Salam www.talyplar.com-yñ gadyrly agzalary. Agşamyñyz haýyrly bolsun.
Mowzuga başlamakdan öñürti saýtymyzyñ aktiw agzasy ýagny dostumyñ Arslanyñ doglan güni. Arslanjan uzak ýaşa dost, elmydama görjegiñ gowluk bolsun kän söze baý däldigim üçin soñlaýan dost

Hany indi mowzuga
*Söygülim, meni taşlap hiç yere gitme, sen ýok wagtyñ 1 minudym 60 sekunt yaly geçyär.

*Bir gyza IMO-da näme isleyañ diýip ýazdym welin yz ýany jogap geldi:
- Briliant yüzük, ökjeli köwüş eýle beýle...
Soñ bir seretsem näme isleyañ-de s harpyñ yzyna h harpy goýmandyryn.
 
*Ýañy ýatyp galypdyryn. Soñ düýşümde dosdum karz pul sorady. Bermejek bolup turdym. Indem bütin gije yatuw yok.

*Telefonumyñ zarýady 1% bolanda, ony zarýada goýanymda, özümi öljek bolup duran adamy hassahana ýetişdiren ýaly duýýan.

*Bir düýäň doglan güni bolypdyr. Onda hemme düýeler tans oýnap ýör, bir wagtdan gapy kakylýar, çyksa hiçkim ýok. Ýene kakylýar, çykýar hiçkim ýok aşak seretse bir alaka:
- Weçiriňize gyzlar hem geldimaý.

*Iki sany mugallyma derdinişýärler:
- Maňa şeýle bir tupoý synp düşüpdir. Teoremany bir gezek düşündirdim düşünenoklar, iki gezek düşündirdim düşünenoklar, üçinji gezek düşündirdim welin özüm düşündim, a olar şonda-da düşünmediler.

*Palçy:
- Siziň ýagty geljegiňiz, Ýokary wezipe, Gyzyl maşyn we merdiwandan çalt ýokary galýarsyňyz.
- Bilýän, men ýangyn söndüriji.

*- Näme üçin postda Polisiýaň ýanyndan ýuwaşlyk bilen geçmeli?!
- Sebäbi Polisiýalar çaga ýaly, birden köçä tarap ylgamaklary mümkin.

* - Men ýuwýan, ýygnaýan, nahar taýýarlaýan, ütükleýän, men özümi edil Zoluşka ýaly duýýaryn.
- Ezizim men saňa aýtdyma meň bilen durmuşyň edil ertekidäki ýaly bolar diýip.

*Biri soraýar sen ulalsaň haýsy instituta girjek? - DPÝÝ
- Ol nähili ýer?
- Dädemiň puly ýeten ýerine.

Toplap taýýarlan - Perhat Sabirovv
Eger mowzuk göwnüñize ýarasa (+) bilen goldap kuwwatlamagyñyzy soraýaryn. Halamasañyz (-)
14.03.2021ý 00:20

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir