*Pişigime seredip "mýau" diýdim. Uzak wagtlap dalbaýoba sereden ýaly seredip durdy. Olaryň dilinde bolgusyz bir zat samradym öýtýän.

*Gaty erbet ýagday seni gowy görýän adamy ogşap bilmeseñ hatda ýañagyndanam ogşap bilmeseñ gaty erbet, sebäbi ol seniñ özüñ.

*Gyzlar! Öyde oturan ýeriñizden dieta saklaman, zanimatsiya etmän horlanmak isleýäñizmi? Elbetde isleýärsiñiz emma gynansagam bolanokda şol.

*Iki sany däli bir ýerde otyr ekenler. Onsoñ bularyñ biri birden ýerinden turup ýöräp başlapdyr we oturan däli hem:
- Nirää?
Beýlekisi hem:
- Seni gözlemäne.
Otyran däli hem:
- Hää bolýa çalt gel onda men saña bärde garaşjak.

*Haram baýlyk gözüňizi gapmasyn,
Açylan gülüňiz hiç kese çapmasyn.
Goraň siz türkmeniň namys gupbasyn,
Goý, Guwansyn size, Zamana,gyzlar!

*Al-asmanda uçup barýan ýolagçy uçar birden başaşak uçup ugraýar. Uçarbelet howsala düşýän ýolagçylary köşeşdirýär:
- Haýyş edýän, aljyraññylyga düşmäñ! Häzir uçarmanymyz burna damdyrylýan dermanyny damdyryp bolar welin, uçary beýleligine öwrüp sürer.

*Gazetde ýazylypdyr: Içmek, Çekmek zyýan. Onsoñ men hem taşladym.
- Haýsyny taşladyň, içmegimi çekmegimi?
- Gazet okamagy taşladym!

*Biri pikirlenip otyrmyş. Onsoñ 40-njy gezek pikirleninde hezil edip gülüpdir.
Onsoñ dosty hem:
- Nämä gülýäň - diýse
- "Muna öňem pikirlenen ekenim" diýipdir.

*Täjikistandaky heläkçilikde 300 müň täjik öldi. Onsoñ Amerika pul iberdi, Germaniýa pradukta, Russiýa bolsa 300 müň täjik iberdi.

*Puly bolan - bazardan, Imany bolan - mazardan gorkmaz.

Toplap taýýarlan - Perhat Sabirovv
Eger mowzuk göwnüñize ýarasa (+) bilen goldap kuwwatlamagyñyzy soraýaryn. Halamasañyz (-)
28.03.2021ý 00:22

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir