri, indi munuň aňy hiç zat almaýar ─ diýip, Kadyr goňşyň körpe ogly meni oňaýsyzlykdan halas etjek boldy.
...Ol şondan soň uzak ýaşamandyr. Meniň göz öňümde bolsa, ony iň soňky görenimdäki görnüş mydamalyk galdy. Gök gözlüje gurjak hem ony sypalap ýatan Sadap ejem. Perzende ýüzi düşmedigem bolsa, men tarapdan juda islenen “Eje”...
Indem men edil şol gök gözli gurjak bilen edil bir almany ikä bölen ýaly meňzeş gurjajygy goltuklap barýan gyzymyň elinden tutup öýe barýan... 
─Kaka, gurjagyma näme at dakarys?
─Sadap dakarys, gyzym, Sadap...

Merdan Baýat.

https://ertir.net/modules/?path=blogs§ion=show&id=461

Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir