Mysal üçin. Köp duş gelinýändir. Çagalary bolmaýan maşgalalary. Onsaň olar çäräni çagalyk almakdan tapýalar. Bir gezek şeýle waka eştdipdim. Bir maşgalaň çagasy bolmansoň obaň köp çagalasyndan bir gyzjagazy gyzlyga alýarlar. Ol gyz ulalýar, okaýar . Ýöne oňa hiç hili hiç zady maşgalasy aýtmaýar. Soñra durmuşa çykjak bolanda, nika gyýylanda kakasynyň adyny aýdanda obaň bir mollasy: "Onuň kakasy ol däl. Onuň kakasy oban gaýrasyndaky Meret paltaçy" diýýär. Gyz muny eştdip, özünden gitýär. Özüne gelenden soňam, ýerinden turyp gidip nikany pozýar.
Muňa siziň garaýşyňyz nähili? Sizem eger şular ýaly durmuşdaky geň wakalary bilýän bolsaňyz aýdyp bilersiňiz. Ol hakda oýlanaýlyň?

Sorag-jogap, Nätänyş adam tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir