IDEALLIDER-iň toplan başga zatlary. +20(psihiki taýdan peslere okamak gadagan)

1. Öýde makaron bişirjek bolýan. Gaýnaýança ol jaýa geçip telewizor görjek bolup, gitmänkäm pişgime "Makaron gaýnasa maňa aýt" diýip kinomy görmäge gitdim. On minutdan soň bu pişigim gelip "Maw" diýdi. Baryp makarona seretdim. Gaýnapdyr. Inni bu pişigimden gorkýan.

2. Dostum daşary ýurda okamaga gidipdi. Öýi bolsa boş galdy. Maşgalasy ýok ýaş oglandy. Kämahal öýlerine aýlanyp agşam ýatyp gaýtmagy haýşt edipdi. Bir gezegem men dostumuň öýüne bardym. Ýeke özüm, hiçkim ýok. Agşam uklajak bolanymda gapy kakyldy. Daşky gapydäl, öýüň içindäki gapy. Men daşky gapyny gulpladym ahyry. Ol tyrkylda üns bermedim. Emma tyrkyldy 2 minutdagy dowam etdi. Gapyny açmadym, golaýlamadym. Men dem almagada gorkup hiçzat etmän gorkup ýatypdyryn. Ertesi oýandym, öýi aýlandym. Hiçkim ýok. Internedi dördüm we "Öýüň eýesiniň rugsady bolmasa käbir jynlar öýe girip bilenok" diýen ýazga duşdum.

3. Göz öňüňize getiriň, 8 san. Bu sifri gapdallygyna ýatyrsak biz "hiç gutarmaýan zadyň belgisini alars. Köp milletleriň taryhynda "şu belgi bilen döredilen zat hiç gutarmaz" diýilen yryma ynanýarlar.

4. Russiýa döwletiniň käbir duralgalarynda hakykatdanam "Öz ruhumy satýaryn. Million dollar" diýilip ýazylgy we telefon nomerli habarlara duşmak bolýar. Hakykatdan barlanylyp görüleninde hakykatdanam ruhyny satmaga razy adamlaryň barlygy anyklanyldy. Olar näsag we däli däl. Sagat adamlar. Köpüsi pul ýetmezçiligi sebäpli, köpüsi bolsa ýakynlaryny meselelerden halas etmek üçin şeýle hereket edýän ekenler.

5. Belkem kän üns berýändändälsiňiz, emma köplenç it-güjükler, pişikler ýa-da başga jandarlar boş, hiç-zat ýok ýere stena, pataloga seredýärler. Nämçündir öýdýäňiz? Aýtmyşlaryna görä jandaryň gözi we duýgurlygy adamyňky bilen deň däl. Şol sebäpli olar başga zatlary, ruhlary, jynlary ýada üýtgeşik zatlary görýärler we şolara aňkarýarlar. A biz bolsa boş ýere seredýär diýip düşünýäs.

Halk arasyndan we internetden toplan: IDEALLIDER.

Täzelikler, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir