Eziz milletim! Türkmenlere name üçin Beyik diyilipdirka, gelin hakykady bilelin! Kökümizin nirden gelip çykyandygy hakynda dünyanin in gadymy taryhy yazgylary bolan Hytay çeşmelerinden Oguzlar hakyndaky yazgylarynda ögrenip bileris. Gadymy Hytay taryhçylary Siyani (miladdan ön 145 – 87), Ban Gu (miladdan son 32 – 92) we Fan Ye (miladdan son 395 – 445) yazmagyna göra Oguz taryhy miladdan ön 12 asyra dayanyar. Yazgylara göra başdaky Türkmenler şu wagtky Mongolystanyn Gobi çölünin töwereklerinde kiçi bir topar halynda yaşapdyrlar. Toparyn başda hiç hili ady bolmandyr, yöne Hytay taryhy maglumatçylary ol topara Huuni adyny beripdirler (“Hu” diymek gadymy Hytayçada “Gara Çadyr” “Gara Öy” diymek). Bu at ol toparyn agzalaryna “Gara Öyde” yaşandyklary üçin berilipdir, yagny gadymy Hytayçadan terjime edilende “Huuni” diymek “Gara Öyli” diymekdir. Şeydip bizin ilkinji atalarymyz “Huuni” adyny alypdyrlar. Wagtyn geçmegi bilen, yagny miladdan ön 6 - 3 asyrlarda “Huuniler” topar yaşayyşdan çykyp, köperlip, millet halynda yaşamaga başlayarlar. Olara indi “Hun” diyip at goyulyar, yagny “Huunilerin dowamy” manysynda. Yenede Hytay taryhçylarynyn bellap geçmegine göra Hunlar öran edermen, söweşiji we mert bir halk bolupdyrlar. Olaryn “Tümen” adynda bir serkerdebaşy bolupdyr. Tümenin ölümünden son Hunlaryn başyna onun ogly Mete (Hytayça Mode) geçyar. Gadymy Hunlar totem dinine ynanyp, haywanlara tanry hökmünde hormat goyandyklary sebapli, Hunlaryn durmuşunda şu dört haywana sarpa goyulypdyr: 1) At 2) Bürgüt 3) Gurt (möjek) we 4) Öküz. Hunlaryn taze serkerdebaşy Mete Hanyn lakaby “Öküz” (Oguz) sözünden dörandir. Türkmen adynyn gelip çykyşy. Bilişimiz yaly Oguz (Mete) Hanyn 6 ogly we olardan bolan 24 aktygy bolupdyr. Oguz ilaty köpelyandigi we yolbaşçylyk wagtyn geçmegi bilen kynlaşmagy sebapli, Oguz Han yolbaşçylygy öz ogullarynyn arasynda bölmage karar berdi we olaryn her birine at bermeli hem boldy. Oguzlaryn durmuşynda iki sany söweş guralynyn öran wajyp yeri bolupdyr, bular: Ok we Yay! Oguzlar wagtyn geçmegi bilen bu iki söweş guralyny tagma hökmünde hem ulanypdyrlar. Şeylelik bilen Oguz Han bir sany altyn “Yay” we üç sany kümüş “Ok” yasadyp, alty oglune hem çagyryar, olara halky bölmek kararyny alandygyny yglan edip, üçüsüne üç sany kümüş “Ok” beryar we olara “Üçoklar” diyip at beryar. beyleki üç ogluna hem altyn “Yayy” üçe döwüp beryar we olara hem “Bozuklar” adyny beryar. Şeydip Oguz Hanyn ogullary Oguz iline yayrayarlar. “Bozuklar” Oguz ulusynyn içerki bölüminde yaşamaga başlanlary üçin olara “Içoguzlar” diyilyar, “Üçoklar” Oguz ulusynyn daşynda bolup, Oguz ulusyny daşardan gelen duşmandan gorandygy üçin olara “Daşoguz” diyilyar. Şunun bilen Oguzlaryn beyleki ady Ok-Yay bolyar. Gadymy Oguz dilinde “Ok” diymek “Tir” diymekdir we “Yay” hem “Keman” diymekdir. Oguzlara Ok-Yay diyilipdir, yagny “Tir – U – Keman” diyilipdir. Tir – U – Keman sözi Tirkeman sözüne yoyulypdyr. Yöne siz Tirkeman sözünin Türkmen sözi bilen name baglanyşygy bar diyip bilersiniz. Mesele şu: wagtyn geçmegi bilen gadymy Oguz dilindaki “i” harpy “ü” harpy şeklinde üytgemage başlayar. Muna mysal getirjek bolsak: yip – yüp, min – mün, miň – müň şeklinde yoyulypdyr, şeyle hem Tirkeman sözü Türkeman – Türkmen sözüne yoyulypdyr. Netije bilen Hunlaryn başy Oguz, Oguzlar hem Türkmen göteripdirler, yagny Hunlar – Türkmen diymage hiçzat bize pasgel bermeyar. Barybir “Hu” diymek “Gara Öy” we “Huuni” diymek hem “Gara Öyli” diymek manysyna gelyar, bugünem “Gara Öyün” Türkmen medeniyetinde uly yeri bar. Hunlar, Oguzlar yada Türkmenlerden beyleki halklar dörapdir: 1) Gyrgyzlar (gyrgyz sözi “gyrmak” sözünden gelip çykyar, yagny söweşiji, gyryjy halk manysynda) 2) Garagalpaklar (gyrgyzlaryn “gara galpak” “gara telpek” boyundan) 3) Gazaklar (gazak diymek gadymy Oguz dilinde “erkin” “azat” diymekdir. Gazaklar - Türkmen we Mongol gangoşulmasyndan döran halkdyr) 4) Özbekler (“öz beg” diymekdir, Türkmenlerin Pars halky bilen gangoşulmasyndan döran halkdyr) 5) Türkler ( gadymy Oguz dilinde “türük” döran manysyny beryar, yagny Türkmenlerden döran, göktürk we beylerki türk atlary şol döremeden gelyar, wagtyn geçmegi bilen türkler grek, arap, pars we başga birnaçe halk bilen gatnaşyk geçirip gangoşulma we üytgeşmeler bolupdyr) 6) We beyleki Altay, Gagoguz, Yakut, Çuwaş, Tuwa, Başgurt yaly Türkmenlerden döran halklary sanap bileris Görşüniz yaly Türkmen boylary kabir başga halklar bilen gangoşulmalar sebapli gadymy Türkmenlere mahsus bolan hasiyetlerini yitirip, başga halklaryn hasiyet, medeniyetinden uly möçberde tasir görüpdidler. Yene bir zady bellap geçmek menin borjum, bugün taze döredilen taryhy çeşmelerde Oguz halklarynyn dowamyna türkler diyilip ulanylyandygyna duş gelip bileris. Bu ulanylyan termin düybünden yalnyş, sebabi Hunlaryn özi Türkmen boluşy yaly, Türkmen adynyn türk adyndan ön dörandigi we türk adynyn hem gadymy Oguz dilinde “döran” manysynda, yagny “Türkmenden döran” manysynda ulanylandygyny yöne yere dal. Şonun üçin gazak türkleri, özbek türkleri, garagalpak türkleri diymek düybünden yalnyş we kabir syyasy bahbitler üçin üytgedilen atlardyr. Munyn in dogry ulanylyşy Gazak Türkmenleri, Garagalpak Türkmenleri, Gyrgyz Türkmenleri, Osmanly Türkmen Imperatorlygy şeklinde bolmalydyr!

Köneler, arassaTürkmen tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir