Düýn agşam @yekejam agza gowy mowzuk açypdy, gowy gürrüňler edildi. @yashalym agzada şeýle sorag berdi, adamyň gowulygy söýmesi/söýüşmesi bilen ölçelermi? agşamdan bäri şu pikir meň kellämde, indi menem şu soraga öz garaýşymy aýdasym gelýä. Adamyň gowulygy oň söýmesi ýa-da süýüşmesi bilen ölçelmez diýesim gelýä, ýagny oň näçe adam bilen söýüşenine ýa-da söýenine bagly bolaýmasa, ýöne ýekeje gezek ýalňyşan adama erbet diýip bolmaz sebäbi, körem hasasyny bir gezek aldyrar diýen nakyl bar, ynsanam 1 gezek ýalňyşyp biler we şol ýalňyşyndan netije çykaryp bilse ana şonda ol gowy adam boldygy, eger şol 1-nji ýalňyşyndan özüne sapak alarlyk netije çykaryp bilmese onnaň şol adama erbet diýip garap bolar. Aslynda söýgi diýilýän zat kimi üçin ýalan, kimi üçin çyn, kimi üçinem geldi-geçdi oýun.
Şu mowzukda ýene bir soragy ýüze çykaryp, özüm şonam jogaplasym geldi. Hakyky erkek diýip kime diýilýä?
Hakyky erkek diýip meň pikirmçe, diňe ýekeje gyzy söýüp, wagty gelende şol gyzy özüne gelinlik edip alan oglana hakyky erkek diýilýä! Bular ýaly oglan aslynda kän ýogam iki-ýeke bar bolaýmasa, durmuşda şular ýaly oglanlarada gabat geldim, naprimer öz goňşymyzyň ogly öz klasdaş gyzyny söýdi hemem gullukdan gelensoň ol gyzy aldy, şu wagt gülýaly ýaşaşyp ýörler, öwün gyzjagazlary boldy, tüweleme gözüm degmesin, ýöne goňşylaryňam bu söýüşip alypdyr diýen mesele her hili garany boldy, kim erbet garady kim gowy, ýöne men erbet garanlara şeýle diýesim geldi, zato gyz söýenine oglanam söýenini aldy diýesim geldi. Gelinejäň birem, "Hakyky erkek diýip şular ýaly oglana diýilýä" diýdi...
Adamyň gowulygy söýmesi/söýüşmesi bilen ölçelermi?
-
Xyivenia
3 days ago
- Erkek diyenin solar yaly bolmaly eger oynap wagtlyk soyusyan bolsa bir wagt sonun gyz doganyna yada oz gyzy bolar solaryn basyna solar yaly yagday dusse ozune nali deger
-
Tiko
3 days ago
- Hakyky gyz hakyndada öz garaýşyňyzy ýazaýsaňyz gowy bolardy kyn bolmasa
-
Xyivenia
3 days ago
- Gyzlarda hem bar solar yaly terbiye gormedikleri barybir basy bir dasa baryp degyanca dusunmeya nace dusundirsen hem :((
-
yekejam.
3 days ago
- Bir wagtlar oglanlar gyzy oynayady,sôysup taslap gityadi.A hazirki wagtda bu tersine gyzlar oglanlary oynaya
-
Arzuwum
3 days ago
- Tiko, hökman ýazaryn, elim degen wagty, işim köp bolmasa şu gün giçlik ýazyp goýaryn
-
yashalym
3 days ago
- Sensiz soyenim yurek hich gysmasyn, Sensiz bu yurek hich aglamasyn, @Shahyrana aydar sensiz durmush bolmasyn, Sana zar gozlemden yash akmasyn. Seni hich kim men yaly soyyan daldir, Sen yshkynda men yaly koyyan daldir, Sana bolan soygum pakdir, Dunyade men yaly soyyan yokdur... @Shahyrana
-
Nirvana
3 days ago
- Adamyň gowulygy oň söýmesi ýa-da süýüşmesi bilen ölçelmez diýesim gelýä, ýagny oň näçe adam bilen söýüşenine ýa-da söýenine bagly bolaýmasa
Adamyñ gowulygy söýmesi we söýüşmesi bilen ölçelmez diyipsiñiz ýöne teswiriñizde barybir näçe adam bilen söýüşenine ýa-da söýenine bagly bolaýmasa diýmek bilen söýgi bilen ölçäpsiñiz...
Xyivenia 3 days ago- Bizinem Muhammat Temirov gonsymyz sol hem oz halasyan gyzyny aldy bagtly durmusda yasap yor goz degmesin