A.B.Ş- daky haýran galdyryjy düzgünler A.B.Ş-nyň käbir ştatlarynyň kanunlarynda entegem bar bolan we şol iş edilen ýagdaýynda jeza berilýän düzgünleri okanyňyzda olaryň dogrylygyndan şübhelenersiňiz. Emma hemmesi hakykat. Bu düzgünleriň hemmesi halkyň saýlan adamlary tarapyndan kabul edilip, kanun kitaplaryna girizilipdir. A.B.Ş-daky haýran galdyryjy düzgünleriň ştatlara görä bölünişi şeýleräk: A.B.Ş. gitjegiňiz bar bolsa kömegi deger diyip umyt edýän.. Alabama: • Jalbaryň yzky jübisinde buz gaýmak goýmak gadagan. • Anniston şäherçesiniň Noble köçesinde gök jynsy jalbar geýmek gadagan. • Jasper şäherçesinde bir adamyň başam barmagyndan ýogyn taýak bilen aýalyny urmagy gadagan. • Lee etrabrnda, Hoş güni günýaşandan soň pisse satmak gadagan. • Mobile şäherçesinde, zenanlara lak atmak gadagan. Alýaska: • Uçardakaň, keýigiň suratyny düşürmek gadagan. • Uklap ýatan aýyny surata almak maksady bilen oýarmak gadagan. • Keýigi uçup barýan uçardan zyňmak gadagan. • Faribanks şäherçesinde keýiklere spirtli içgi bermegiň jezasy türme. Arizona: • Bir kaktus kesseň, jezasy 25 ýyl türme. • Eşeklere wannada ýatmak gadagan • Gyzyl maska geýip işilenen jenaýat “agyr jenaýat” hasaplanylýar. • Haýden’de towşanlary we gurbagalary bimaza edenlere pul jezasy berilýär. • Mohawe etrabynda çorba ogurlap tutulanyň jezasy, çorbany kellesine guýmakdyr. Kaliforniýa: • Hiç bir motorly transport serişdesi, sürüjisi ýokka tizligini 75 km/sag- dan ýokary geçirip bilmez. • Arkdiýa şäherçesinde tawus guşlarynyň ýoldan arkaýyn geçmäge haky bar. • Baldwin seýilgähindäki howuzda welosiped sürmek gadagan. • Los-Anželos’da, adamsynyň aýalyny 5 sm-deen ýogyň kemer bilen urmasy gadagan. • San-Fransisko’daky Market köçesine pillere girmek gadagan. Illinois: • Ontario’da, şäherçä degişli ýerlerde horozlara gygyrmak gadagan. Kolorado: • Içgi satylýan ýerde azyk harytlarynyň satylmasy, azyk harytlarynyň satylýan ýerinde bolsa içgileriň satylmasy gadagan. • Denwer şäherçesinde, tozan sorujyňy goňşyňa ulanmaga bermek gadagan. Şol ýerde syçanlara hem erbet daramak gadagan. Konnektikut: • Welosipedde sagatda 90 km tizlikden gaty sürmek gadagan. • Nyu Briteyn şäherçesinde bir zat ýanýan hem bolsa, ýangyn söndüriji maşynlary 40 km/sag tizlikdeen gaty sürmesi gadagan. Florida: • Gözellik salonyna barýan zenanlaryň saç guradýarkalar uklamaklary gadagan. • Durmuşa çykmadyk zenanlara bazar güni paraşutly bökmek gadagan. • At ogurlamagyň jezasy ölüm. Georgiýa • Sud medisinasynda ýa – da jesediň ýanynda paýyş söz aýtmak gadagan. • Atlantada žirafany telefon diregine daňmak gadagan. • Garneswillede towugy diňe eliňiz bilen iýmeli. Wýoming • Oguz aýynda towşanyň suratyny almak gadagan. • Kheýenne şäherçesinde Hoş güni duşa girmek gadagan. Günorta Dakota • Akýagyzyň öýüne ýa – da mellegine bäşden köp garaýagyz gelen bolsa, olary öldürmäge haky bar. Çünki garaýagyz gozgalaň turuzdy diýlip hasap edilýär. • Welaýata degişli peýnir fabriklerinde ýatmak gadagan. Tehas • Başga biriniň sygrynyň süýdüni içmek gadagan. • Dik duran ýeriňde piwo içseň, diňe üç gezek ogurtlamaga hakyň bar. Dördünji ogurtlajak bolsaň hökman oturmaly. • Welaýatyň çäklerinde “Britanika Ensiklopediýasyny” ulanmak gadagan. Sebäbi içinde piwo ýasamaklygy öwredýän maglumatlar bar. • San – Antonioda sygyr ogrysynyň jezasy ogurlan ýerinde asmakdyr. Maryland • Ỳolbarsy kinoteatra äkitmek gadagan. • Okean Sitide suwa düşüp ýörkäň nahar iýmek gadagan. Missisipi • Dowar ogurlamagyň jezasy asylmakdyr. Montana • Ỳedi ýa – da ondan köp garaýagyzy birlikde görseňiz, ýaýdanman öldürip bilersiňiz. Kanun hem siziň tarapyňyzdadyr. • Bir zenanyň adamsyna degişli haty açmagy agyr jenaýat hasaplanýar. Nebraska • Çagalara kilisede gägirmek gadagan. • Bar eýelerinde çorba bolmasa, piwo satmak gadagan. • “Waterloo” şäherçesinde delleklere 0700 – 1900 aralarynda sogan iýmek gadagan. Newada • Size degişli ýerde itiňizi atan adamy şol ýerde asmaga hakyňyz bar. • Gara ýola düýeli çykmak gadagan. Demirgazyk Karolina • Pillere gowaça ekilen ýerlere girmek gadagan Ohio • Balyklary serhoş etmek gadagan. • Klinton etrabynda döwlete degişli bir bina ýaplanmak gadagan. • Pauldingde polisiýa itleriniň dişlemäge haky bar. • Strongwillede, Studs Trekeliň “Catch 22” atly kitabyny okamak gadagan. • Youngstownda ýolda maşynyňyzyň benzininiň gutarmagy gadagan. Jenaýat eden adam hökmünde hasaplanýarsyňyz. Oregon • Mekge konserwasyny diňe çeňňege dakmak üçin ulanyp bilersiňiz. • Salemde zenanlara göreş tutmak gadagan. Utah • Atyň üstünde balyk tutmak gadagan. • Nükleer ýarag almaga rugsat berilýär. Emma ulanmaga rugsat ýok. • Hemme gara ýollardan guşlar arkaýyn geçip bilýär. • 50 ýaşanyňdan soň ýegeniň bilen durmuş gurmaga rugsat berilýär. • Salt Zake Citide skripkaly torba göterip gezmek gadagan. Wirginiýa • Adamsyna sud binasynyň basgançaklarynda, aýalyny agşam sekizden öň urmak gadagan.

Köneler, usher tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir