Aýdylmagyna görä, Amerikadan uçan 50-den gowrak adamly bir uçar ýitip, 37 ýyl soňra peýda bolupdyr. Bu waka Amerikan mediýasynda we Dünýäde gaty köp jedelleşildi.
Gardaşlarym bu waka açyk ýalandyr, we ýalandygyny hem internetde biraz gözleseňiz bilersiňiz. Eger beýle waka bolan bolsa hem has köp paýlaşylyp, gözlenip, telewideniýalara çykyp "viral" bolardy. Islendik bir uçaryň beýdip ýitip gitmesi beýle aňsat, diňe teoriýalara daýanýandyr öýtýäňizmi ? Eger bir uçar ýitse hemme ýurtda habar edilýär we muny belleýän ýagny hasaba alýan ýörite internet saýtlary bar. Ol saýtlarda iň soňky gezek uçar nirde boldy, nirä barýardy, ses zapislary, ýolagçylaryň atlary, pilodyň suratlary we iň soňky ýere degendäki elhenç sesleri we başgada ençeme zatlary bar. Ýagny saýtda hemme zatlary rapor edilýär. Bu saýtlaryň hiç birindede 37 ýyl soňra gonan uçar diýip ýok. Aslynda wakaň resmiligi ýok, resmi barlagy ýok, diňe teoriýasy bar. Ýagny bu meşhurlarşdyrylan gepden başga zat däl. Gardaşlarym şular ýaly "Bermuda üçbürçlygy" "Illuminati" "Poppy" "The Economist" we ş.m temalar hem şeýle zat. Hemmesem bilimden daşda bolan adamlaryň ynanýan teoriýasy.
"Hakykat elmydama gazanar..."

Sorag-jogap, Gutulmyş tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir