Sadalykdan dogan kämillikdiň sen,
Dünýä içre täsin dünýädiň örän.
Seniň yhlas siňdiren güýzüň geldi,
Sen bolsa ýatyrsyň bu keşbi görmän.

Biz güýzi küýsedik basym-basymdan,
Onda Gurbannazar ýaşaýar diýip,
Sary ýapraklardan seni soradyk,
Poeziýan şolardan başlanýar diýip.

Poeziýaň gymmaty sözde ölçenmez,
"Ýer gögüň arasy" oň üçin darlyk.
"Ynam" bilen biza goýan "serpaýyň".
Şalaryň elinden gelmejek baýlyk.

Türkmen sährasyna güýz gelen çagy
Waspyňy ýetirýän sözlerim bilen.
Ýalňyz hemsyrdaşyň sary güýz ýaly,
Sadalykdan dogan kämillikdiň sen.

Isa Hojamerdanow

Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir