Söhbet Döwletow ,,Gelmesin indi''

Diýdiler: Söýmegin biwepa ýary,
Başarmany ýene söýdüm nadany,
Unutdy berilen söz hem wadany,
Ady dur ýürekde, gelmesin indi.

Wagtynda hiç göwni ýetmezdi maňa,
Ýa azlyk etdimi, söýenim saňa,
Oturardyk, ýatman garaşyp daňa,
Onsuz günem geçer, gelmesin indi.

Söýmedim hiç zadyn, söýdüm özüni,
Kem etmedim mähir, söýgi sözüni,
Söýýädim onuň wah, ulygözüni,
Namardym hiç haçan gelmesin indi.

Ýigrenip, söýýänmi bilemok özüm,
Garaşardym her gün ýoldady gözüm,
Ýetik oňa şuwagt, bir söýgi sözüm,
Şol sözüm zaýadyr, gelmesin indi.

Ondanam başga-da söýjek kän meni,
Hiç ýatdan çykarman, edil şol güni,
Tapsyn özi ýaly baýlary, deňi,
Bilsin, men ýokduryn, gelmesin indi.

Awtory: Söhbet Döwletow.

goshgy duzdurmek isleyan men bn habarlashsyn

Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir