GYSSAGLY HABAR: Maşgala oňşuksyzlygy sebäpli saýatly ýaş zenan oda ýanyp ýogaldy

Saýat etrabynyň Jeňňel geňeşliginiň Bereketli obasynyň ýaşaýjysy 31 ýaşly Ykbal Jümmiýewa 3-nji martda sagat 19:00 töweregi howlusyndaky hammamyň içinde, ýeke wagty, oda ýanyp ýogaldy. Bu waka barada bize öz atlarynyň aýan edilmegini islemedik Ykbalyň obadaşlary habar berdi.

Obadaşlarynyň pikirlerine görä, orta gurpda ýaşan Ykbalyň öz janyna kast eden bolmagy mümkin. Sebäbi onuň bilen adamsynyň arasynda maşgala oňşuksyzlygy dowamly wagt orun alan. Hususy tertipde gurluşyk ussaçylygy bilen meşgullanýan maşgalabaşy bolan 39 ýaşly Atamyrat Egemberdiýewiň spirtli içgilere ýykgyn etmegi zerarly ýaş zenan ozal oba ýaşulylaryna hem ýüz tutan.

“Ykbalyň öýünde günde dawa-jenjeldi. Ýuwaş häsiýetli adamsy Atamyrat dogumlylygy bilen obada belli bolan Ykbaldan basylýardy. Ol zyýanly endikden daşlaşmagyň ýerine, özüniň içki düýgularyny şeraply çüýşede gark etmäge çalyşýardy, soňky wagtlar gazanjyny öýüne getirmeýärdi. Oba ýaşulylarynyň we hökümet adamlarynyň Ykbala we Atamyrada edýän ündewleri hem netijesiz boldy.” – diýip, merhumyň ýakyn goňşysy gürrüň berdi.

Maşgala oňşuksyzlygy sebäpli, Ykbal birnäçe gezek ata-enesiniň öýüne gidipdir we her gezek adamsynyň wada bermegi bilen ýene-de gaýdyp gelipdir. Soňky gezek 2021-nji ýylyň fewral aýynyň ahyrynda bu ýaş zenan çagalary bilen ata öýünden ýaşaýan salgysyna dolanypdyr.

Merhumyň ýas sadakalaryny dogduk obasy bolan Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginde kakasy Suwhan Jümmiýew berýär.

Ýaş zenanyň ýogalmagy bilen bagly Saýat etrap prokuraturasy deslapky derňewi alyp barýar. Netijeleri barada okujylarymyza goşmaça habar bereris.



Makalanyň awtory: Hajybeg

Makalanyň çeşmesi: https://telegra.ph/GYSSAGLY-HABAR-Ma%C5%9Fgala-o%C5%88%C5%9Fuksyzlygy-seb%C3%A4pli-sa%C3%BDatly-%C3%BDa%C5%9F-zenan-oda-%C3%BDanyp-%C3%BDogaldy-03-07

Täzelikler, Merdan1981 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir