Garyn doly doýanok,
IMO geleni bäri.
Girmesek erk goýanok,
IMO geleni bäri.
Öñler eşik geýerdik,
Ondan artsa iýerdik,
Indi şolaram goýduk,
IMO geleni bäri.
Gije görülenok düýş,
Irden ýuwulanok diş,
Ýatdan çykyp barýar iş,
IMO geleni bäri.
IMO girýä aýaly,
Köp zatlarda hyýaly,
Naharsyz otyr äri,
IMO geleni bäri.
Öñler teññe oýnardyk,
Öñler leññe oýnardyk,
Olardan dawno ardyk,
IMO geleni bäri.
Bolduk köp zatlañ şaýady,
Tanaldy köpleñ ady,
Indi TMCell baýady,
IMO geleni bäri.
Kellesi göçdi Aýnañ,
Diýenin etmän enäñ,
"Öñler gyzdy, boldy san"
IMO geleni bäri.
Ýöne gowy ýeri kän,
Ulanyp bilse ynsan,
Mysal meni: tanan kän,
IMO geleni bäri.
Özüñe bagly zatdyr,
Çykarsak netijäni,
Kim beýgeldi, Kim ýatdy,
IMO geleni bäri.
Sen özüñi unudyp,
IMO atma günäni.
Biz dünýäni tanadyk,
IMO geleni bäri.
#anonim
*Dogrusy men:ä IMO-ny halamok belki halaýan agzalarymyz bardyr. Eger IMO-ny halasañyz (+). Halamasañyz (++)
31.03.2021ý 10:26
IMO Geleni bäri #Degişme boşgy #anonim
-
Perhat Sabirovv
2 weeks ago
- Beýle diýseñ hem bolar uýam
-
Xyivenia
2 weeks ago
- Hakyky sol boldy yone dine talyplary oylayan
-
Xyivenia
2 weeks ago
- Mugallym aydysy yaly kesel boldum oytyan internet keseli :))))
-
kondidant_98
2 weeks ago
- ay indi kan moda dal imo, indi instagram VPN tapsak
-
LÄLEJIK_GYZ
2 weeks ago
- her zat tapýaňyzeý perhat
-
Perhat Sabirovv
2 weeks ago
- Internet kesilen wagty Talyplar-y oýlara wagt bolan däldirow
-
Perhat Sabirovv
2 weeks ago
- Arañyzda SnapChat-a girýäniñiz barmy?! Men SnapChat-a Registrasiýa boljak bolýan welin bolonok nähili VPN ulansam hem
-
kondidant_98
2 weeks ago
- samsungmy?
-
Xyivenia
2 weeks ago
- Wah her wagt barlap durduma islayami yok diyip Perhat aga
-
Perhat Sabirovv
2 weeks ago
- Howwa Samsung
-
kondidant_98
2 weeks ago
- online vpn gor shony!
-
Perhat Sabirovv
2 weeks ago
- Barlap göreýin hany
-
Wrestling
2 weeks ago
- Edil men barada yazylypdyr.+++
İmony halaýan +
Snapchata menem regs bolup bilmedim düýn. Online vpn işlanok
-
Nätänyş adam
2 weeks ago
- +
+
+
+
+
-
yekejam.
2 weeks ago
- Bosgy dal gosgy bolmaly
-
Perhat Sabirovv
2 weeks ago
- :))))
-
Xyivenia
2 weeks ago
- Uns bermandirin @yekejam indi gordum menem
Xyivenia 2 weeks ago- ++
Men talyplar.com gelenden bari diysem nali bolarka